Başa-baş söweş boýunça Irland sportsmeni Konor Makgregor UFS-246 turnirinde amerikaly Donald Serrony 40 sekuntda nakaunta gidermegi başardy. Bu çäre şu gün irden (18.01.2020) Las Wegasdaky T-Mobile arenasynda geçirildi.
Konor Makgregor ýaryşyň ilkinji pursadyndan hüjüme geçdi we oňa Donald Serrony nakauda gidermek we özüne goýlan gonorary gazanmak üçin 40 sekunt ýeterlik boldy. Makgregor üçin bu onuň karýerasynda 4 sany ýeňlişden we 22-nji ýeňişi boldy. Bu ýaryş Makgregoryň 2018-nji ýylyň oktýabrynda H.Nurmagomedow bilen bolan duşuşygyndan soňky 15 aýyň içinde ilkinji çykyşydyr. D.Serron üçin bu 14-nji ýeňlişi we 36 ýeňişi boldy.
Çeşme: Türkmenportal.com

Sport, htkursant tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir