Üçinji kursda önümçilik tejribeligini geçmek üçin obamyzyň Daýhanbankyna ugradyldym, işe başlanymdan birnäçe gün soň işgärler bölümine bir gyz işe kabul edildi. Bu gyzy men tanaýadym, öň bir oglan bilen halaşýardy, obada tanalýan oglanlardan biridi. Ýokary okuw jaýlarynyň birinde okaýarka aradan çykdy. Gyz ýüregine ýakyn alyp birnäçe aýlap keselläp ýatýar, işlese köpçülige garyşar, ýadyndan çykar, ýatlamaga wagty hem bolmaz diýen maksat bilen işe ýerleşdirýärler. Obanyň hemme ýaşlarynyň hem ýaşulylarynyň diline düşýar, her hili gybatlar, gep-gürrüňler ýaýraýar. Men bolsa bular bilen ylalaşamokdym. Meselä realny seretseň oglan gyzy aldap taşlamady, muňa gyz günäkär däl, bu ýagdaý her bir adamyň durmuşynda duş gelmegi mümkin. Öňümde maksat goýdum men şu gyza täze durmuşy açyp görkezerin, durmuşyň gyzykly günleriniň bardygyny subut ederin. kem-kemden gatnaşygymyz gowlaşyp başlady köp wagt geçmän razylygyny aldym. Her gije ýatmankam ertir näme edenimde has gowy bolar diýip pikirlenýän. günde üýtgeşik täzelikleri tapmaga çalyşýan, zyýarata, piknige, doglan günlere, baýramçylyklara köplenç bile giderdik. Garyndaşlardan birnäçesi garşy çykdylar, olaryň hemmesi hem şol geçmişini ýatladýarlar, kä halatlarda özleri bilen sögüşmäge mejbur edýärdiler, eger şol ýagdaý siziň gyzlaryňyzda ýa-da aýal doganyňyzda bolan bolsa siz näme ederdiňiz diýip garşylyk görkezýärdim. Gyzyň bu geplerden habarsyz bolmagyna çalyşýan. Okuwyň bäş ýyllyk bolmagy we 2 ýyl önümçilik tejribeligiň ýatyrylmagy bilen 4-nji kursda okuwa gaýtdym, günleriň birinde jaň edip şähere gelenligini aýtdy, bir adamyň edip biljek işini men hem etmäge çalyşdym, ugratdym men hem bile gitmekçi boldum emma bilet tapylmady. Iki günden soň oba dostumuň toýuna bardym (10.11.07ý), bir oglan ýanyma gelip saňa bir täzeligim bardy. „Seniň halaşýan gyzyň şähere bardymy? Hawa, yzyna gaýdanda meniň agamyň maşynynda bir oglan garşy alypdyr, habaryň barmy?“ Oturmaga ýer tapmadym, üstimden gaýnan suw inderilen ýaly boldum, kimden garaşsamam mundan garaşamok, özüme ynanşymdan beter ynandym. Özünden soranymda ilki dogrusyny aýtmady soňam boýun aldy. „Anlar vardır sözleri yaratan, sözler vardır saatlerce ağlatan“. Ine men şuňada biwepalylyk diýip atlandyrdym. Meniň pikirimçe bolup biläýjek sebäpleri: - Garyndaşlarymyň garşy çykýanyny eşidip, alyp bermezler diýen pikirde; - Beýleki oglanyň ýokary guramada işleýänligi sebäpli; - Halanmaýan häsiýetim bar bolmagy mümkin. Nähili sebäbi bolanda hem meniň göwnümi ýykmagy dogry dälmikä diýýän, iň bolmanda maňa bir agyz duýduraýmaly. Durmuşymy şonsuz ýeke ganatly guşa meňzedýärdim, Beter gynandyrýan ýagdaý hem ýetip bilmedik arzuwym. Men şonuň şeýle diýmegine garaşdym. „Eger häzir ilkinji söýgüm bilen wepany(lakamym) garşymda goýsadylar men wepany saýlardym“. Haýyrlysydyr.

Köneler, Wepa tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir