Önümçiligiň we telekeçiligiň ösmegine pul-karz ulgamy uly täsir edýär. O1 ýurtda pul aýlanyşygyny guramagyň görnüşi bolup çykyş edýär. Pul ulgamynyňiň möhüm düzüm böleklerine aşakdakylar degişli:

1) milli pul birligi – onda harytlaryň we hyzmatlaryň nyrhlary aňladylýar. Türkmenistanda 1993-nji ýylyň 1-nji noýabryndan mili pul birligi hökmünde manat dolanyşyga girizildi. 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan bolsa manadyň denominasiýasy, ýagny onuň nominal hümmetiniň üýtgedilmegi geçirildi. Şonuň netijesinde milli pul birliginiň narisatel hümmeti güýçlendi, töleg dolanyşygy ýeňilleşdi;

2) kanunçylyga laýyklykda nagt dolanyşykda töleg serişdesi bolup hyzmat edýän kagyz pullaryň we şaýy pullaryň ulgamy,

3) pul emissiýasynyň ulgamy, ýagny puly aýlanyşyga göýbermegiň kanunçylyk bilen berkidilen tertibi;

4) pul aýlanyşygyna dahylly meseleleri alyp barýan döwlet edaralary.

Pul aýlanyşygy ulgamynyň iki sany esasy kysymy bar:

metal pullaryň aýlanyşyk ulgamy;karz pullaryň we kagyz pullaryň aýlanyş ulgamy.

Bazar ykdysadyýetine geçilýän şertlerde karzlaşdyrmak uly ähmiýete eýe bolýar, sebäbi edara-kärhanalar, guramalar, firmalar, telekeçiler we şahsy taraplar dürli amallary ýerine ýetirmek üçin banklar bilen aragatnaşykda bolýar. Türkmenistanyň kada-kanunlaryna laýyklykda banklar wagtlaýyn ulanylmaýan (boş) pul serişdelerini belli maksatlara niýetlenen, anyk möhlete, karzy yzyna göterim bilen gaýtarmak we üpjünçilik şerti bilen mätäç bolan müşderilere ulanmaga berýärler. Ykdysady edebiýatda şol pul serişdelerine karz (ssuda) diýilýär.

Karz diýen söz latyn sözinden terjime edilende «ynanç» diýen manyny aňladýar. Şol sebäpli bankyň esasy ýerine ýetirýän wezipesi karz (ssuda), ýagny wagtlaýyn boş pul serişdelerini jemlemek we ony isleg bildirýän ynamly, abraýly ýuridiki we fiziki taraplaryna karz ýörelgeleri esasynda peýda alynýar.  Häzirki zaman bazar ykdysadyýetinde karz düşünjesi puluň telekeçilere yzyna gaýtaryp bermek, peýdalanylandygy üçin karz alyjy tarapyndan karzlaşdyryja göterim tölemek şerti bilen bellibir möhletli hereketine düşünilýär. Bazar hojalygynda karzyň görnüşleri dürli-dürlüdir.

Täjirçilik karzy — kärhanalar, birleşikler we beýleki hojalyk subýektleri tarapyndan biri-birlerine haryt görnüşinde gaýra süýşürmek arkaly berilýär.

Bank karzy — maliýe-karz edaralary (banklar, gaznalar, assosiasiýalar) tarapyndan islendik hojalyk subýektlerine pul serişdeleri berilýär.

Sarp ediş karzy — fiziki şahslara bellibir möhlet bilen uzak wagtlap ulanylýan sarp ediş harytlaryny satyn almak üçin pul serişdeleri berilýär.

Ipoteka karzy – gozgalmaýan emlägi girewe goýmak arkaly uzak möhletli ulanylmaga pul serişdeleri berilýär.

Döwlet karzy — döwlet pul serişdeleriniň karz berijisi bolup, ilat ýa-da hususy telekeçiler bolsa karz alyjy bolup çykyş edýän mahalyndaky karz gatnaşyklarynyň ulgamy.

Halkara karzy – pul serişdeler dürli ýurtlaryň halkara maliýe-pul gatnaşyklary ýaýrawyndaky hereketini gurşap alýar. Şonda karz berijiler we karz alyjylar bolup, banklar, hususy kärhanalar, döwlet, halkara guramalary we ş.m. çykyş edýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 11-nji synplar üçin “Ykdysadyýetiň esaslary” dersi boýunça okuw kitaby

Bilim, bank tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir