Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Men yany Ejenmi ya halashyan gyzyn atly mowzugy okap, bu mowzugy acmaga karar berdim, ilki bolan wakalary yazayin: Siziň bilen eje merhemedi barada ýene bir hekaýany paýlaşmak isledim: Sahabalaryň arasynda ýetişen bir ýigit wepat edipdi. Sahabalar ony topraga ýerleşdirmek islänlerinde, toprak ony kabul etmänndi. Bu ýagdaý birnäçe gezek gaýtalanansoň, sahabalar ýagdaýy pygamberimize bildirdiler. Pygamberimiz şol ýigidiň jesedine seredip, ýagdaýa düşündi we sahabalaryna: - Gidiň, bu ýigidiň ejesini getiriň! – diýdi. Sahabalar onuň ejesini getirenlerinde, pygamberimiz oňa öz oglunyň üstünde hakynyň bolup bolmanlygyny sorady, şonda ýigidiň ejesi: - Men ony dokuz aýlap garnymda göterdim, soň ony dogurdym, soň ony emdirip ulaltdym, gijämi gündiz edip oňa seretdim, ahyr soňy ony öýlendirdim. Öýlenýänçä maňa oňat seretdi, soň bolsa, ýanýoldaşynyň mährine ganyp, onuň aýdan we islän ýalňyş zatlaryny hem maňa rowa gördi, meni hem diňlemedi. Bu babatda meni köp gynandyrdy, hawa, şol sebäpli hem meniň oglumyň üstünnde hakym bar – diýipdi. Pygamberimiz ondan ogluna hakyny halal etmegini haýyş etse-de, ol razy bolmady, şonda Pygamberimiz sahabalara: - Gidiň, köp mukdarda oduun toplaň we şu jesedi ýakyň! – diýdi. Muňa ene ýüregi çydam edip bilmän şol zenan Pygamberimize: - Size haýyş edýän, oglumyň jesedini ýakmaň! – diýdi, şonda pygamberimiz: - Sen ogluň pany bolan öli jesediniň ýakylmagyna razy bolmaýarsyň, emma welin ogluň sen oňa hakyňy halal etmedigiň müddetçe, baky älemde hem ruhy, hem-de bedeni bilen has köp we has güýýçli jeza çeker, biz hem saňa şony düşündirmek uçin, şeýle etmeli bolduk – diýipdir. Şonda şol zenan ýagdaýa düşünip, ogluna bolan hakyny halal edipdir. Şondan soň onuň jesedini hem ýer kabul edipdir.
Ejanin mukaddesligi barada
-
ata
16 years ago
- Eje mähri
Kiçijek çagajykdy. Yrakda bir şäherde ýaşaýardylar. Mekdebe ýaňy-ýakynda gidip başlapdy. Onuň ejesi hem maşgalasyny dolandyrmak üçin mekdepde aşçy bolup işleýärdi, sebäbi ýanýoldaşy söweşde wepat edipdi. Onuň ýeke gözi bardy. Çagasy bu ýagdaý sebäpli örän utanýardy we ejesi bilen bile görünmek islemeýärdi.
Bir gün ejesi ogluny görmek üçin synplaryna geldi. Şonda ogly örän utanypdy. Synpdaşlary oňa ejesiniň bir gözüniň barlygyny aýdanlarynda, ýere giräýjek bolýardy. Ol ejesine gaýdyp gözüne görünmezligini aýdypdy şol wakadan soňra.
Ol örän köp çalyşyp, Singapurda bir üniwesiteti gazanypdy we ol ýere okamaga gidipdi. Örän oňat netije bilen gutaryp, örän oňat ýerde-de işe başlapdy. Öýlenipdi we çagajyklara eýe bolupdy.
Bir gün ejesi ogluny görmäge gelipdi. Gapyny açan agtyklary oňa gülüpdiler. Ogly bolsa ýene oňa özüni görmäge gelenligi üçin gygyrypdy we kowupdy. Ejesi bolsa öýi ýalňyşyp gelenini bahanalap, örän gamgyn aýrylypdy ol ýerden.
Bir gün ogluna çakylyk gelipdi, uçurymlar güni bellenýärdi we ol hem çagyrylypdy. Aýalyna iş bahanasy bilen Yraga gidýänini aýdyp, oturlyşyga gatnaşypdy. Bir bahana bilen öňki öýlerine hem gidip göreýin diýip, köräneje we çalam-çaş bolup duran öýlerine barypdy. Oňa goňşulary ejesinden bir hat berdiler, hatda şeýle ýazylýardy:
“Salam oglum! Seniň işdäki başarnyklygyna guwanýardym. Uçurym oturlyşygyna gelýäniňi eşidip, örän begendim, ýöräne men bu hassa halym bilen seni görmek üçin ýerimden hem turup bilmäýmesem diýip, örän gorkýaryn!
Bilýärmiň, oglum, sen kiçijekkäň pyçak bilen oýnap, gözüňi ýitiripdiň. Seniň şol ýagdaý boýunça ömür boýy utanyp gezmegiňe eje ýüregim çydam edip bilmezdi. Men öz gözümiň birini saňa berdim. Bu ýagdaýa, ýagny, seniň ýene-de iki gözüň bilen ýaşap başlanyňa diýseň guwanyp gezdim. Soň bolsa gijämi gündiz edip, senin mekdepde okamagyň üçin, birnäçe ýerde saçymy sübse edip işledim, elbetde, bu ýagdaýlary saňa aýtmadym.
Singapura gelip, çagalaryň ýanynda seni gynandyranym üçin, şu wagta çenli seni gynandyran we ynjydan bolsam, meni bagyşlamagyňy dileýärin, oglum! Hakyňy halal et!
Hemişekisi ýaly, iň oňat arzuwlarym we mährim bilen, ejeň!”
-
ata
16 years ago
- hadyslar boyunca ejeler barada:
Hz.Ebu Hureýre(r.a.) Pygamberimizden (SAW) şeýle hadys aýdypdy:
“Allah öz rehmetiniň yüzde bir bölegini bütin jandarlara paýlady. Şol mukdar boýunça haýwanlar hem öz çagalaryny gorap, öz aralarynda düşünişip ýaşaýarlar. Galan yüzde togsan dokuz bölegi bilen bolsa, bendelerine şepagat we merhemet edýär. “
Pygamberimiz bize Biribaryň ilki Özüne, soň ilçilerine, soň ejelere, soňra bolsa kakalarymyzaa boýun egmegimizi emredenini aýdypdy.
Ýene bir gezeginde bir sahaba gelip Pygamberimize:”Ey, Allanyň Resuly, men kime seredeýin?!” diýip sorapdy. Pygamberimiz:
-Ejeňe!
-Ondan soňra kime seredeýin?!
-Ejeňe!
-Ondan soňra kime seredeýin?!
- Ejeňe!
-Ondan soňra kime seredeýin?!
Kakaňa!”
Diýip jogap beripdi.
Başga bir hadyslarynda bolsa, “Jennetiň eneleriň aýaklarynyň aşagyndalygyny”, ýagny, jenneti gazanmak üçin, jennet açarlary öz ellerinde bolan ejeleri razy etmelidigimizi aýdypdyr.
Galyberse-de, ‘Ene-atasy garrap, olara onat hyzmat etmek sherti bilen (yagny, olara layıgy bilen hyzmat etmeyanligi üçin) Jenneti gazanyp bilmeyan ynsanlaryn halyna gen galmaly!’ diyen manyda hadys hem bar bolmaly.
-
ata
16 years ago
- ayatlar boyunca ene-ata barada:
1- “Rebbiň, diňe özüne ybadat etmegiňizi, ene-ataňyza garşy-da özüňizi örän oňat alyp barmagyňyzy takyk ỳagdaỳda emretdi. Olardan biri ỳa-da her ikisi-de seniň ỳanyňda garran wagty, (haỳsam bolsa bir ỳumuşdyr haỳyşlary üçin) olara ‘Off’ hem diỳme; olara (ezỳet edip) yrsarama; ikisine-de (örän) oňat (we hoşamaỳ) sözler aỳt!
Olara mylaỳymlyk we alçakgöwünlik bilen ganatyňy ger( eỳe çyk) we şeỳle dileg et:“Eỳ, Rebbim, olar meni çagakam nädip (her-hili kynçylyklara döş gerip) ỳetişdiren bolsalar, edenlerine sylag hökmünde Sen hem olara merhemet et!” (Isra, 17/23)
2- Biz ynsana ene-atasy üçin özüni onat alyp barmagyny emretdik. Çünki enesi (ejesi) ony naçe zahmet bilen garnynda göterip we yene naçe kynçylyklar bilen dogurdy. Çaganyn ene garnynda göterilmegi we süytden ayrylmagy otuz ay dowam eder. Sonunda ynsan, güyç-kuwwata eye bolup kyrk yaşyna girende: “Ey, Rebbîm!” diyer, “Gerek mana, gerek bolsa ene-atama beren nygmatlaryna şükür yoluna meni gönükdir! Senin razylygyna sebap boljak makbul(kabul edilen) we gözel iş etmane meni gönükdir we mana salyh(yhlasly we tamiz), dinine bagly, makbul(layık) nesil nesip eyle! Rebbim! Senin gapyna döndüm, men sana teslim(boyun) bolanlardandyryn.” (Ahkaf, 46/15)
3- Yöne şeyleleri hem bardyr ki, özüni imana çagyryan ene-atasyna:“Of , of! Yetdi artyk! Menden önünça nace nesiller ölübem yzyna gelmandigi halda, siz meni mazarymdan direlip çıkarylmak bilen gorkuzjak bolyarsynyz!?” diyende, olar(ene-ata): Allah’a sygynyp ogullaryna yalbaryp:“Özüne erbetlik edyarsin!” diyerler, “imana gel, Allanyn beren sözi, elbetde, hakdyr!” Ol bolsa yene-de: “Bu âhyret ynanjy önkilerin ertekilerinden başga hiç zat daldir” diyip ketjallygyna tutar. (Ahkaf, 46/17)
-
ata
16 years ago
- Ýokardaky bolan aýatdyr hadyslarhem-de bolan wakalar boýunça öz çykaran netijelerim:
1- Ejelerimiziň haklaryna galmaly däl, olary gynandyrmaly hem däl, şeýle ýagdaýda hem jeza çekiljegi hem-de ryzkymyzyň darlaşjagy(azaljagy) ikuçsyz;
2- Käbir ýanýoldaşlar öz bähbitleri üçin ýalan-ýaşryk bahanalar bilen ýanýoldaşlaryny öz ene-atalaryna garşy gönükdirip biler, mundan örän ägä bolmak gerek;
3- Ejeler mukaddesdir;
4- Biribaryň hakyndan soň ene-ata haky gelýär, hatda, Pygambberden hem öňde, ýöne şu şert bilen: ene-ata Biribar we pygamberleriň emirdir isleglerine garşy gelmejek ýagdaýda özlerini alyp barmaly, islemeli we buýruk bermeli.
-
Harmandali
16 years ago
- Salamalik Ata aga! Gaty gowy zatlar yazypsynyz minnetdar agam. Gunlerde bir gun biz hem eje bolars shonda ejelere diyip yazylan mahirli zatlar bize hem degishli bolar :)) Sebabi shu gunun gyzlary geljekki EJELERIMIZ ahyr sheyle dalmi!! Shonun uchin bizi geljekki EJELERI sylan, hormatlan :))
-
Harmandali
16 years ago
- Agamyň deregin tutan ejem jan,
Düýe bakyp hallan atan ejem jan,
Wah, sen ozalynda dörän mahalyň
Ölmek üçin döräpmidiň, eje jan?
Heý, eje-de ölmek üçin dörärmi?
Aslynda nämekä eje diýlen zat?
Şo günler aklyma gelşine görä,
Ejeler ömürlik dünýä inen zat.
“Bir mahal ejesiz galaryn!” diýip
Ýatsam tursam gelermidi kelläme!
Kämahal kelläme geläýende-de,
Beýle bolar öýdüpmidim men näme?
Ejem mydam gezip ýörjek ýalydy,
Galmajak ýalydym ejemden soňa.
Syrkawlamda- gapdalymda oturjak,
Ölen wagtym-gujagyna göterjek,
Ugran wagtym- ses-agymy ýetirjek
Diňe ejem bolup görnerdi maňa.
Soňky gezek ellerini sypalap
Hoşlaşsyn ejesi öz gyzy bilen.
Eý, sen ejem janyň dirilik wagty
Dolan bir pursatlyk yzyňa dolan!
Göýäki diýersiň, on sekiz ýaşda
Otuz ýaşly ýaly ulaldym birden.
Eger wagty gelip üstüňe düşse
Kän zady göterjek ekeni gerden
-
Harmandali
16 years ago
- \"Gumdan tapylan yurek\" diyen Kerim agan poemasyndan. SHol bentlerini gowy goryanlay.
-
chopan
16 years ago
- agam(ata) daş edyanay bolsasa!
-
Maxat
16 years ago
Sebabi shu gunun gyzlary geljekki EJELERIMIZ ahyr sheyle dalmi!! Shonun uchin bizi geljekki EJELERI sylan, hormatlan Harmandali
şeyleligin-a şeyle welinnn.. yöne biz size şu wagt igenmesek haçan igeneli, birem geljekki sowgatlarynzy şu wagtdan isleman-da, nesip bolsa wagtynda alarsynyz
-
Harmandali
16 years ago
Hokman igenmeli diyilen zat barmydy agam!
-
Maxat
16 years ago
- hökman diyiba zat yok yöne hökman edilmeli zatlary edyan bolsam şu wagt diploma garaşyp oturmalydym
-
Harmandali
16 years ago
- Onda hokman edilmeli zatlary etmeli bashga zatlara wagt yitirman! Igenmek bolsa in ansat zat hemem islendik adamyn elinden gelya. Yone kyn zatlar name uchindir bizin yaltalygymyz sebaplimi yza galya edilman galya (men siz hakda aydammokdyrn)
-
ata
16 years ago
- Her tomus oye dync almaga baramda, ejem yanaklarymdan ogshap alyar begenjinden aglap. Gaydam-da gynanjyndan :)
Ejelere ayratyn berlendir-da bu duygy, men-a pinime-de dal welin, ejemin meni goresi gelyanini bilyan, sebabi her jan edemde aydyalar, men hem, ensallah, gysga wagtda geljek bolyanymy aydyaryn, bashga name edip bilerin?!
Sizinkilerem sheylemay?!
-
garabekewul
16 years ago
- wah ata aga gaty goresim gelyar käbämi,mele myssyk tamdyr nanynyn ysy gelip duran elini öpip:buyur ene name hyzmatyn bolsa\"diysem.soranmysh bir ene,shahyra bakyp,dünyäniň durky ne aydyp bersene,shahyr hem diyenmish dyzyna çöküp,dünyäniň bar durky-ene-sen ene!!!!
-
ata
16 years ago
- ýokardaky goşgyň doly görnüşi hem bolmaly, tapan goýsun-la, ýa-da häzir jyklap bir göreýin!
-
ata
16 years ago
- tapdym, ýene dada jijuş ýetişdi :)
\"Gurbandurdy Gurbansahedow. (Ene)
Soranmysh bir wagyt Ay gune bakyp:
“Dunyanin gorki na? aydyp bersene?”
Gun hem diyenmishin nuryny dokup:
“Dunyanin bar gorki enedir ene”
Soranmysh bir wagyt el suwa bakyp:
“Dunyanin berki na? Aydyp bersene?”
Suw hem diyenmishin sharlayip akyp:
“Dunyanin bar berki enedir ene”
Soranmysh boz gulan bir ata bakyp:
“Dunyanin orki na? aydyp bersene?”
At hem diyenmishin julgeler sokup:
“Dunyanin bar orki enedir ene”
Soranmysh bir Ene shahyra bakyp:
“Dunyanin durky na? aydyp bersene!”
Shahyr hem diyenmishin dyzyna chokup:
“Dunyanin bar durky Ene sen Ene!”
Ikisi(ene we çaga) hem dunyanin gorki :)
Dowamy :) Harmandali | 2007-12-03 11:05:26\"
-
ata
16 years ago
wah ata aga gaty goresim gelyar käbämi,mele myssyk tamdyr nanynyn ysy gelip duran elini öpip:
,
senem meň ýaly ýyllarça watanyňdan, maşgalaňyzdan uzak galana meňzeýärsiň :)
eh, bir aý 1 ýyl ýaly gelýär kämahal...
-
ata
16 years ago
- eje/ene mukaddesligi barada yazgylara dowam :)
Biribaryň goldawyna sebäp bolan haýyr – ene-atalara hormat we olara hyzmat
Üç goňşy bolup, ryzyk agtarmaga gidipdiler dagyň etegine “belki-de aw awlap, näçe gün bäri et garasyny görmedik maşgalalarymyza et äkidip bileris” diýen niýet bilen. Olaryň awlarynyň oňly geçmegine pursat bolman tüweleý turup, harasat gopup başlady şol ýerde. Bular hem derrew dagyň etegindäki gowaga sygyndylar. Harasat dagyň uly bir daşyny hem goparyp, olaryň sygynan gowagyny agzynyň ymykly ýapylmagyna sebäp bolupdy. Olar hem aç-suwsyz we ysgynsyz halda şol daşy süýşürmäge rowgatlary ýetmändi. Şeýlelik bilen olar özara maslahatlaşyp, Biribara eden haýyrlaryny aýdyp, şonuň hatyrasyna gowagyň agzyndaky uly daşy aýyrmagyny Biribardan dilemeli diýen karara geldiler. Olardan biri:
- Eý, Rahym bolan Allahym! Men bir gün ýolda gidip barýarkam, bir ýolagçynyň düýesine ýük ýükläp bilmän gynanyp duranyny gördüm. Oňa Seniň razylygyňa talyp bolup ýardam etdim. Eger menden şol sebäpli razy bolan bolsaň, onda şu daşy gowagyň agzyndan aýyr, eý, Rebbim! – diýip dileg etdi.Gowagyň agzyndaky uly daş azajyk gozganyp, gowaga daşardan yş gelmäge başlady. Olardan ikinjisi:
- Eý, Rahman bolan Allahym! Men bir gün ýolda ýatan uly bir daşy ýoldan geçen ýolagçylara päsgel bermesin diýip, hem-de senin razylygyňa talyp bolup togalap ýoldan aýyrdym. Eger menden şol sebäpli razy bolan bolsaň, onda şu daşy gowagyň agzyndan aýyr, eý, Rebbim! – diýip dileg etdi.Gowagyň agzyndaky uly daş ýene-de azajyk gobsunyp, olaryň daşaryna görüp biljek ýagdaýda gowak agzy açyldy. Olaryň üçünjisi:
- Eý, hemişe gören, eşiden, bilen we kömek eden Allahym! Men hemişe öz ene-atama hormat etdim, hatda, hergün olara dükandan süýt getirip bererdim. Ýene birgün gijiräk olara süýt getiremde, olaryň ýatandyklaryny gördüm. Olar oýanýança, olaryň başujynda garaşdym we oýanan wagtlary süýdi täzeden gyzdyryp, olara içirdim. Şonuň üçin menden razy bolan bolsaň, onda şonuň hormatyna bu daşy gowagyň azgyndan aýyr, eý, Rebbim! - diýip dileg etdi.Gowagyň agzyndaky uly daş bu gezek düýpli hereket eddip, olaryň gowagyň daşyna çykyp bilmeklerine sebäp boldy.
Ynha, görşümiz ýaly, ýene ene-ata hormat goýmak we olara hyzmat etmek – Biribaryň razylygyna we onuň goldawyna sebäp bolýar. Bu babatda yokarda-da degishli ayaty goyupdym, yene gaytalamakcy ahmiyeti ucin:
“Rebbiň, diňe özüne ybadat etmegiňizi, ene-ataňyza garşy-da özüňizi örän oňat alyp barmagyňyzy takyk ỳagdaỳda emretdi. Olardan biri ỳa-da her ikisi-de seniň ỳanyňda garran wagty, (haỳsam bolsa bir ỳumuşdyr haỳyşlary üçin) olara ‘Off’ hem diỳme; olara (ezỳet edip) yrsarama; ikisine-de (örän) oňat (we hoşamaỳ) sözler aỳt!
Olara mylaỳymlyk we alçakgöwünlik bilen ganatyňy ger( eỳe çyk) we şeỳle dileg et:“Eỳ, Rebbim, olar meni çagakam nädip (her-hili kynçylyklara döş gerip) ỳetişdiren bolsalar, edenlerine sylag hökmünde Sen hem olara merhemet et!” (Isra, 17/23)
Bu babatda pygamberimiz hem bu babatda manysy boýunça:
“Üç adama geň galaryn:
1- Rehmet aýy Remezana gowuşyp-da, günälerinden tämizlenmeýäne;
2- Ene-atasy garrap-da, olara eden oňat hyzmat etmezlikleri netijesinde jenneti(uçmah) gazanmaýanlara;
3- Pygamberimizin ady agzalanda salawat getirmeyanlere” –
diýipdir.
Hemmämiz üçin ene-atalarymyza hadys buşlugy bilen jenneti gazanmaklygymyza sebäp boljak laýyklykda hormat goýmak we olara hyzmat etmek dilegi bilen!
-
ata
16 years ago
- Onki sahypada-da bardy, yene goyyan:
Yokardaky yazgylara seredip, kelläme bir pikir, has takygy, soraglar geldi bir ýazgyny okap, ynha, soraglar şeýle:
1- Men kakam we ejem bilen näçeräk gepleşdimkäm?!
2- Olara hormatym nä derejede?!
3- Olary näçeräk begendirdim ýa-da gynandyrdym?!
4- Olaryň sözlerine düşünişim we boýun egişim nä derejede?!
5- Olara nä derejede goltgy berdim?!
We ş.m. soraglar. Mundan öň hem, aýratynam, ejeler barada birnäçe blog açypdym ýadyňyzda bolsa, şonda-da ejeleriň nähili mukaddesligi barada ýazylypdy. Özüm-ä şu sahypadaky köp agzalar ýaly daşary ýurtlarda bilim alyp gezip ýörün, şol sebäpli, ene-atam bn örän az gepleşenligime göz ýetirdim. Belki-de, köp gepleşmek dogry hem däldir, olar haýyr babatda näme diýse, gulak asypjyk ýerine ýetiribermelimika diýýän. Düşünmedik ýerimizde kä zatlary sorapjyk. Ýöne olar bn gepleşmegiň hem öz lezzeti bar-da, ejem, enem hemişe göresleri gelýänini, ýanynda oturdyp synlaslary gelýänini aýdýardylar. Enem-a 3 ýyl öň baky äleme göçüp gitdi, ýatan ýeri ýagty bolsun pahyryň! Ejem bolsa, ýylda bir gezek öýe barýanym üçin, hemişe göresi gelýänini aýdýan eken Aşgabatdaky doganyma. Aý, biz obada bolamyzsoň, olar bilen telefonda-da gepleşip bilemzok-da! Bähbit bolsun, Pygamberimiz 1 hadysynda:\"Sila-i rahym etmedik bizden daldir!\" diýýär, vagny, manysy boyunca:\"mashgalasyny, garyndashlaryny hemishe gorup, goldaw bermeyan kamil manyda musulman daldir!\".
Biz 9 dogan, ejem hemmämizi ýetişdirmek, iýdirip içirmek we terbiýelemek üçin, gör, näçe jepalar çekendir. Hazir ejeler onça çaga dogurýarmy, olara şeýdip seredýälermi, biljek däl. Ýööne meen-ä ejeme bu babatda telpek çykarýan, Biribar ondan razy bolsun! Örän mähirli ejem jan :)
Enşallah, beýleki tarapda hemişe bile bolarys we ene-atamyza laýyk nesiller, ýanýoldaşlarymyza sadyk ýar we çagalarymyza laýyk ene-ata bolarys diýip umyt we dileg edýärin!
Bu babatda sizem öz başdan geçirenleriňizi, tejribeleriňizi biziň bn paýlaşaýsaňyz!
Sag boluň!
-
ata
16 years ago
- yokardaky yazgy boyunca:
Ene-ta hormat Biribara hormatyn yz yanyndan gelyar, muny Biribaryn Ozi bize bildiryar! Biribara garshy gelmejek yagdayda ahli aydanlaryna gulak asmalydygymyzy Onun Ilcisi(SAW) hem nygtayar. Bu yerde bir zada unsunizi cekmek isleyarin:
Biribar Oz hakyndan son pygamber haky dal, ene-ata hakyny getiripdir. Garaz, olary ynjytmak bize(cagalaryna) yarashmaz. ulyny aglatmak kica yarashmaz!
-
ata
16 years ago
Men her gezek TM baramda, 2 hepdelik, in kop bolsa 3 hepdelik bolyan, oyde bolsam, in kop 1 hepde ya-da has az bolyan, galan 3-5 gunleri Ashgabatda, 2-3 guni Bayramalyda we Maryda, beyleki gunleri hem dost-yar toylary we beyleki resmi ishler bn gecyar, ejem bolsa bu yagday gynanyar, gelenin-a 2 hepde welin, onam dasharda geciryan diyip :)
Ynha, basym yene tm gidip baryan, ozem yene 2 hepdeligine, indi nace gun oyde bolarkam:)
1-Dushushyk gurnamak(asb-da);
2-Bilet ucin asb-da ylgamak;
3-Durli welayatdaky dost-yarlarymy ziyarat etmek;
4-Asb-daki in gowy goryan dostumyn toyuna gatnashmak;
5-Her juma B-ala ya Mara gitmek;
we sh.m. zatlar sebapli, yene dasharda bolaryn :)
Ha, birem, yokardaky soraglarymdan ilkinjisi:
\"1- Men kakam we ejem bilen näçeräk gepleşdimkäm?!\" bolmaly, bu barada:
Asb-da gyz doganym yashayar, onun bn hemishe janlashyan, kamahal bolsa, T.gala(/Mary) obadan ejem-dadem we dogan-jigilerim olara myhmancylyga gelyar, shonda gepleshyan olar bn, olam yilda 1 gezek yaly:)
Menin tel yazgylarymda ejemin hem, kakamyn hem, dogandyr jigilerimin hem sesleri yazylgy, islan wagtym dinlayyan, 1 gezek Ashgabada gelipdirler uyshubrak, yekan-yekan gepleship, yazdyryp alypdym, bah, gowy boldy bar-a :)) Yogsam obada tel yog-a, gepleship bilemok men!
-
ata
16 years ago
- ene-ata barada kop mowzuk acylypdy shu wagda denic, men dineje linklerini goymakcy, \"copy-paste\" bn seredip bilersiniz eger gyzyklanyan bolsanyz:
1- http://www.talyplar.com/read.php?bid=2899 ;
2- http://www.talyplar.com/read.php?bid=2593 ;
3- http://www.talyplar.com/read.php?bid=2784 ;
4- http://www.talyplar.com/read.php?bid=2462 ;
5- http://www.talyplar.com/read.php?bid=2743 .
bashga-da kan welin, bular yeter-le :)
-
ata
16 years ago
- shu mowzuk oran peydalymyka diyyan, gerekli yerlerini alyp, cagalara, yash-juwanlara, hatda , has uly ynsanlara-da okadylmalymyka diyyan:)
Bellik: ozumi owen yaly boldum-ow, gor, men nahili pes adam!
-
Harmandali
16 years ago
- Ejeler barada nache yazsanam azlay hemem olary gowy gorshuni soze gechiribem bolanok. Gije-gundiz yadaman irman hysyrdap yorshlerine telpek goyyan. Kawagt pikir edyan “ejemin shu edyan zatlaryny men eje bolanymda bashararmykam?!” diyip. Yashasyn ejeler!
-
el_mariachi
16 years ago
- ejesini görde gyzyny al...birzadyny görde bizinimi
men dne şol gyzly yerini bilyan:)
-
ata
16 years ago
- maşgalada däp-dessur goragyny zenan maşgala has oňat ýerine ýetirýärmi ýa erkek?!
pikirimçe zenan maşgala.
Näme sebäpli? Siz bu barada öz pikiriňizi aýdyň, soň menem 1 zatlar pylçamakçy :)
wagt azalýar, gaçmaly wagtym ýetip gelýär.
-
shooter
16 years ago
- Her love is like an island
In life\'s ocean, vast and wide
A peaceful, quiet shelter
From the wind, the rain, the tide.
\'Tis bound on the north by Hope,
By Patience on the West,
By tender Counsel on the South
And on the East by Rest.
Above it like a beacon light
Shine Faith, and Truth, and Prayer;
And thro\' the changing scenes of life
I find a heaven there.
ata 16 years ago- Yene eje mähri barada bir hekayanyn terjimesini sizin bilen paylashayin diydim, ynha:
Allahyň Rehmeti
Gyzgalaňly söweş bolupdy. Käbir ynsanlar wepat edipdi, birnäçesi bolsa ýesir düşüpdiler. Içlerinde zenan maşgalalar we çagalar hem bardy. Şol zenan maşgalalardan biri ýesirleriň arasyndaky çagalardan öz ogluny örän janygyp gözleýärdi. Baryp bir çagajygy eline alýar, ýüzüne seredýär, ysgaýar, onuň öz çagasy däldigine göz ýetirip, başga bir çaga şol bir zatlary edýärdi aglamjyrap. Ahyrsoňy öz çagasyny tapypdy. Bagryna basyp, ogşap, ysgap ony şeýle mähir bilen söýýärdi, hany, “iýäýjek bolýardy” diýleni bolupdy. Bu ýagdaýa uzakdan seredip duran Pygamberimiz hem duýgylanyp, öz sahabalaryna:
-Şu zenany görýärsiñizmi?
-Hawa, eý, Allahyň Resuly!
-Şol zenan elindäki öz çagasyna oduň içine atarmy?!
-Ýok, eý, Allahyň Resuly!
-Allah şol zenandan has Rehmetlidir! – diýenden soňra ol şu hadysyny aýtdy:
“Allah öz rehmetiniň yüzde bir bölegini bütin jandarlara paýlady. Şol mukdar boýunça haýwanlar hem öz çagalaryny gorap, öz aralarynda düşünişip ýaşaýarlar. Galan yüzde togsan dokuz bölegi bilen bolsa, bendelerine şepagat we merhemet edýär. “