Hajarym
Bagtly men bagtly men bagtly men BAGTLY
Soyyan diyip gygyrmana Men bu gun hakly
Cunku bu gun men sana sen mana bagly
Soyyarin Soyyarin seni Hajarym

Seň ýylgyrşyň, mylaýym owadan sesiň
Däli etdi, Mejnun etdi, garaja gözüň
Söýýänligiňi eşdemde ýitirdim özüm
Ýitip-ýitip söýýän seni Hajarym

Ýüregimde gizläp ýören sözlem bar
Artyk syganok, ýüregimde gelýär dar
Sen howamsyň senden dem almana zar
Her demimde söýýän seni Hajarym

Sen güneşim maňa ýagty saçýarsyň
Şol ýagtyň bilen mähir nurun seçýärsiň
Sen kepderim belentlerde uçýarsyň
Ganat baglap saňa uçýan Hajarym

Gülüşleriň göýä bir jady melhemi
Ýylgyraňda ýaňakdaky çukuruň seniň
Wah şol çukurlara gömsene meni
Hiç aglama gülüp gezgin Hajarym

Saňa duşup boldum diwana däli
Däliräp ýazýan goşgym, yatamok häli
Nesip bolsa geýdirerin gyzyl kürtäni
Gelen bolup gelen günüň Hajarym

Arzuwyma, magsadyma ýetýän kem-kemden
Ýene bir magsadym bar bilýärsiň sen hem
Razylygyn alsam kakaň-ejeňden
Bagtly durmuş öňümizde Hajarym

Edebiýat, Dargan tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir