Aman Annadurdy Durmuş bu oýnuny bildirmän goýmaz, Ol aglatman goýmaz, güldürmän goýmaz, Batyryñ zarbasy sowular gider, Gorkak bir ýapyşsa, öldürmän goýmaz! *** Gapydan kowdular, törden kowdular, Öýläne-de goýman, irden kowdular, ”Sesiñ sesimize meñzänok” diýip, Gargalar bilbili hordan kowdular. *** Tanyşyn, bilişin, görenin satýar, Haryt alyp, haryt berenin satýar, Ol tirýek satardy Käbä gitmänkä, Hajy bolup gelip, geroin satýar! *** Çeýnäniñ, ýuwdanyñ gumana boldy, Boldy, dili kelte Amana boldy, Zyñan köwşüñ bilen kowan aýalyñ Gözläp ýörmeli bir zamana boldy. *** Çeýnäniñ, ýuwdanyñ gumana boldy, Hezillik Laçyna, Jemala boldy, Düzeler-dä diýip, çak urýar kimler, Emma düzeljegi gümana boldy. *** Eziz adam derman seniñ dyrnagyñ, Ýöne hakykady gaty görmegin, Dogry aýdýañ, türkmen dürtmeseñ duýmaz, Ýöne duýandan soñ dürtüp ýörmegin. *** Bu durmuşda adalat kän, göreş kän, Ýöne muña adalatlyk ýaraşýar, Deñziñ kenaryna zyñlan balyk men, Bir tolkunyñ gelerine garaşýan. *** - ”Eşegiñ kellesine tylladan taññyr, Düñder” – diýip, biri aýdypdyr öñ bir, Eýder-beýder bildir eşekligini, Ýa gulagyn çykar, ýa elhenç aññyr. *** Gurbagany uçýar diýip ýamanlar, Pyşbagany gaçýar diýip ýamanlar, Eger ol Hudaýyñ öýün tapaýsa, Muhammedi içýär diýip ýamanlar. *** Gepleşilýän ýerde gepe düşerler, Düşünmedik ýañsa alar, üşerler, Eşeklerem juda akmak saýmagyn, Eşek bolsañ, arasyna goşarlar. *** Ýüregim bir erbet bulandy bu gün, Göwnüm gaýga batdy, elendi bu gün, Ak bazarda esräp duran ak iner Eşek bahasyna dilendi bu gün. *** Her geçip gideni gazdyr öýüdýär, Her şemal öwsende ýazdyr öýüdýär, Bir gün depesinden birje hoz gaçdy, Indi bar agajy hozdur öýüdýär. *** Käte gyşym, käte mylaýymym bar, Eden işlerine müñ kaýylym bar, “Jan” diýsem, emgenmän janymy aljak, Ştatdan daşary Ezraýylym bar. *** “Gepleme” diýýärsiñ, men name malmy? Öñräkden gelýändir hakykat ylmy, Atlananlar atasyny tananok, Atasam tananok: oglumy, dälmi… *** Diýmäñ: ”Amana-ha uşaklaýandyr”, Susak tapmadyklar kaşyklaýandyr, Nesip bolsa, setir baryn tirkärin, Galyñ düşmekçi gar uşaklaýandyr. *** Bu durmuşda işiñ telek bolmaly, Goçam bolsañ, kelläñ kelek bolmaly, Künti seni öýne çagyrsyn diýseñ, Ýedi arkañda ýeke jelep bolmaly. *** Gylygyna düşýär, oduna düşýär, Köwsaryna düşýär, badyna düşýär, Takwanyñ baru-ýok algy-bergisi, Namaza duranda ýadyna düşýär. *** Durmuş pelsepesi irizdi halys, Indi ýakyn bolup görnenok alys, Gapymyzda iki maşyn saklanýar, Birisi tiz kömek, birisi polis. *** Hany bir bakaýyn, göreýin çykýar, Ajal hanjaryna gara gyn çykýar, - ”Kurandan nur çykýar” diýýärsiñ, hajy, Seniñ kitabyñdan geroin çykýar. *** Dury suw gaýnatdyk, goýaljak boldy, Tiz bitýän işlermiz haýaljak boldy, Käbä gidip ant içip dur kezzaplar, Mekge-Medine-de oýunjak boldy. *** Göz alnymdan ençe gowulyk geçdi, Gowulyk mydama öwülip geçdi, Şir ýoluny pişik tutdy pezzerip, Şir şirligin etdi – sowulyp geçdi. *** Dünýe üçin tämiz ellerim taýýar, Ýöne käte öñe geçäýýär haýýar, Haly dokan gelin ýer dyrmap otyr, Nas satan bazary göçürip barýar. *** Gül arzysy gülzar gülde tapylsa, Dil arzysy şeýda dilde tapylsa, Telpek baryn tikdi telpek ussamyz, Indi geýer ýaly kelle tapylsa. *** Ynanmazdym muny biri aýytsa, Göwnüm ýa-da şeýleräkdir öýütse, Başyñ dikkä pişik bolup süýkenen It bolup topulýar, işiñ gaýytsa. *** Ýapyldy gapylar, unduldy törler, Ýol-ýodalar ýitdi, sümsünşip ýörler, Batyllar şährinde ýeke göz şady, Onuñam gözüni çykardy körler. *** Söwda häli-häzir entek goýberiñ, Danany goýberiñ, tentek goýberiñ, Aýal gitse, açylýandyr etegi, Rysgy joşar ýaly erkek goýberiñ. *** Jaýlaryñ ornunda haraba-da ýok, Türkmene, buluja arabada ýok, Her öýde bir maşyn bolar öýderdik, Her öýde bir eşegaraba-da ýok. *** Tüm deý tokaýlarda atyñ siz hallan, Size berekedi berilen Allañ, Goý, diýsinler geldi amatly pursat, Eý, eziz maýmynlar, adam bir bolmañ! *** Olañ täsin, uly hyýallary ýok, Wah, o ýanlary ýok, bu ýanlary ýok, Nämüçin aýallar uzak ýaşaýar? Sebäbi olaryñ… aýallary ýok! *** Bu señ öz ýeriñde goýuldygyñdyr, Täleýden sypmarsyñ diýildigiñdir, Semredilýän bolsañ, bilip goýgunyñ: Eý goýun, jan goýun – soýuldygyñdyr!

Köneler, Harmandali tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir