Halamaýan adamlaryň hakda pikir etmeli däl. Olara üns bermeli däl. Şonda göwnüň giň, nerwiň rahat bolýar.

Ejir iki hili bolýar. Fiziki ejir hem ruhy ejir. Adamlaryň çekýän ruhy ejiri görnenok. Şonuň üçin biz olaryň ir ölmeginiň sebäbini çeken fiziki ejirinden gözleýäris.

Zadyň bolanda-da, ýaşap bilmeseň, peýdasy ýok. Zat ulanyp bilmeseň, harama gidýär.

Gün-güzeran döredijiligiň ýoguna ýanýar. Şonuň üçin ýetde-kütde durmuşa kaýyl bolmaly. Ýaş şahyrlaryň köpüsi muňa kaýyl bolanok-da, oňat ýaşajak bolup, hars urýar. Hut şol sebäpli hem ýa-ha ýaş şahyrlygyna galýar, ýa-da ýitip gidýär.

Ýaşlygyň bilen baglanşykly ýerlere baryp, ýaşlygyňy taparyn öýdýärsiň. Emma, barybir, gamgyn ýatlamalardan başga tapjak zadyň ýok.

Şahyryň modadan galmagy biçak ýakymsyz. Bu näme üçin beýle bolýarka? Öň modada däl bolaýmasyn? Şahyr zor bilen ýa-da şerraýlyk bilen özüni ykrar etdirýär. Şahyr däldigi bilnen güni bolsa, modadan gaçandyr öýdýärler.

Samsyk pikirler hemme kişide bar, ýöne akylly adamlar olary aýtmaýarlar.

Näme iş etdirjek bolsaň, nyrhyny öňünden gürleş. Ýogsam, utulýarsyň.

Düşünişmezligiň esasy sebäbi, bir adamy gyzyklandyrýan zat beýlekisini gyzyklandyranok

Tüýdük – bişeýtan gural. Tüýdügiň mukamyna bişeýtan mukam diýilyär. Sebäbi tüýdük çalnanda göz-gaşyňy oýnadyp, oýun edip bolanok.

Çagalara diňe mähir-mylakatly bolmagy öwretmek gerek. Birehimligi hem yzgytsyzlygy olara durmuşyň özi öwreder.

Akylly adama göwünlik bermek kyn. Berýärler. Ýöne olaryň aýdýanlaryna ol parhsyz garaýar.

Käte şeýle bolýar: Diýmeli zat belli-de, diýip bolanok.

Adam garradygyça öýkelek bolýar. Sebäbi ol ýaş mahaly imrigen, gyzyklanan zatlarynyň köpüsinden mahrum bolýar. Göwün açyşýan dost-ýarlaryndan aýrylýar. Mähir gytçylygy döreýär. Şol gytçylygyň öwezini onuň ýakyn adamlary: ogul-gyzlary, gelinleri hem agtyk-çowluklary doldurmaly bolýar. Bu bolsa olara başardyp duranok. Şol sebäpli hem göwnüçökgünlilik, gam-gussa emele gelýär.

Adama mätäç etme” diýmeli däl. “Namarda mätäç etme” diýmeli. Namart – minnet edýän, eden ýagşylygyny diline çolaýan adamdyr.

Edebiýat, SözeAşyk tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir