Hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Garagum sährasynda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň döredilmegi suw serişdelerini aýawly saklamaga we daşky gurşawy goramaga, sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga ýurdumyzyň goşýan goşandynyň aýdyň mysallarynyň biridir diýip belläp geçdi.
Biziň ýurdumyz üçin bu ägirt uly desganyň ähmiýeti has-da ulydyr. Eger-de öň welaýatlaryň çäklerinden çykarylyp çölüň oýluklaryna zyňylýan şor suwlary batgalyklary döredip Garagum çölüniň ekologiýasyna ýaramaz täsirini ýetirýän bolsa, indi Türkmen kölü we onuň akabalary bütewi bir ulgam bolup, ýurdumyzyň şor-zeý suwlaryny Garagum çölüniň jümmüşinde ýerleşen köle alyp gidýär. Netijede şor suwlaryň çekilmegi bilen batgalyklar öri meýdanlara öwrülýärler we çölüň ekologiýa ýagdaýy gowulanýar.
Biz “Altyn asyr” Türkmen kölüni ylmy esasda öwrenmek boýunça hem ylmy işleri alyp barýarys. Ylmy işleriň çäginde ýylyň dowamynda birnäçe gezek Türkmen kölüniň Baş şor suw akabasyny we onuň Daşoguz goluny başlanýan ýerinden onuň ahyryndaky Ak ýaýla suw howdanyna we Garaşor kölüne çenli yzarlap geçmek bilen, kölüň we onuň akabalarynyň suwuny, töweregindäki ýerleri oba hojalyk maksatlary üçin peýdalanmak boýunça we akabalaryň hanalarynyň ulanylyşyny gowulandyrmak boýunça meseleleri öwrenýäris we degişli çözgütleri taýýarlaýarys.
Türkmen Kölüň ýurdumyz üçin goşmaça suw çeşmesi hökmünde hem ähmiýet ulydyr. Goşmaça suw çeşmesiniň hasabyna Garagum çölündäki öri meýdanlarymyz özgerýär, çölüň biologiki köpdürlüligi, ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da özgerýär we baýlaşýar. Türkmen kölü we onuň şor suw akabalar ulgamyny, oňa ýanaşyk ýerleri oba hojalygynda, durmuş-ykdysady ulgamynda netijeli ulanmaga mümkinçilikler döreder.
Kölde ýaşaýan guşlaryň we balyklaryň görnüşleri we sanlary gitdigiçe artýar, akabalarynyň suwlary bolsa dowardarçylygy hem-de düýedarçylygy ösdürmäge amatly şertleri döredýär.
Biz alyp barýan ylmy işimiziň çäginde “Altyn asyr” Türkmen kölüniň we akabalarynyň suwuny çöl-çägelik ýerlerde ulanmak mümkinçiligini ýokarlandyrýan täze tehnologiýany döretdik.
Täze tehnologiýanyň ady: “Damjalaýyn suwaryş üçin täze iýmitlendiriji ergin (TIE) tehnologiýasy”.
Täze tehnologiýa häzirki döwrüň öňdebaryjy suw tygşytlaýjy tehnologiýalary bolan damjalaýyn we emeli ýagyş suwaryş tehnologiýalarynda (ulgamlarynda) ulanmak üçin, esasan hem damjalaýyn suwaryş ulgamy üçin niýetlenilýär.
Belli boluşy ýaly suw tygşytlaýyjy tehnologiýalaryň hersiniň ulanmaga amatly ýerleri bardyr, meselem damjalaýyn suwaryş tehnologiýasyny üzümçilikde, miweli baglarda we tokaý zolaklaryny döretmekde, emeli ýagyş tehnologiýasyny ot-iýmlik we dänelik ekinlerde ulanmaga amatlydyr.
Häzirki döwürde biziň ýurdumyzda suw tygşytlaýjy damjalaýyn we emeli ýagyş tehnologiýalarynyň ulanyş gerimi gitdigiçe artýar, ýagny üzümçilikde, miweli baglarda hem-de tokaý zolaklaryny döretmekde damjalaýyn suwaryş tehnologiýasy, güýzlük bugdaýda we ot-iýmlik ekinlerde emeli ýagyş tehnologiýasy ulanylýar.
Täze thnologiýa 3(üç) sany oýlap tapyşdan durýar, olar:
- Täze iýmitlendiriji ergini (TIE) taýýarlamagyň usuly: (Türkmenpatent. Patenti № 646, Döwlet reýestrinde bellige alnan senesi 16.06.2015 ý.).
- Täze iýmitlendiriji ergini (TIE) taýýarlamak üçin gurluş: (Türkmenpatent. Patenti № 718, Döwlet reýestrinde bellige alnan senesi 22.05.2017 ý.).
- Täze iýmitlendiriji ergin (TIE) we onuň ulanylyşy: (Türkmenpatent. Patent haýyşnamasy № 16/ I01452 bellige alnan senesi 19.12.2016 ý.)
Täze tehnologiýanyň esasy manysy: ýanmadyk dersden täze iýmitlendiriji ergini (TIE) taýýarlamak we ony damjalaýyn suwaryş ulgamynyň suwuna goşup ekinlere we miweli baglara bermek bolup durýar.
Täze iýmitlendiriji ergini (TIE) taýýarlamagyň usulynyň aýratynlygy bar, ol hem Gün reaktorynda suwuň, howanyň we Gün şöhlesiniň täsirinde ýanmadyk ders massasynda aerob hadysasynyň bolup geçmegi üçin şert döretmek bolup durýar. Şeýle şertde ders massasynyň turşap dargamagy we täze iýmitlendiriji erginiň döremegi bolup geçýär.
Usuly amala aşyrmak üçin ýörite gurluş döredildi, onuň esasy iş guraly Gün reaktory bolup durýar.
Gün reaktory, bu açyk göwrüm bolup, onuň aşaky tekiz düýbünde suw kabul ediji oturdylan we oňa nasos enjamynyň sorujy we basyş dörediji turbalary birikdirilen. Nasos enjamynyň kömegi bilen Gün reaktorynyň içinde ýerleşdirilen ders massasyny wagtly-wagtyna suwlandyrmak we suwsyzlandyrmak amala aşyrylýar.
Şeýle ýagdaýda reaktorda suwuň, howanyň we Gün şöhlesiniň täsirinde ders massasynda aerob hadysasy başlanýar we aerob bakteriýalarynyň işjeňligi gün-günden ýokarlanýar hem-de 5-6 güniň dowamynda ders massasy turşaýar, köpürjikleýär hem-de täze iýmitlendiriji ergin emele gelýär.
Şeýle iş tapgyrynyň ahyrynda taýýar bolan ergin reaktordan ýygnaýjy çelege erkin akym boýunça akdyrylýar, soňra ýygnaýjy çelekden nasosyň kömegi bilen durlaýjy çelege akdyrylýar. Durlaýjy çelekde durlanyp taýýar bolan ergin ulanyşa taýýar dökün hökmünde saklaýjy çelege nasosyň kömegi bilen akdyrylýar we ol ýerde gerek bolan ýerlerinde ulanmak üçin saklanýar.
Täze iýmitlendiriji erginiň (TIE) ulanylyşy, ony damjalaýyn suwaryş ulgamynyň suwuna belli bir möçberde goşup ekinlere, miweli baglara we üzüme bermek bilen amala aşyrylýar. Suwaryş suwuna goşulyş möçberi: her bir ösüş suwuna, ýa-da her bir ösüş fazasynyň başynda berilýän birinji suwa 1göterim (%) (TIE) + 99 göterim (%) suw möçberde goşup berilýär. Ýagny 100 m3 suw bolsa, oňa 1,0 m3 TIE goşulýar.
Mysal üçin, miweli baglara bir suwaryşda berilmeli suwuň mukdary suwaryş düzgünine laýyklykda 60 m3/ga bolup durýar, onda suwaryş suwuna goşmak üçin gerek bolan täze iýmitlendiriji erginiň (TIE) mukdary 0,6 m3/ga bolýar. Täze iýmitlendiriji ergin ulanylanda 5 göterim (%) ýokary mukdarda goşmak maslahat berilmeýär.
Täze tehnologiýanyň ykdysady peýdalylygy. Damjalaýyn suwaryş tehnologiýasy ulanylanda suwaryş suwuna mineral dökünleri ergin görnüşine geçirip, suwa goşup ekinlere we baglara bermek göz öňünde tutulandyr. Belli boluşy ýaly mineral dökünler zawot şertinde energiýa sarp edilip öndürilýär we olar ýerli organiki dökün bilen deňeşdirilende gymmatdyr.
Meselem, miweli baglaryň agrotehniki çäreleriniň talaplaryna laýyklykda ýylyň dowamynda berilmeli mineral dökünler: karbamid 100 kg/ga, superfosfat 400 kg/ga, hlorly kaliý 100 kg/ga we ammiak selitrasy 350 kg/ga boup durýan bolsa, olara derek ýerli hojalyklaryň önümi bolan dersden taýýrlanýan täze iýmitlendiriji ergin (TIE) ulanylsa amatly boljagy bellidir.
Bellemeli zat, ders, bu örän wajyp organiki dökün bolup, ol öz düziminde ösümliklere gerek bolan iýmit maddalarynyň hemmesini saklaýar, şonuň üçin hem ony doly dökün diýip atlandyrýarlar. Dersiň düzüminde esasy iýmit maddalary bolan azot, fosfor, kaliý we şu esasy iýmit maddalarynyň täsirliligini ýokarlandyrýan mikroelementler bolup durýar. Ýöne täze dersiň düzümindäki iýmit maddalar saklandygyça ýitýär. Şeýle bolsada oba hojalyk önümçiliginde dersiň iýmit maddalarynyň ýitmegine garamazdan ony saklamak üçin çüýretmeli bolýar.
Täze tehnologiýada dersiň düzümindäki hemme iýmit maddalar täze düzüm görnüşinde ergin görnüşe geçirilýär we ol uzak möhletler saklansada üýtgemeýär.
Täze tehnologiýany meýdan şertinde barlamak üçin “Altyn asyr” Türkmen kölüniň Aşgabat golunyň akabasynyň ugrundaky çöl-çägelik we iýmit maddalary az toprakly bir gektara golaý ýerde synag meýdançasy döredildi. Ol ýerde damjalaýyn suwaryş ulgamy we oňa utgaşdyrylyp täze tehnologiýanyň gurluşlary gurnaldy.
Soňra synag meýdançada siloslyk mekgejöwen, kartoşka ekinleri ekildi we üzüm, erik, igde ýaly bag nahallary oturdyldy hem-de şor suw akabanyň duzlulygy 2-3 g/l aralygynda bolan suwy bilen suwaryldy. Ekinleriň we baglaryň ösüş döwründe döredilen tehnologiýanyň esasynda täze iýmitlendiriji ergin (TIE) ýerinde taýýarlandy we suwaryş suwuna 1göterim (%) möçberde goşup berildi.
Synaglaryň netijesinde öň ekin ýetişdirip bolmaýan iýmit maddalary az bolan çägesöw toprakly ýerlerde ekinleriň we miweli baglaryň kadaly ösüp ýetişmegi gazanyldy hem-de oňyn hasyl alyndy, ýagny siloslyk mekgejöwenden 150 s/ga, kartoşkadan 250 s/ga hasabynda hasyl alyndy. Synag meýdançasynda ýetişdirilen ekinleriň we baglaryň görnüşleri (Surat 1).
Täze tehnologiýa 2017-nji ýyldan başlap taslamalara girizilip başlandy. Olar Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň “Türkmensuwylymtaslama” instituty tarapyndan taýýarlanan: “Altyn asyr” Türkmen kölüniň Baş şor suw akabasynyň 560+00 pketinde administratiw jaýly we inženerçilik üpjünçilikli tejribe meýdançasyny döretmek” atly taslamasy, onuň özbaşdak bölümi: “Damjalaýyn suwaryş üçin täze iýmitlendiriji ergin tehnologiýasyny 20 ga ýerde ulanmak”.
Şeýle-de “Daşoguz welaýatynyň Bötendag belentliginiň gündogarynda 20 müň ga ýerde tokaý zolagyny döretmek” atly taslamanyň özbaşdak bölümi: “Damjalaýyn suwaryş üçin täze iýmitlendiriji ergin tehnologiýasy 30 ga ýerde ulanmak”.
Täze tehnologiýa 2018-nji ýyldan önümçilige ornaşdyrylyp başlandy. Ol Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň “Şorgala” daýhan birleşiginiň çäginden “Türkmensuwylymtaslama” institutyna bölünip berlen 145 gektar ýerde döredilen Ylmy-barlag meýdançanda şu ýylyň birinji ýarymynda gurnaldy we önümçilik synagyndan geçirildi.
Döredilen Ylmy-barlag meýdançada häzirki döwrüň öňdebaryjy suwtygşytlaýjy tehnologiýalary bolan damjalaýyn we emeli ýagyş suwaryş tehnologiýalarynyň ulgamlary gurnaldy we olar täze tehnologiýa bilen utgaşykly işledilmäge niýetlenilen.
Şeýle-de şu üstümizdäki ýylyň iýul aýynda şol Ylmy-barlag meýdançanyň dabaraly açylyşy we tanyşdyrylyşy polup geçdi, şol açylyşygyň çäginde biziň döreden täze tehnologiýamyz hem özüniň mynasyp ornuny tapdy we gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi (Surat 2).
Ylmy-barlag meýdança Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň we Global Ekologiki Gaznasynyň bilelikde amala aşyrýan “Türkmenistanda suw hojalygyny durnukly dolandyrmak üçin gaýtadan dikeldilýän energiýa we energiýanyň netijeliligi” atly taslamasynyň çäginde gurnaldy.
Häzirki döwürde biziň ýurdumyzda suw tygşytlaýyjy öňdebaryjy tehnologiýalar bolan damjalaýyn we emeli ýagyş suwaryş tehnologiýalarynyň ulanyş gerimi gitdigiçe artýar. Bu tehnologiýalaryň ikisi hem suwy tygşytly ulanmaga uly mümkinçilikleri döredýär. Adaty suwaryş bilen deňeşdirilende ortaça damjalaýynda 60 göterim (%), emeli ýagyşda bolsa 30 göterim (%) çenli suw tygşytlanýar. Bu suwaryş usullarynda ekinlere we miweli baglara suw bilen bilelikde döküni we himiki serişdeleri gerek wagty deň ölçegde tygşytly berip bolýar. Netijede oba hojalyk ekinleri gyradeň ýetişýär hem-de olaryň hasyllylygy ýokarlanýar.
Häzirki gün biziň ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny özgertmek, kämilleşdirmek we oba hojalygyna hususy önüm öndürijileri giňden çekmek hem-de ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça Döwletimiz tarapyndan amatly şertler döredilýär. Şu döredilýän şertler netijesinde ýer eýelerinde (önüm öndürijilerde) oba hojalyk ekinlerden ýokary hasyl almak höwesi has-da artýar we şonuň üçin hem olar ýokary netijeli täzelikleri önümçilige ornaşdyrmaga ymtylmaly bolýarlar.
Şeýlelikde biziň hödürleýän täze tehnologiýamyz ýerlerde täzeçe işlejek ýer eýelerine ýerli organiki dökünlerini ulanmak, ýer-suw serişdelerini netijeli peýdalanmak esasynda ekinlerden ýokary hasyl almakda uly mümkinçiliklere ýol açar.

Tehnologiýa, TDUmaksat tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir