ATAMYRAT HAN

Atamyrat han, Köneürgenç etrabynda ýaşan ýomutlaryň öküz urugynyň gutlubaý tiresinden bolup, ýaş wagtynda Hywa medresesinde bilim
alýar. Ol Hywa hanlygynda ýaşaýan türkmenleriň 1855-67-nji ýyllarda garaşsyzlyk ugrundaky göreşine
baştutanlyk edipdir. Türkmenleriň bu gozgalaňy XIX. asyrda Orta Aziýada bolan halk hereketleriniň iň
ulusydyr. Atamyrat hanyň kakasy (dädesi) Arazmuhammet serdar we agasy Amanniýaz serdar Hywa goşunynyň hataryndaky türkmenlere baştutanlyk edip birnäçe gezek harby ýörişlere
gatnaşypdyr. Emma Mary töwereklerinde edilen harby ýörişleriň birinde Amanniýaz serdar milli duýgudaşlyga eýerip, öz türkmenlerine garşy söweşmekden boýun gaçyrandygy üçin, Hywa hany ony beýik minaradan zyňdyryp öldürdipdir. Onsuz-da türkmenler bilen Hywa hanynyň arasynda ýer-suw meselesi barada ýiti gapma-garşylyk dowam
edýärdi. Bu waka-da onuň üstesine bolýar. Hywa hanynyň eden-etdiligine garşy Atamyrat hanyň ýolbaşçylygynda türkmenler köpçülikleýin baş göterýärler. Sarahs söweşinde Mädemin han öldürilenden soňra (1855), Hywada Abdylla han tagta çykýar. Ol, Maý-Awgust aýlarynda Hywa türkmenleriniň gozgalaňyny basyp ýatyrmaga synanyşýar welin ony başarmaýar we türkmenler
onuň üstünden ýeňiş gazanyp özüni-de öldürýärler. Şondan soňra Atamyrat han, türkmenleriň baştutany hökmünde ykrar edilýär we onuň at-abraýy has
ýokary galýar. Abdylla handan soňra Hywada tagta çykan Gutlumyrat han, türkmenlere garşy gazaply göreş alyp barýar, ýöne türkmenler ony ýeňýärler.
Hywada, öz garyndaşlary tarapyndan öldürilen Gutlumyrat handan soňra tagta 34 ýaşly Seýit Muhammet han çykýar (1856-64). Atamyrat hanyň
12 ýyllap alyp baran göreşiniň iň soňkysy 1867-nji ýylda basylyp ýatyrylýar we ol öz 40 öýli
garyndaşlary bilen Balkan taraplaryna gaýdýar. ýöne Atamyrat han, 1873 -nji ýylda Orslaryň Hywa hanyny basyp ýatyrmagy bilen öz dogduk mekanyna gaýdyp barýar we ölýänçä ol ýerde ýaşaýar. Türkmen taýpa-tireleriniň arasynda dowam eden agzalaçylyklaryň Atamyrat hanyň, garaşsyzlyk ugrunda alyp baran göreşlerine uly zarba
uranlygyny-da ýatlap geçmek gerek.

Bilim, Gürgençli tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir