KLASDAŞ
On bäşimde oýun etdim ot bilen—
SÖÝGI atly ýalyn bilen, klasdaş,
Geçen günler bu gün bize ýat bolan,
Ýatlamalar ýalan bolan, klasdaş.
Garaňy görmesem, teý durup bilmän,
Ýüregiň ahyny goýduryp bilmän,
Bu ahwaly, saňa duýduryp bilmän,
Diýip bilmän dilim bilen, klasdaş
Bagrym dilim-dilim bolan, klasdaş,
Göýä seni gijelerden gysganyp,
Gezdim şamdan daň ataryna gyssanyp,
Bir gijäniň uksyny ýassanyp,
Goşgy ýazdym galam bilen, klasdaş.
Goşgy ýazylan kagyz ýekeje tagta,
Şo tagta kagyzy bije edip bagta,
Bukja salyp, agzyn bagladym pugta,
Elim bilen, ýelim bilen, klasdaş.
Hat gitdi— gündize çekildi nikap,
Garaşdym ynamy sabyra çykap,
(Aýtdylar) iberen goşgymy okap,
(Äsgermänmi!) gülen bolan, klasdaş.
Gülzardan aýrylsa-bilbile çol kyn,
Bürgüt lebzin deňäp alyna tilkiň,
Sowuk ýylgyryşyň, biperwaý gülkiň,
Barabardy ölüm bilen, klasdaş.
Ykballar aýralyk sazyn çalanda—
Gezdim bir delalat görüp çilimde.
… Bu gün ýürek sanjyp gitdi elimde,
Seni görüp, gelin bolan klasdaş…
Awtory: Torum Ýaýlan
KLASDAŞ
-
messibet
5 years ago
- Kasoýyň aýdýan aýdymynyň sözleri eken öýdyän. Torum Ýaýlanyňky diýsene sözleri.
-
messibet
5 years ago
- Mekdebe gatnan her kişide birhiljek duýgy tisirdedip gidýä. Sagbol, paýlaşanyňa.
-
ETIKA
5 years ago
- Kasoyyn aydymyna dine bashdaky iki setiri gabat gelya ol aydymynky dal bi
Gürgençli 5 years ago- Bloglarda teswir ýazylanyna gabat gelemokla