Pyrtykal we peýdalary

Ýiti we janly ysy bilen tagamly miwelerden biri bolan pyrtykal witaminlere baýdyr. Esasy düzüminde C witamine baý bolsada B, A witaminleri we kaliý, fosfor, magniý ýaly maddalar hem bardyr. 1 stakan pyrtykal suwynyň düzümindäki C witamini saglygymyza örän gowy täsir edýär. Ýöne çägini bilip içmeli sebäbi artykmajy saglygymyza erbet täsir edip bilýär.

Men hem siziň üçin pyrtykalyň 10 peýdasynyň sanowyny düzdim.

1. Immuniteti güýçlendirýär

Esasan hem gyş günlerinde immunitetimiz düşende pyrtykalyň düzümindäki C witamini uly kömek berýär. Günüň dowamynda immunitete kömek etmek üçin pyrtykal iýmeli ýada sykylan suwyny içmeli.

2. Derini has ýaşardýar

Güniň erbet täsiri we töweregiň kirli howasy bilen ýüzümiziň hamy has erbetleşýär. Pyrtykalyň düzümindäki minerallar derimizdäki bu zeper ýeten ýerleri düzeldýär. Hatda pyrtykalyň gabyklaryny maska edip ullanmak hem derimiziň reňkine we dykylgy gözenekleriniň açylmagyna peýda berýär.

3. Holosterini düşürýär

Pyrtykal gandaky holosterini tutýar we daşyna çykarmaga kömek edýär. Bu miwe, gan basyşymyzyň (dawleniýa) deň durmagyna örän uly kömek edýär.

4. Ýürege peýdalary köpdir

Ýüregiň saglygy üçin pyrtykalyň peýdasy gaty uludyr. Endamymyzdaky öýjüklere iýmit we howa çekýän damarlaryň birbirine ýelmeşmeginiň öňüni alýar we damar dykylmasyna garşy goraýar.

5. Bogunlaryň çişmeginiň öňüni alýar

Antioksidan çeşmesi bolan pyrtykal bogunlaryň çişmegini, suw ýygnamagyny we bogunda emele gelýän keselleriň öňüni almakda uly roly bardyr.

6. Böwrekde daş emele gelmeginiň öňüni alýar

Içindäki C witamini we kislotasy, böwrekde emele gelýän daşlaryň öňüni almaga kömek edýär. Böwregiň arassalanmagynda hem möhüm rol oýnaýar.

7. Horlanmakda peýdasy ulydyr

Kaloriýasy pes we ýagsyz miwe bolanlygy üçin horlanmakda uly peýdasy bardyr. Süýmli iýmit bolanlygy üçin adamyny dok saklaýar. C witamini energiýany glükoza öwürýär we ýag ýakmaga kömek edýär. Hatda güne bir pyrtykal bilen başlamak sizi uzak gün janly tutmaga ýeterlikdir.

8. Rak keseleniň öňüni alýar

Içerisindäki antioksidan madda rak öýjükleriniň emele gelmegine garşy uly söweş berýär. Olaryň öz-özünden ýok bolmagyna getirip bilýär.

9. Göze peýdalary köpdür

Düzümindäki beta-karotin atly madda göz saglygyny goramaga kömek edýär. Aslynda sary we mämişi reňkli miwedir bakja önümleriniň göz saglygyna peýdasynyň ulydygy medisinada bellidir.

10. Garramagy ýuwaşladýar

Pyrtyklyň üstünde geçirilen barlaglaryň netijesinde adamynyň endamyny durnukly saklap onuň garramagyny ýuwaşladýandygy meýdana çykýar. Günde 1 stakan sykylan pyrtykalyň suwy adamynyň bedenine gerek bolan witaminiň 5den 1ini üpjün edýär ekeni. Düzümindäki C witamini beta-karotin maddalary deriniň zyýan ýeten ýerlerini düzeldýär we garramagy gijikdirýär.

Çeşme: tasinliklerdunyasi.com

Bilim, Gürgençli tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir