Gojaman Hazaryň türkmen kenarynda ― Türkmenbaşy şäherinde «Türkmenistan ― rowaçlygyň Watany» ýylynda geçiriljek Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerindäki Hazar halkara innowasion tehnologiýalar sergisiniň we «Türkmen sährasy ― 2019» atly halkara awtosergisiniň geçiriljek günleri barha golaýlaýar.
Dünýäniň ençeme döwletlerinden Türkmenistanyň innowasiýa we ulag ulgamynda gazananalary bilen ýakyndan tanyşmaga isleg bildirýän iş adamlaryna, işewür hyzmatdaşlara bu sergilere gatnaşmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Türkmenistanyň «açyk gapylar» syýasaty netijesinde bu ägirt giň möçberli çärelere dünýäniň onlarça ýurtlaryndan ýüzlerçe kompaniýalar gatnaşar. 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda geçiriljek forumynyň çäklerindäki Hazar halkara innowasion tehnologiýalar sergisine we «Türkmen sährasy ― 2019» atly halkara awtosergisine diňe bir sebitiň däl, eýsem uzak we ýakyn ýurtlaryň işewürleri gatnaşyp, özleriniň hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny görkezerler.
Bu sergilere Russiýa Federasiýasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, şeýle hem Fransiýadan, Germaniýadan, Ýaponiýadan, Koreýadan, we beýleki ýakyndaky we uzakdaky daşary ýurtlardan wekiliýetler gatnaşmaga isleg bildirdiler. Sergilere gatnaşjak kompaniýalar özleriniň innowasiýa tehnologiýalaryny, ylymda we tehnikada işläp taýýarlamalaryny, ulag serişdelerini we oba hojalyk tehnikalaryny hem-de enjamlaryny hödürlärler.
Hazar halkara innowasion tehnologiýalar sergisiniň pawilýonlarynda tanyşdyrylyş zolaklary ýerleşdiriler. Türkmen tarapyndan we daşary ýurtlardan gelen gatnaşyjylar bu ýerde tanyşdyrma dabaralaryny ýaýbaňlandyryp, sergä gelen tomaşaçylary we myhmanlary özleriniň taslamalary bilen tanyşdyrarlar. Bu giň möçberli sergiler ata Watanymyzy dünýäniň ykdysady taýdan ösen ýurtlarynyň hataryna goşmakda, daşary döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygy amala aşyrmakda mundan beýläk hem möhüm orun eýelär.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir