Iň güýç­li hem bag­ty­ýar ynsan

Bir og­lan ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­ni üs­tün­lik­li ta­mam­lap, işe ýer­leş­ýär. Mu­ňa diý­seň buý­sa­nan ka­ka­sy gün­le­riň bi­rin­de og­lu­nyň ýa­ny­na bar­ýar. Og­lu­nyň iş ota­gy­na gir­se, ol jaý­la­şyk­ly otu­ran eken. Ka­ka­sy og­lu­nyň ýe­rin­den gal­ma­gy­na maý ber­män, sa­lam­la­şan­soň, eli­ni onuň eg­ni­ne goý­ýar-da:
– Og­lum, eý­sem, dün­ýä­de iň bag­ty­ýar, iň güýç­li adam kim­kä?! – di­ýip, so­wal ber­ýär. Ol öz ýa­nyn­dan “El­bet­de, ka­ka, dün­ýä­de iň güýç­li adam sen­siň” di­ýen jo­ga­ba ga­raş­ýar. Em­ma og­ly äw­mez­lik bi­len:
– Dün­ýä­de iň bagt­ly hem-de güýç­li adam men – di­ýip, jo­gap ber­ýär. Alan jo­ga­by­ndan la­py­keç bo­lan ka­ka­sy, otag­dan çyk­mak bi­len bol­ýar. Ga­pa ýö­ne­len­soň, yzy­na öw­rü­lip, so­wa­ly­ny ýe­ne-de gaý­ta­la­ýar. Em­ma bu ge­zek og­lun­dan:
– Dün­ýä­de sen­den güýç­li adam bol­maz, ka­ka! – di­ýen söz­le­ri eşi­dip, bi­çak ho­şal bol­ýar we og­lu­na ga­rap:
– Ýa­ňy­ja-da sen dün­ýä­de iň bag­ty­ýar we güýç­li yn­san men­ di­ýip­diň. Eý­ýäm, pi­ki­ri­ňi üýt­ge­däý­diň­le?! Mu­nuň se­bä­bi nä­me?– di­ýip, ge­ňir­gen­ýär. Şon­da og­ly ka­ka­sy­na ga­rap:
– Ka­ka, ýa­ňy se­niň eliň me­niň eg­nim­de dur­dy. Şon­da men se­niň bar­ly­gyň üçin özü­mi dün­ýä­de iň güýç­li adam saý­dym. Hä­zir bol­sa, me­niň eg­nim­de se­niň ber­daş­ly el­le­riň ýok. Şo­nuň üçin per­zen­di ha­kyn­da gi­je-gün­diz ala­da ed­ýän adam hök­mün­de, dün­ýä­de iň güýç­li adam sen­siň – di­ýip, jo­gap ber­ýär.

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir