Dynç alyş günleriniň birinde Milli Liderimiz ýarygije kuwwatly sport awtoulagynda Garagum sährasynyň ýollarynda, menzil aşdy.

Milli Liderimiz bu sport awtoulagyny ogly Serdar bilen bilelikde çyzgylaryň esasynda birnäçe enjamlaryny çalşyryp, hereketlendirijisini güýçlendirip, ýörite taýýarlapdy. Milli Liderimiz kuwwatly sport awtoulagyny ýokary tizlikde sürip, garagumyň çylşyrymly ýollaryny sähra giňişligi arkaly ussatlyk bilen menzil aşyp barşyna agtygy Kerimiň täze döreden saz eseri “Ýaşa Türkmenistan, bedew bady bilen diňe öňe” atly täze saz eseri özüniň jadyly owazy bilen ylhamyny joşdurýar.

Döwlet Baştutanymyz garagum sährasy boýunça kuwwatly sport awtoulagynda çylşyrymly ýollary geçip, gün batyp, sähranyň garaňkylyga beslenýän pursatlarynda “Garagumyň ýalkymy” diýen ýerine geldi. Milli Liderimiz bu özboluşly täsinligiň daşyndan öwrüm edip, onuň keşbini we aýratynlyklaryny synlady. Garagum sährasynyň “Garagumyň ýalkymy” diýlen bu künjegi dünýäniň bu ugurda iş alyp barýan köpsanly alymlarynyň ünsüni özüne çekýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly “Garagumyň ýalkymy atly täsin künjek ylmy taýdan öwrenilmeli we manysy açylyp, geljek nesillere ýetirilmeli täsin künjekdir. Çünki bu özboluşly künjek, garagumyň jümmüşinde ýerleşip, bu halkymyzyň kalbynyň ýylylygyny ak aýdyňlygy bilen äşgär edýär” diýdi.

Täzelikler, Gyzykly tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir