Diliň derdinden

Aşygam, saklana bilmen
Saýraýan diliň derdinden;
Bilbilem, uklaýa bilmen
Gyrmyzy gülüň derdinden.

Sen Şasenem, men şasuwar,
Garybyň men, kyl istiwar,
Ýada salsam agzym suwar,
Dodakda balyň derdinden.

Ýaraşsyn ýagy illeriň,
Açylsyn batyl ýollaryň,
Näzikdir inçe billeriň,
Sallanan goluň derdinden.

Ýagşyny ýasan ussalar,
Pähm etmez akly gysgalar,
Galar gadymky nusgalar,
Hünärli goluň derdinden.

Armanam — öpüp, guçmadym,
Golundan şerap içmedim,
Ölinçäm sana geçmedim,
Bir ýyrtyk juluň derdinden.

Çagyrsam, asyl gelmer sen,
Gelseň-de, oýnap-gülmer sen,
Ne boldy, habar almar sen,
Kemine guluň derdinden.

Mämmetweli Kemine

Ärsarynyň gyzy

Ýarym diýip, ýola çyksam,
Ýollar — ärsarynyň gyzy;
Jeren gözläp, çöle çyksam,
Çöller — ärsarynyň gyzy.

Çölüstanda bardyr baýlar,
Zyndan boldy maňa jaýlar,
Ötüp barýar ýyllar, aýlar,
Günler — ärsarynyň gyzy.

Alma-naryň ysy ýupar,
Ter mämeler goldan sypar,
Ýüzi görkli, eli çeper,
Çeper — ärsarynyň gyzy.

Ýerde ýatmaz ýazyň güli,
Saýraýyr bagyň bilbili,
Men islemen özge güli,
Güller — ärsarynyň gyzy.

Kemine bir dessan ýaýar,
Kimler dadar, kimler doýar,
Ýüregimde daglar goýar,
Çöller — ärsarynyň gyzy.

Kemine.


Dilberim galdy

Welaýatdan çykdym, gitdim,
Yzymda dilberim galdy;
Dostlar, bu jana jebr etdim,
Gara gözli ýarym galdy.

Hälä çekerin men zehmet,
Dogdy başyma kyýamat,
Ýene bolsa dem ganymat,
Meniň ahy-zarym galdy.

Göründi galanyň burçy,
Ýüregimde yşkyň berçi,
Agzy pisse, lebi harçy,
Aglap. söwer ýarym galdy.

Bu galaňyz perizatly,
Içi pereňli, ilatly.
Kemine, «Mähriban» atly
Bir peri-peýkerim galdy.

Kemine.

Edebiýat, Gürgençli tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir