“Rysgal” PTB menzilara bank hyzmatlary arkaly müşderilerine hasaplaryndaky serişdeleri uzakdan dolandyrmaga we hasaplaşyk amallaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.
. Häzirki wagtda bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn işleri tamamlandy.

“Rysgal” PTB menzilara bank hyzmatlary (MBHB) arkaly müşderilerine hasaplaryndaky serişdeleri uzakdan dolandyrmaga we hasaplaşyk amallaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Bank ýuridik şahslara we hususy telekeçilere menzilara bank hyzmatlaryny bermek hakyndaky düzgünnamasyny 13-nji maýda tassyklady.

Düzgünnama laýyklykda, bu ulgama birikmek “Lite” we “Full” görnüşinde alnyp barlar. Müşderiler “Lite” görnüşde birikdirilende, hasaplar boýunça amallary ýerine ýetirmäge mümkinçiliksiz, diňe gözden geçiriş meseleleri elýeterli bolar. “Full” görnüşinde müşderiler töleg resminamalaryny döredip, tölegleri ýerine ýetirip hem bilýärler. Bu ulgamda elektron resminama we elektron gol hyzmatlary ýola goýlar.

“Rysgal” PTB şertnama baglaşylan pursatyndan bäş iş gününiň içinde müşderä MBHB ulgamyna aralaşmaga ygtyýar berýär.

Menzilara bank hyzmatlary arkaly bankyň müşderileri SMS habaryny birikdirip, hasap hereketlerini elektron poçta arkaly alyp, birnäçe hyzmatlara töleg töläp, öýjükli ýa-da öý telefonynyň hasabyny dolduryp, alnan karzlary yzyna töläp we hasapdan hasaba pul geçirip bilýärler.

Täjirçilik banky “Rysgal Pay” mobil gapjyk hyzmatyny hem hödürleýär. QR kody arkaly töleg alynýan ulgam ýerleşdirilen ähli ýerlerde bu gapjykdan peýdalanyp bolýar.

Täzelikler, bank tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir