Meýdan ýoluksa

Bedew ölse, meýdan galar armanly,
Hak yşkyna at sal, meýdan ýoluksa;
Ýigit ölse, heňgam galar döwranly,
Wagtyňy hoş geçir, döwran ýoluksa.

Ýigit bardyr, sözün tapmaz süýrüder,
Ýigit bardyr, demi daşlar erider,
Jaý ýerinde gaýra galsa, garrydar,
Goç ýigidiň aty çaman ýoluksa.

Işi dürüst gelmez köňül çenine,
Dodagyn dişleýip, «ah» diýr zenine,
Ýylan zähri bolup, ýaýlar tenine,
Ýigit garryr, aýal ýaman ýoluksa.

Ýüz namart ýerini tutmaz bir merdiň,
Mert çeker täsibin, iliň ýuwurdyň,
Bitiren işini görüň namardyň,
Jeňdir diýip gaçar, duman ýoluksa.

Magtymguly, öwüt bergil söz bile,
Eşiden deň bolmaz gören göz bile,
Mert çykar myhmana güler ýüz bile,
Namart özün gizlär, myhman ýoluksa.

Magtymguly

Edebiýat, Gürgençli tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir