Sanly ykdysadyýete geçmek, raýatlarymyz üçin sanly hyzmatlary hödürlemek, bar bolan hyzmatlary has-da kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzyň edaradyr-kärhanalary tarapyndan uly işler alnyp barylýar.

Şeýle hyzmatlaryň biri hem, “Halkbank” döwlet täjirçilik banky tarapyndan ýurdumyzyň raýatlary üçin hödürlenen “Talyp tölegi” atly täze sanly hyzmaty.

 

“Talyp tölegi” hyzmaty näme?

Bu hyzmat arkaly ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta okuw jaýlarynda tölegli esasda okaýan talyplaryň okuw töleglerini internet arkaly hakyky wagt tertibinde (“onlaýn” usulda) amala aşyryp bolýar.

“Talyp tölegi” hyzmaty kimler üçin niýetlenen?

Tölegli esasda okaýan ýokary we ýörite orta okuw jaýlarynyň talyplary üçin.

“Talyp tölegi” hyzmatyndan nädip peýdalanyp bolar?

Talyplar öz okaýan bilim jaýynyň okuw bölümine ýüz tutup, bank tarapyndan berlen ulgama giriş üçin belgini (“login”) alyp bilerler. Belginiň kömegi bilen “Talyp tölegi” ulgamyna girip, okuw üçin tölegi geçirip bolýar.

Ulgama “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň resmi web saýtynyň üsti bilen ýa-da “Talyp tölegi” atly ykjam (mobil) programma üpjünçiligi arkaly girmek bolar.

Okuw tölegi üçin zerur bolan bank karty talybyň özünde bolmadyk ýagdaýynda, başga biriniň kartyny ulanmak bolarmy?

Özara ylalaşyk esasynda bolar. Tölegi islendik adamyň bank kartyndan geçirmek mümkin. Mysal üçin, talybyň ene-atasynyň, dogan-garyndaşynyň, dostunyň karty.

“Talyp tölegi” hyzmaty töleglimi?

Ýok, bu hyzmat tölegsiz. Şeýle hem, töleg geçirilende hyzmat üçin komissiýa tölegleri alynmaýar.

Hyzmatdan peýdalanmak üçin bank kartyna bolan talaplar

“SMS habar” hyzmatynyň birikdirilen bolmagy we CVC kodunyň bolmagy.

Bu hyzmat arkaly tölegiň geçendigi barada tassyknamany nädip almaly?

Töleg geçen ýagdaýynda ýokary okuw jaýyna awtomatiki usulda habar berilýär hem-de ulgamyň içinde töleg geçendigi barada resminamalary çap etmek mümkinçiligi döredilen.

Hyzmatyň amatly taraplary

Banka baryp, nobata durmak zerurlygynyň aradan aýrylmagyWagtyň tygşytlanmagyGünüň islendik wagtynda, oturan ýeriňden, internete birikdirilen kompýuter ýa-da ykjam enjamyndan gije-gündiziň dowamynda “onlaýn” usulda tölegi amala aşyrmak mümkinçiliginiň bolmagyTölegi bölekleýin geçirmek mümkinçiliginiň bolmagyTöleg geçirilende komissiýa tölegleriniň ýokdugyTiz, ygtybarly we amatly




çeşmesi: https://halkbank.gov.tm

Täzelikler, bank tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir