Garagumyň jümmüşinde gurluşygy amala aşyrlan “Altyn Asyr” köli ekologiýa oňyn täsir edip, golaýyndaky ýerlerde haýwanat we ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna ýardam eder. Gaplaňgyr döwlet goraghanasynyň golaýyndaky bu gidrotehniki desgalarda ösümlik we haýwanat dünýäsiniň wekilleri bolan adajyklaryň peýda bolandygyny görmek bolýar. “Altyn Asyr” köli ötegçi guşlaryň uçup geçýän ýolunyň ugrunda ýerleşip, emeli kölüň gurulmagy bilen haýwanlaryň ýaşap başlan ýerleri peýda boldy. Onuň suwy guşlary, kenarlarynda ösýän ösümlikler bolsa ýabany haýwanlary özüne çekýär. Ulanylmaga ýaramly täze ýerler, şeýle hem guşlaryň möwsümleýin gelmegine howpsyz şertler, kenarýakasynyň köpdürli ösümlikleri we balyklaryň köplügi, kölüň Daşoguz golunyň üstünden göç eýleýän suwda ýüzýän guşlaryň sanynyň köpelmegine getirdi. Ýyl maýyl gelende bu ýerde gyşlamaga galýan guşlaryň sanyda barha artýar. Mysal üçin soňky ýyllarda sebitiň käbir suw howdanlarynda gyşlaýan Sakarbaraklaryň sany hasda köpeldi. Beýleki guşlaryň köpçülikleýin ýaşaýan ýerleri, görnüşleri, höwürtgeleri artdy.

Täzelikler, Gyzykly tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir