Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Bilşiňiz ýaly, 12 Turkmenbashy ayi (Yanwar) Hatyra günidi. 1881-njy ýylda Gökdepe galasynda şehit bolan on müňlerçe türkmenleriň ýatlanýan, olaryň ruhlaryna bagyşlap, aýatdyr töwir okalýan gün. 3 gun gija galan hem bolsam, shol gün mynasybetli şehitlerimize näme sowgat edip bileris? Bu soraga bir-iki hekaýa bilen jogap bereýin: Sogap paýlanşygy Yslam alymlaryndan we kalby adatdan daşary (bilinmeýän) yagdaylar üçin açyk bolan bir şahys wezipesi sebäpli bir oba barýarka, garaňky gatlyşany sebäpli we barjak ýakyn garyndaşdyr tanyşy-da bolmanlygy sebäpli, obaň golaýyndaky mazarlykda gijäni geçirmegi niýet edýär. Ol uka gidenden sähel salym soň ynsanlara sapak boljak ýagdaýda bir düýş görýär. Düýşünde gabrystan halky tolgunyp, begenişip öz aralarynda bir zatlar paýlaşýan ekeni. Ol hem olara (alym=A, gabyr halky=G): A – Eý, gabyr halky, siz näme paýlaşýaňyz beýle özara?! G – Sogap paýlaşýas, sogap! A – Sogap siziň üçin şeýle möhümmi? G – Ol nähili sorag? “Diri yzzatdan doýmaz, öli aýatdan” diýip eşitmänmidiň? Oduň täsirini bildirmeýän köýnek nähili ähmiýetli bolsa, sogap hem biziň üçin şeýle. Sebäbi biz siz ýaly dünýäde ýaşaýarkak, käbir günäleri gazanypdyk. Şol sebäpli-de ataş ýanyp duran ýaly gyzgynlygyň içinde ýaşaýarys häzir. Ýöne bize sogap paýlansa, onda biz ony üstümize gyzgyn/ot geçirmeýän köýnek edip geýýäs, oduň täsiri azalýar, azabymyz ýeňleýär. A – Bu paýlaşýan sogabyňyzy kim size berdi? G – Mazarlygyň ýanyndan geçen möminler sowgat etdi. Köp ynsan mazarlykdan geçende, hiç piňine-de alman ýekeje Yhlas(Kulhüwellah) ýa-da Fatiha(Elham) süresini hem okaman geçýäler. Käbirleri bolsa:”Wagty gelende bizem ölüp, gabra gireris, bize-de okasynlar!” diýip, hemişe okap, derrewjik ruhlarymyza sowgat edip geçýärler. Agşamdan öňüräk şeýle bir topar geçip, bize-de bilýän aýat-töwirlerini okap, sowgat edip gidipdiler, häliden bäri şolary paýlaşyp durys görşüň ýaly. Indi bizi ýakyp-gowrup barýan yssynyň täsiri azalar we az wagtlyk ondan gutylarys. Şol sebäpli-de bizi begençli görüp dursyň!
Hatyra güni mynasybetli, Gokdepe galasyndaky şehitlerimize näme sowgat edip bileris?
-
ata
16 years ago
- yokarda sepde yalnyshlyk boldy, bagyshlan!
Onki werzish bolan usulymdy, yene ulanypdyryn!
dogrusy, ynha:
Hatyra guni
-
ata
16 years ago
- Hatyra guni
-
garabekewul
16 years ago
- (sowgat sozi birhilirak bolupdyr mowzugyn adynda)t-stan dowleti doremezden öň,ruslar gelmezden öň,bu hazar denizinden,amyderya,koytendaglaryna,pendi chollerinden maňgyshlaga,turkmensahrasyna dushman bolup gelene ajal bolup eňen turkmen gercheklerinin 18 asyr ahyrlarynda taleyi ters geldi.görogly aytmyshlayin top tupeň tapyldy mertlik yitdi.birwagtlar\"eger ol erkin mydam budur turkmen binasy\"dine birine bagly bolup galdy.hatda bu sozlerin eyesi bolan turkmenin beyik shahyry magtymgulynyn mazary hem yat yurtda galdy.eyranda galan t.nler 1925 yylda gozgalaň turuzup,nasreddin shanyn goshunlaryny derbi dagyn edip,ayratyn turkmen dowletini doredende hem,prezident edip osman ahuny saylap,sonra nasreddin sha nemeslerden 25 sany bombalayjy uchar alyp bombalap yok edende,komek sorap t-stan sssr ine yüz tutanlarynda gaygysyz atabayewe moskwanyn garshy chykmasy oz doganyna hem komek edip bilmeyar.gokdepe galasynda wepat bolanlar,bu watan u/n bashyny goyan mert merdanlar goy olaryn jaylary jennet bolsun!bu mert merdanalar turkmen halkynyn kalbynda yashapdyr-yashayar-yashar!!!!
-
Harmandali
16 years ago
- Men hatyra guni hakda tema achylmadygyny gen gorup yordum hemem eyyam gechenson achmayyn diyipdim yone Ata aga dogry etdiniz achyp shu temany. Gechenlerimizi gich bolsa hem yatlap gechelin. Mena gaty gynanyan shol galadaky bolan zatlara asyl tm topragynda chaykalan ganlara asyl shol dowurun kanunlaryna. In gynanyan zadym hem chole tarap gachanlarynam yzyndan yetip oldurupdirler ey bizin gechenlerimiz yaman erbet zatlary bashyndan gechiripdirlerlay. Mena dalirardim eger gozumin onunde sheyle urshlar bolan bolsa. Ayal-gyzlarymyza-da berekella oglanlar bilen den hatarda goreshipdirler.
Boshyrajyk wagt tapsam shu gyshdan sag-amanja chyksam Gokdepe galasyna gidip gorjek. Here gezek gapdalyndan gechip gaydyan yone ozune baramok ichine girip goresim gelya gadymy zatlary gowy goryan.
-
Harmandali
16 years ago
- HA birem 12 yanwar Ata agamyzyn garrayan guni ony gutlap bilersiniz :))
28 yashady! Mena eyyam gutladym indi gezek sizden!!
-
Maxat
16 years ago
- ata agany men-a telpek berilyan yerde gutlapdym, enşalla telepegi gutaran daldir, mana da bir galan bolsa bolyar
-
Maxat
16 years ago
- bah birem ata aga sen men ejem bn bir günde eken, menkam şu günden 1ay 1 gün son.
-
Wepa
16 years ago
- makalaňa sag bol. Senem gutlaýan
ata 16 years ago
Wikipedia-dan [url=http://tk.wikipedia.org/wiki/Hatyra_guni]\"Hatyra guni\"[/url] barada:
1881-nji ýylyň 12-nji Turkmenbasyda ir bilen 11 sagat 20 minutda 1 tonna 120 kilogram därini galanyň gündogar böleginde partladyp, oňa girmäge mümkinçilik gazanan rus goşunlary eýýäm 12 sagat 30 minutda galanyň içinde aljyraňňylyga düşen adamlary uçdantutma gyryp ýördüler. Duşmanyň 1 million 140 müň oky bardy. Ol oklar galanyň içine ýygnanan 45 müň çemesi türkmene garşy atylmalydy. Elinde sowuk ýaragdan başga idili söweş esbaby bolmadyk her türkmene 25 okdan ýetýär. 23 günläp gabalan galanyň içine 872 müňden gowrak tüpeň oky we 120 müňden gowrak top oky atylypdyr… Şahyr Gurbannazar Eziziowyň sözleri bilen aýtsak bir başa bir ölüm ýeterlikkä, bir başa 25 ölüm artygrak dälmi?
Ýöne gala ýygnananlar Watan üçin bir gezek däl, 25 gezek ölmelem bolsa taýýardylar. Olar muňa boýun alykdylar. Olarda esasy maksat Watan üçin jan bermek, şehit bolmakdy. Olar Watan üçin, ar-namys üçin gara başy gurban etmegiň diňe sözde däl-de, durmuşda nähili bolýandygyny görkezipdiler. Bu bize ata-babalarymyzdan galan iň uly baýlygyň, iň gymmatly mirasyň biridir. Olar bize Watany söýmegiň asyl nusgasyny goýup gitdiler.
Serdarymyz Permany bilen şol gerçeklere “[[Türkmenistanyň gahrymanlary]]” diýen belent at berildi. Her ýyl Watan üçin wepat bolanlaryň hatyra gününi uly il bolup döwlet derejesinde bellemegi karar etdi. Bu hatyra gününiň her ýylyň ilkinji aýynda bellenilmegi hem ýöne ýere däl bolsa gerek. Türkmeniň her ýyly Watansöýüjilik ruhy bilen hatyra saklamakdan, geçenleri ýatlamakdan başlanýar.
Gökdepe galasynyň synan gününiň “Hatyra güni” diýlip yglan edilmeginiň ýene-de bir uly manysy bar. Ol hem ýeňişden ýeňilişiň ýakyndygy görnüp durka ata-babalarymyzyň Watan üçin ölmeli diýip gelen kararlaryny biziň günlerimizde dogry diýip tassyklamakdyr. Gökdepe galasynda dökülen ganyň manysyz däldigini, şol uruşda wepat bolanlaryň hakyky Watan gahrymanlarydygyny jedelsiz hakykat edip goýmakdyr. Ondan öňem, soňam Watan üçin gara başyny goýanlary Gökdepe galasynda şehit bolanlar bilen bir hatarda hatyralamakdyr. Gökdepe türkmeniň Käbesidir. Watan üçin türkmeniň bir okuň däl, ýigrimi bäş okuň öňünde durmalam bolsa durup bilýändiginiň subutnamasydyr. Bu gahrymançylyk bizi parahatçylykly günlerde-de Watanyň gymmatynyň, hatda öz janymyzdanam ýigrimi bäş esse gymmatlydygyny ýatladyp durmalydyr. Watanyň abraýy üçin edýän her bir işimizde, okuwymyzda biziň yhlasymyzyň, görkezmeli gaýratymyzyň näçe derejede bolmalydygyny biz ata-babalarymyzyň ýigrimi bäş okuň öňünde durmaga döz gelip bilişlerini ölçeg edinip kesgitlemelidiris. Biz hem edil ata-babalarymyz ýaly hatyrasy tutulmaga mynasyp adamlar bolup ýaşamalydyrys. Biz parahatçylykly, asuda günlerde Watana şan-şöhrat getiren zähmet gahrymanlary bolmalydyrys.