BU DERDI

Keşt eýledim, gezdim yşkyň dagyndan,
Ne beladyr, kimse çeker bu derdi?
Yşk dagyn assalar gögüň boýnundan,
Gök titreýip, çeke bilmez bu derdi.

Yşk eser etmese, ýanmaz çyraglar,
Yşka düşse, guşlar eňrär, gurt aglar,
Egiler haýbatly, kuwwatly daglar,
Daşlar eräp, çeke bilmez bu derdi.

Kimdir yşkyň ýükün çeken merdana?
Pelek gördi — gorkup düşdi gerdana,
Zemin jünbüş eýläp, oldy lerzana,
Çöller-düzler çeke bilmez bu derdi.

Behişt gaçyp çykmyş arşyň öýüne,
Tamüg gorkup inmiş ýeriň teýine;
Gaçdy derýa, aldy adam boýuna,
Tört ýüz ýyllap çeke bilmez bu derdi.

Magtymguly, çekseň derdi-düwünden,
Asy bolup, şikat etme bu günden.
Bu ölmek, aýrylmak galypdyr öňden,
Peder bize miras goýmuş bu derdi...

Magtymguly

Edebiýat, Gürgençli tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir