Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Kämahal siz özüňize ýa-da başga ynsanlara:\"Men şeýle bolsadym, beýle bolsadym, şeýle bolmak isleýän\" we ş.m. zatlar diýip gördüňizmi? Men-ää aram-aram diýýädim. Men häzir özümden mysal berjek däl, ýöne has oňat bir mysal bereýin Pygamberimiziň döwründen: Bir adam pygamberimizin yanyna gelip: -Size dunya we ahyret barada sorajak soraglarym bar – diydi. Pygamberimiz: -Name soragyn bar bolsa soraber – diydi. Shonda ol adam soraglaryna bashlady: (Mundan son Adam=A, Pygamber=P) A – Ey, Allanyn Resuly(ilci)! Men ynsanlaryn in alymy, in bilimlisi bolmak isleyarin. Munyn ucin men name etmeli? P – Alladan haky bilen gorkup, takva(oran dindar) cyzgysyna girsen, ynsanlaryn in alymy bolarsyn! A – Ynsanlaryn in bayi bolmak isleyarin!? P – Kanagatly bolsan ynsanlaryn in bayi bolarsyn! A - Ynsanlaryn in hayirlysy(gowy) bolmak isleyarin!? P - Ynsanlaryn in hayirlysy, ynsanlara (in kop) peyda edyandir, sen hem ynsanlara peydaly bol! A - Ynsanlaryn in adalatlysy bolmak isleyarin!? P – Ozun ucin isleyan (ahli) zatlaryn ynsanlar ucin hem islesen ynsanlaryn in adyly bolarsyn! A – Ynsanlaryn icinde Alla in yakyn, O’nun in ayratyn soyguli bendelerinden bolmak isleyarin!? P – Allany kop yatlap, O’ny owsen, hamdetsen/shukur etsen, shonda sen Allanyn in ayratyn soyguli bendelerinden bolarsyn!äÿ A – Ihsan edenlerden(maddy komek) we hayir-sahabat edenlerden bolmak isleyarin!? P – Alla Tagala, Ony goryan yaly ybadat et, her nace sen Ony gormesenem, Ol seni (hemishe her yerde) goryar! A – Imanymy kamil dereja yetirmek isleyarin!? P – Gozel ahlakly bolsan, imanyn kamil dereja yeter! A – Allanyn emirlerine boyun egen onat bendelerinden bolmak isleyarin!? P – Allanyn parzlaryny yerine yetir, boyun egenlerden bolarsyn! A – Alla gunalerimden tamizlenip arassaja bolup gitmek isleyarin!? P – Jenup bolanda ter-tamiz boljak yagdayda gusul abdesti(taret) al, kiyamet guni sende hic bir guna bolmadyk yagdayda Alla gowusharsyn! A – Kiyamet guni nur icinde hashr bolmak(cagyrylmak) isleyarin!? P – Hic kime zulum etme, kiyamet guni nur icinde hashr bolarsyn! A – Rebbimin mana merhamat etmegini isleyarin!? P – Ilki ozone we ynsanlara merhamet et ki, Alla-da sana mehamat etsin! A – Gunalerimin azalmagyny isleyarin!? P – Toba edip gunalerin bagyshlanmagy ucin Alla yalbarsan gunalerin azalar! A – Ynsanlaryn in kerimi(sahabat) bolmak isleyarin!? P – Alla bendelerini shikayat etmesen, ynsanlaryn in kerimi bolarsyn! A – Ryzkymyn kop bolmagyny isleyarin!? P – Tamizlige dowam etsen, ryzkyn kop bolar! A – Alla we Resuly tarapyndan soyulmek isleyarin!? P – Onda sen Alla we Resulynyn soyenlerini soy, soymediklerini soyme! A – Allanyn mana gazaplanmagyndan ozumi goramak isleyarin!? P – Hic ime gaharlanmasan, Allanyn gahar we gazabyndan hem gutularsyn! A – Dilegimin Kabul edilmegini isleyarin!? P – Haram (we gunalerden) uzak dursan dileglerinkabul bolar! A – Allanyn meni beyleki ynsanlaryn yanynda rusway(masgara) etmezligini isleyarin!? P – Namysyny gorap tamiz bol ki ynsanlaryn yanynda rusway bolmarsyn! A – Allanyn sawliklerimi, ayiplarymy ortmegini isleyarin!? P – Doganlaryn(ynsanlaryn) ayiplaryny ortsen, Alla-da senin ayiplaryny orter! A – Menin gunalerimi name tamizlar!? P – Gozyashlaryn, huduwyn(Alla hormat we isleg bilen ybadat etmegin) we hassalyklar! A – Allanyn nazarynda haysy hayir has beyikdir!? P – Gozel ahlak, kicigowunlilik, belalara sabyr we kysmata razy bolmak! A – Alanyn nazarynda in uly guna haysydyr!? P – Erbet ahlak, Allanyn emirlerine gorkezilen jimrilik(gysganclyk=islegsizlik)! A – Rahman bolan Allanyn gazabyny name dindirer!? P – Gizlin sadaka bermek we silayi rahim(garyndashlaryny ziyarat edip olara seretmek)! A – Jahennem(dowzah) odyny name sondurer!? P – Oraza(agyz beklemek) (Aly el-Muttaki, Kemzul Ummal, 16/127-129)
Pygamberimizden nesihatlar
-
ata
16 years ago
- Pygamberimiziň ybadat edişi, Kuran okaýşy we diňleýşi:
Hezreti pygamber ybadata hemişe höwesjeňdi. Namaza Ol gözümiň nury diýerdi. Parz namazlary mesjitde, tehejjüd we beýleki nepil namazlaryny öýünde okardy. Ilkiagşam ýassy namazyny okap ýatardy, gijäniň üçden biri geçende oýanardy, biraz wagtlap tehejjüd, soňra-da witir namazyny okardy. Soňra ýene ýatardy-da ertir namazynyň azany aýdylyp gutarmanka oýanardy. Gerek bolsa, gusul ederdi, gusul etmek gerek bolmasa, täret kylyp, sünneti öýünde okap, parzyny okamak üçin mesjide giderdi. Gaty ýadaw günleri has hem ömrüniň soňky günlerinde tehejjüdi oturyp okardy. Beýik Allahyň beren nygmatlaryna şükrüni sähelçe-de kemeltmezdi.
Pygamberimiz remezan aýynda tutulýan orazadan başga-da, rejep, meret we beýleki aýlarda-da nefil oraza tutardy. Ol birnäçe gezek umräde (Haja gidilýän wagtdan başga wagt gitmek) gidip, ömründe bir gezek hem haj parzyny berjaý edipdir.
Pygamberimiz sahabalaryna: "Az hem bolsa, yzygiderli edilýän amal – iň halanylýan amaldyr" diýerdi. Ol: "Artykmaç kän nepiller bilen bedene agram salmaly däldir" diýer eken. Bu barada ýene şeýle diýipdir: "Ybadaty gurbuňyzyň çatdygyndan ediň. Çakyňyzy bilmän agyr güne düşäýmäň. Az hem bolsa, ybadatyň göwnemakuly yzygiderli dowam etdirilýänidir".
Pygamberimiz ybadat meselesinde özi nähili edýän bolsa şonuň ýaly etmegi, muňa hiç zat goşup ýa aýyrmazlygy irmän-ýadaman düşündirerdi. Sahabalardan uzynly gije ýatman ybadat edýänleri, ömürboýy aýalyna ýakynlaşmazlyga wada edenleri, parzyň daşyndan ýylboýy ara salym salman oraza tutýanlary ýazgarardy. Sebäbi, onuň özi gijäniň bir bölegini ýatyp dynç alardy, bir bölegini hem ybadat edip geçirerdi. Parzdan daşgary hem käbir günler oraza tutardy, kä gün tutmazdy, aýAllahryna göwni islän wagty ýakynlaşardy. Sebäbi, Ol hem ynsanlaryň biridi. Ol umuman bir adamyň yslamda zerury näme bolsa, şony hem görelde görkezerdi.
Pygamberimiz Kuran okanda biçak düşnükli edip, eket-nokady bilen, käwagt owazly, käte-de sessiz okardy... Kyragaty diýseň owadandy. Sesli okanda Onuň okaýşyny diňe okaýan otagynda oturanlar eşiderdi, beýleki otagda oturanlar eşitmezdi. Hiç wagt Kurany belent ses bilen okamazdy. Labyzy süýji we ýumşak bolansoň, pygamberimiziň okaýşy ýakymlydan täsirlidi. Ol Kuran okanda diňleýjileri joşgun gaplap alyp, olar özlerini başga bir dünýä düşen ýaly duýýardylar. Teganny edende-de, ýagny, Kurany hiňlenip okanda-da aşa gaty hiňlenmezdi. Çeni bilen hiňlenmegi halardy.
Pygamberimiz Kurany başga birine okadyp diňlemegi hem oňat görerdi. Ol bir gün Abdylla b. Mes"utdan (r.a.) Kuran okap bermegini soraýar. Ol adyna Kuran inderilen pygamberiň huzurynda Kuran okamakdan çekinse-de hezreti pygamber:
– Men Kurany başgalar okanda diňlemegi oňat görýän – diýýär.
Onsoň Abdylla b. Mesut (r.a.) Nisa süresini okap başlaýar. "Her ymmata bir şaýat getiren wagtymyz, eý, Muhammet, seni-de bu ymmata şaýat getirenimizde (olaryň) haly niçik bolarka?" diýen aýata ýetende, Allahyň resulynyň gözlerinden ýaş akyp başlaýar.52
-
ata
16 years ago
- Pygamberimiziň mähir we merhemeti:
Kadyr Allah Kurany Keriminde: "Biz seni älemlere rehmet üçin iberdik" (Enbiýa, 21/107) diýýär. Älemiň rehmeti üçin iberlen Muhammet pygamberimizdir. Hezreti ibn Abbas bu aýaty tefsir edende: "Onuň rehmeti iman getirenlere-de, iman getirmediklere-de ýetýändir. Iman getirenler Onuň rehmetinden bu dünýäde-de, ol dünýäde-de nesibelerini alýandyr. Iman getirmedikler bolsa, inkär edýändikleri sebäpli "Kökünden büs-bütin heläk bolmak" azabynyň soňa (ahyrete) goýlandygy üçin şu dünýäde onuň rehmetinden eşret tapýarlar" diýýär.
Hezreti Ebu-Bekir (r.a.):
– Eý, ResulAllah, sizem garradyňyz! – diýende, pygamberimiz oňa:
"Meni garradan Hud, Wakyga, Murselat, Amme ýetesaelun, Izeşşemsu kuwwirat süreleri boldy" diýip, jogap beren.
Şarih (şerh edýän) onuň bu sözlerini şeýle düşündirýär: Bu sürelerde ahyret barada gürrüň edilýän ýerleri bar. Pygamberimiz öz jany barada däl (oňa hiç zat bolabilmezdi), ýöne Ol bizi özümizden oňat tanaýardy, şol sebäpli hem biziň başymyza düşjek kynçylyklar barada, ymmatynyň şol sürelerde aýdylýan ahwalatlara duçar bolmazlyklary barada alada edýärdi, Onuň başyny agardan hem şol ahwalatlardy.32
Allah Tagala şeýle emr edýär: "Size öz içiňizden bir pygamber geler welin, siziň çekmeli boljak ejirleriňiz oňa juda kyn hem agyr düşer. Onuň bar küýi-pikiri siz bolarsyňyz. Ol hakykatdan hem mü"minleriň ýazygyny geçijidir we bagyşlaýjydyr." (Toba, 9/128).
Şu aýatdan görnüşi ýaly, pygamberimiz ymmatynyň (ahyretde) ejir çekjekdigine gynanandygyny-ha aýdyp hem oturmalyň, ol belli zat, ýöne Ol ymmatynyň bu dünýäde-de agyr zähmet çekmeli bolýandygyna hem gynanardy. Ymmatynyň gynanjy onuň gynanjydy, ymmatynyň guwanjy onuň guwanjydy. Manysyny ýokarda agzap geçen aýatymyzda Kadyr Allah özüniň söýgüli atlary bolan Rauf we Rahym (iň mähirli we iň merhemetli) atlary bilen lutuf we keremi hökmünde diňe pygamberimizi atlandyrypdyr.Bu hem Allah Tagalanyň gullaryna merhemetli bolşy ýaly, hezreti Muhamediň (r.a.) hem ymmatyna mähirli we merhemetli bolandygyny düşündirýär.33
Bir gezek bir adam pygamberimizden duşmanlaryny näletlemegini sorapdyr. Pygamberimiz ol adama:
– Men nälet okamak üçin däl-de, äleme rehmet (eşret) üçin iberildim – diýip, jogap beripdir.34
Ol Mekge döwrüniň biçak agyr günlerinde-de duşmanlaryna bet doga etmändi. Taifliler ony daşlapdylar, endam-jany, esasan hem aýaklary gara gana boýalypdy. Islese Allah Tagala Taif we Mekge şäherlerini ýer bilen ýegsan hem edip bilerdi, emma pygamberimiz Rebbimiz Allahdan beýle zatlar dilemeýärdi. Tersine: "Eý, Allahm, bular hakykaty görenoklar, ýöne umydym bar, bir gün geler, bularyň çagalary hakykaty görerler" diýýärdi.35
Mekge alnandan soňra, Taifiň gabawy uzaga çekenligi sebäpli ol ýerden gitmeli bolnanda pygamberimiz olara nälet okaman rehmet diläpdi:
– Allahm, Taiflileriňem düzelip, musulman bolup, huzuryma gelenini bir görsem – diýip, dileg edipdi.
Mekge alnandan soňra, Käbäniň howlusynda 22 ýylyň dowamynda ellerinden gelen ýamanlygy edip, indem öňünde bagyşlanmagyna garaşýan, ýesir duran mekgelilere pygamberimiziň rehimi inip, olary bagyşlamagy hem onuň rehimdarlygynyň nä derejede belent bolandygyny görkezýär.
Allahyň rehmetini hem-de geçirimliligini diňe özüne we pygamberimize degişli edip doga okan bir çarwa adama Allahyň resuly:
– Allahyň lutuf we rehmet jaýyny juda daraltdyňyz – diýýär.36
Ol ynsanlar bilen bir hatarda haýwanlary-da, tebigaty-da söýerdi. Hemişe: "Haýwanlara agyr ýük urmaň, olara gowy serediň, ez"ýet bermäň" diýerdi.
Eger-de, kyýamat gopjak bolup durka-da, elindäki agajyň nahalyny oturtmaga wagt tapsa, oturdyp öljekdigini aýdardy. Içgileri adamlar üçin zyýanly bolanlygy üçin gadagan ederdi. Maşgalanyň dargamazlygy üçin humary (humarly oýunlary), nesili goramak üçin bolsa zynany gadagan ederdi. Musulmanlary ataş çukuryna gaçyrmajak bolup ýadawsyz gorardy. Ol mähir hem-de merhemet pygamberidi.
-
ata
16 years ago
- ýokardaky ýazgy boýunça, öň bir aýatyň manysyny goýupdym, onam bärik goýaýyn:
"Ey, Ilcim, sen ozuni olara (sahabalara) oran hoshamay alyp bardyn, shol sebapli-de, olarda sana bolan guycli bag (insibag) doredi we sana ahli zatdan onde geljek yagdayda goldaw berdiler. Eger sen olara ozuni hoshamay alyp barmadyk bolsan, onda olar seni soymezler, goldaw hem bermezdiler!"
many taýda bize:
Merhemetli bol, pygamberimizin bolshy yaly! Onun hem-de Biribaryn soygusine we razylygyna talyp bol, yigrenclerine dal! Yagshy dileglerde yatlan, beddualarda(erbet dileglerde) dal! Gin bol, dar dal, gecirimli bol, zalym dal, hoshamay bol, zabun dal!" we ş.m. diýýän ýaly pikiimçe!
-
agayunus
16 years ago
- adminleriň dykkatyna diýip mowzyk açylypdyr welin, meňem birje teklibim barda. ýokardaky gündelik üýtgeýän ata sözlerine derek şu ramazan boýunça her güne bir hadis ýa-da pygamberimiziň nesihatlaryndan ýazaýyň.
-
agayunus
16 years ago
Pygamberimiz sahabalaryna: "Az hem bolsa, yzygiderli edilýän amal – iň halanylýan amaldyr
"
dama-dama köl bolar hiç dammasa çöl bolar.
-
ata
16 years ago
- hawa, şeýle bolany üçin diýendir uly ähtimallyk bn.
häzir adminleriň aglabasy tm-da öýdýän, girýän däldirler. Bir Farabi bar, oňa aýtsa bolar, ýöne onuň üçinem, degişli mowzukda degişli aýatlaryň sanawyny goýmak gerek başda!
Men-a ýaltanýan, ýogsam pikir etmedim däl muny :)
-
agayunus
16 years ago
- haý ata aga, ýaltanýan diýen bolup işi başga birine syrykdyrjak bolýaňyzow:)
agayunus-Hz. Muhammet (s.a.w) sahabalarym gökdäki ýyldyzlar ýalydyr, olaryň haýsy birine tutunsanyz dogry ýola düşersiňiz diýýär
ata aga-Sahabalar barada şeýle hadys bar:"Meniň sahabalarym gökdäki ýyldyzlar ýalydyr, haýsysyna eýerseňiz, olar sizi Maňa getirer, Men hem sizi Biribara äkiderin!"
Beýlekileri bilmedim ýöne meň ýazgylama siziň ýazanlaryňyzyň ýanynda kel-köwserräk geläýýär:P. siz ýazaýyň, adminlerem sizden alsynlar, bolmazmy :)
-
ata
16 years ago
- hmm, magtanýas :)
neme, "kompliment"-iň üçin sag bol, jigim! ýöne men oňa mynasyp däl, özüm barada gowy ýazgylarym bar meniň, gaýtadan bärik goýup oturmaýyn ýa-da degişli mowzuk bolsa, goýup bilerin :)
Ýöne häzir men ýene ýatmaga gideýin, keýpim göterilse, onda kä zatlary rejeläp goýup bilerin.
Aý, meni gynandyrýalar-ow gowy görýän adamlarym, Allaha şikaýat etjek diýjek bolýan welin, ýöne olar has haklyrak ýaly görnensoň, jyňkymy çykarasym gelenok!
Allahym, sabyr!
-
ata
16 years ago
- mowzukdan daşary bolýar, bagyşlaň!
"haklyrak" diýemde, dostlarymyň gözünde özler hakly görünýär, a men bolsa özümi hakly görýän, ýöne ýene özüme igenip, olary "hakly" görkezýän-dä, onsoň olar hasam özlerine ynanyp başlaýarlar :"Diýmek, özem aýdýan bolsa, ugrunda bardyr 1 zatlar..." diýip. Bulam ýene öz säwligim.
Pygamberimiz(SAW) hem şeýle kynçylyklary başyndan köp geçiripdir öýdýän, men azyrag-a bilýän.
Bulam Biribaryň synagydyr, elbetde! Ýene Biribaryň Özünden bu babatda bizi başarnykly etmegini dileýän we haýyrlysyny bermegini dileýän!
-
agayunus
16 years ago
neme, "kompliment"-iň üçin sag bol, jigim! ýöne men oňa mynasyp däl, özüm barada gowy ýazgylarym bar meniň, gaýtadan bärik goýup oturmaýyn ýa-da degişli mowzuk bolsa, goýup bilerin
ata aga, kompliment dälä çynym bilen ýazdym. özüňiz terjime edýäňizmi ýa başga gowy çeşmeden alýaňyzmy bilmedim, ýöne dogry, anyk zatlary siz ýazýaňyzda. türkçeden türkmençä terjime edip geçirmek ansat dälow, iki dilem ene dili ýaly bolup gidensoň ýalnyşylýan ýerler köp.
mowzuklar beter uzyn bolanyndanmy nämemi, käbirlerini soňuna çenli okamaga ýaltanýan:P soň boş wagtym açyp täzeden okaýan ýöne soňuna çenli, terbiýe alarlyk durmuşa geçirmeli zatlara köp özä...
Kadyr Allah Kurany Keriminde: "Biz seni älemlere rehmet üçin iberdik" (Enbiýa, 21/107) diýýär. Älemiň rehmeti üçin iberlen Muhammet pygamberimizdir. Hezreti ibn Abbas bu aýaty tefsir edende: "Onuň rehmeti iman getirenlere-de, iman getirmediklere-de ýetýändir. Iman getirenler Onuň rehmetinden bu dünýäde-de, ol dünýäde-de nesibelerini alýandyr. Iman getirmedikler bolsa, inkär edýändikleri sebäpli "Kökünden büs-bütin heläk bolmak" azabynyň soňa (ahyrete) goýlandygy üçin şu dünýäde onuň rehmetinden eşret tapýarlar" diýýär
şuny ýaňy okamda näme üçin zalymlaryň intägem şu dünýäde mes ýaşap ýörenlerini ýene bir gezek akyl ýetirdim. allah`ym bizi bu dünýäde-de o dünýäde-de seniň rahmetiňe erip biljek gullaryňdan eýle!!!
(ata aga şahsy pikirleriňizi okap ýazandyryn öýdäýmäň...dert bir dawa bir diýleni, her kimde-de siziňkä meňzeş problemalar bar, alyp çykaryslaý ýöne:) )
-
kirsoltan
15 years ago
- Salam men Atash!!!Men sizin Pygamberimiz barada yazan zatlarynyzy okadym tuweleme gowy nesihatlar yazypsynyz sag bolun,menem oz pikirimi aytmak isleyarin,ozuniz bilyaniz hazir adamlar dubunden uytgedi halys ALLANY yatlamayanlarda bar,shahyrlarymyzyn biri-"Bet ish edip bukularlar namaza,il gozi ucin tutan bolya oraza, olar onda barmaz behishde yaza,molla bolup dine uyyanlar kopeldi"diyip yazypdyr,ol hakykatdanam seyle kabir adamlar bar haramzadalyk baryny edip yorler beyle etmek bolmaya,barybir seni Alla goryar ahyry,in sonunda bizin hemmamizinem barjak yerimiz sol bir yer mahribanlar,şonuň ücin geliň Allany yatlalyň doga okalyň Kuran acalyň,doga okamagyňda ullakan sogaplary bardyr,ynha men shu yerde bir zady gürrüň bereyin:Gunlerde bir gun Muhammet Aleyhussalam oz sahabalary bilen ir yere baryar eken,Pygamberimiz öňlerinden sahabalar bolsa onyn yzandan baryar ekenler,bularyň ýörap baryan yolunyň hol beyle yanynda adamlar üýşüp biri hem 'Tabarak'suresini okap oturan eken,Pygamberimiz Tabarak okayanyň sesini eşidip sahabalaryna saklanmagy aydypdyr,bular saklanypdyrlar,ayat okalyp bolunandan soň yene yollaryny dowam etdiripdirler,yenede epesli yöränsoňlar bir bende aradan cykan yerinde 'Yasyn'suresini okap oturanlara gabat gelipdirler,Pygamberimiz yasyn okalyp oturan yeriň dusşundan saklanman ötüpdir,bu yagdaya sahabalaryn biri hayran galypdyr,onsoň Pygamberimizin yanyna baryp,-Ey beyik Hezretlimiz bir düşünmezlik boldy diyipdir,Pygamberimiz o namaniň dusunmezligi soraber diyipdir,sahaba-yany gelyarkak siz ilki Tabarak okalyp oturan yerde saklandynyz,a sonra Yasyn okalayan yerde saginman gecip ötä gitdiniz ony name sebapden beyle etdiniz diyipdir,onda Pygamberimiz: şonuň hikmetini bilmedinmi,bilmedik bolsan aydayyn -ilki yerde saklananymyzyň sebabi Tabarak okalanda onyn eşidilyan yerine Allanyň nury dökülyändir,emma Yasyn okalyp durka ähli yerik Alla Tagalanyn nury dökulyandir diyipdir.Görýäňizmi her bir okalyan ayatlara Alla Tagalanyň ullakan sogaby bar,şonuň üçinem mähriban adamlar toba edeliň toba etmek hem zeleliň yarysyndan gaytmakdyr.
ata 16 years ago- ýaňy nebsi nädip ýeňse bolar diýemde, hadysda agyz bekllemek maslahat berilýärdi diýipdim, asyl jähennem odyny hem söndürýän ekeni:
A – Jahennem(dowzah) odyny name sondurer!?
P – Oraza(agyz beklemek)
Ýaňy-ýakynda syrkawlapdym, ýylaşa diýen ýaly myhmançylyga gelýän syrkawlyga bir tarapdan begenýädimem, sebäbi:
A – Menin gunalerimi name tamizlar!?
P – Gozyashlaryn, huduwyn(Alla hormat we isleg bilen ybadat etmegin) we hassalyklar!
ýokardaky hemme ýagdaý diýen ýaly degişli ýerlerde kellä gelýär welin, olary edip bilemok-da, ýogsam iň oňat maslahatlar şolar welin.
Sizde-de şuňa mmeňzeş ýagdaý bolýarmaý?!
Şonda siz näme edýärsiňiz?!