Ýagşy zamana ýagşy häsiýetler ýaraşar
Nireden okanymy bilemok, kimden eşidenim ýadyma düşenok, ýöne
aňymda galşyna görä, gadym döwürde adamlar „Ýene bir günümiz
ötdi” diýip aglar ekenler. Aglasaňam, aglamasaňam, nalasaňam, nala￾masaňam, halasaňam, halamasaňam, aýlar aýlanyp, günler ötüp dur.
Erkimizde ýok zady üýtgetjek bolmak – gury zähmet, ýöne üýtgedip
bolýan zatlaryň aladasyny etmezlik welin, uly ýalňyşlyk. Dürli kärdäki,
ýakyn we alys ýerdäki adamlar bilen söhbetdeş bolanyňda, olaryň käbir￾inden „Zandyňda bolmasa, üýtgäp bolýarmy?”, „ýaradylyşyň şeýle
bolsa, dagy başgaça nähili çemeleşjek”, „Meniň häsiýetim şeýle-dä, şu
häsiýetimden örtenip geçýän” diýen jümleleri häli-şindi eşidýäris.
Üstesine-de, olar bu sözleri şeýle bir ynamly aýdýarlar welin, hamana,
bu gylyk-häsiýet özlerine ýörite Hudaý tarapyndan inderilen peşgeşdir
öýdenoklar. Gowy gylyk däldigine gözleri ýetip dur, emma aňlarynda
ornaşan ýekeje ýalňyş düşünje zerarly, ençeme bähbitlerden binesip
galýarlar. Halkyň arasynda, adamlaryň aňynda häsiýet baradaky nakyl￾lar, aýtgylar giňden ýaýran. Arada biri „Nämä ynansaň, ynan, ýöne py￾lanyň häsiýeti üýtgäpdir diýseler, ynanma” diýen söz ähli adam ba￾batda dogrumy?” diýip sorag berdi.
Aslynda, „häsiýet” näme? Orta asyrlarda ýazylan lukmançylyk
eserlerinde, adalgalara berilýän düşündirişli sözlüklerde „häsiýet”
diýilýän zadyň daş-töweregiňdäki adamlardan, öýüň we jemgyýetiň ter￾biýesinden täsirlenip, özüňde kemala getiren, ornaşdyran, hususylaşdy￾ran gylyklaryňdygy, endikleriňdigi, edim-gylymlaryňdygy ýaňzydylýar.
Aýdylyş taýdan biri-birine juda ýakyn bolan „häsiýet” we „hususyýet”
sözleri bir kökden gözbaş alýar. Häsiýet seniň dogabitdi tebigatyňy
aňlatmaýar. Sen ony üýtgedip bilmäge ukyplysyň. „Siz özüňizi üýtget￾meseňiz, Alla-da size bolan garaýşyny üýtgetmez” diýilýär. Aslynda,
üýtgäp, özgerip durmak – beden saglygy üçinem, ruhy sagdynlyk üçi￾nem ýaramly ýagdaý. Biz bu ýerde diňe gowulyga tarap üýtgemeklik
hakda gürrüň edýäris. Bir durkuňda saklanmak, üýtgemezlik ajaýyp zat
bolsa, Allatagala pasyllary çalşyryp, tebigaty üýtgedip durmazdy.
Öwrenmeli we özgermeli. Kämillige çäk ýok, barha öňe ymtylmaly.
Beýiklik babatda Günüň deňine ýetdiňmi, ýene aňyrlara ýöräber, bir
ýerden butnamazlyk baş ýörelgäňe ters geler. Bir ýerde saklanmaklyk
kämilligiň alamaty däldir.
Özüňi öňküdenem kämilleşdirmek, gözelleşdirmek üçin, ilkinji no￾batda, aň-düşünjede özgermek gerek. Ýaramaz duýgulary, seni ýagşy
işlerden, amallardan alyp galýan garaýyşlary, ýerliksiz çekinjeňligi ara￾dan aýyrmaly. Entek görülmedik ýodalar gözümize garaňky görünýär.
„Garaňky” diýlende, çaga gorkusyny ýadyňyza salyň. Ähli zat gündizki
ýaly, jaýam öňki ýerinde, bagam öňki ýerinde, diňe şol hakykatyň
üstüni örtüp duran garaňkylyk bar. Ulular, ýagny akyly ýetýänler, ol
ýerde gorkara zadyň ýokdugyny ýaňzydarlar, ýöne çagalar welin,
ýanyna ýoldaş bolmasaň, bir ädim hem öňe ýöremezler. Bizem edil şo￾nuň ýaly. Gorkýan-u çekinýän zatlarymyzyň köpüsiniň aňyrsynda ýa￾da astynda, diňe öz aňymyzda berkäp galan birje duýgy ýatyr:
nämälimlik, näbellilik. Adamlaryň köpüsi şol „nämälimlikden” jyndan gorkuşy ýaly çekinýär. Eger şu häsiýetini, şu ýagdaýyny üýtgedäýse, bu
gününem, bu halynam tapmaz öýdüp, gorka gaplanýar. Şonuň üçinem
„Begendirmeýän täzelikden, netijesi öňünden mälim bolmaýan gelejek￾den, öwrenilişen öňkülik oňat” diýip, öňküje güni bilen gezenini kem
görenok. Ýüregi üýtgeşiklige atygsap dursa-da, şol çekinjeňligi sebäpli,
ikirjiňlenmesi zerarly, gapysy giňden açylýan gelejege göni bakyp bile￾nok.
Şu ýerde halypa mugallymymyzyň bir tymsalyny ýatlasym gelýär.
Dersde ýaşaýan ene gurçuklaryň biri öz perzendine gurçuklaryň
taryhy, gelip çykyşy we ýaýraýşy, garyndaşlary hakda şeýle gürrüň berip
oturan eken: „Gurçuklaram dürli-dürli. Käbirleri derslerde ýaşaýar.
Gumdan iýmitlenýän gurçuklar bar, rysgaly bugdaýdan, arpadan bo￾lan gurçuklar bolýar. Käbiri üzümdir almalarda ýaşaýar...”. Ogly
enesine ýüzlenip: „Ene, onuň ýaly bolsa, bizem şol ýerlere göçüp gideli￾le” diýipdir. Enesi oňa: „Bor-la, oglum, öwrenişenje ýerimizde oňňut
edibereli” diýip jogap berenmiş.
Bu bir tymsal, ýöne käbir adamlaryň özüni alyp barşy şol ene
gurçugyňkydan tapawutly däl. „Akar suw bir ýerde uzak saklansa, sadyr
atýar”, täze atyzlary agdarmaýan pil poslap başlaýar. Aý aýlanyp, ýer
öwrülip durmasa, älemdäki sazlaşyk ýitýär. Bu durmuş şeýle ýarady￾lan, bir ýerde durdugyň – yza gaýtdygyň. Gowulyga özgerip bolmaýan￾dygy hakdaky pikiri ýa-da başarjakdygyňa bolan ynamsyzlygy aňyňdan
öçürmeli. Müň ylganyň bilen adamyň häsiýeti üýtgemeýän bolsa,
onda adamlaryň aňyny özgerdip, olara dogry ýola düşmegi, özüňi
gözel alyp barmalydygyny ündeýän ylahy kitaplar inermidi?! Kimdir
biriniň häsiýetini üýtgedip bolmaýan bolsa, onda parasatly sözleri, hik￾metleri, öwüt-nesihatlary aýdyp oturmagyň nä hajaty bar? Bularyň
ählisi, hut häsiýetiňi has-da gözelleşdirmek üçin ýüze çykan ahyry. Diňe adamlar däl, terbiýe gören haýwanlaram häsiýetini, özüni alyp
barşyny üýtgedýär ahyry! Munuň üçin bolsa düşünje we isleg gerek.
Gowy häsiýetlere bürenip bolýandygyna, özüňi terbiýelemegiň
mümkindigine düşünmeli. Ýagşy gylyklaryň, edim-gylymlaryň gelje￾giňe saçyp biljek ýagtysy hakda, gowy häsiýetleriň ähmiýeti we
zerurlygy hakda oňatja oýlansaň we şoňa tarap ymtylsaň, özüňizdäki
täze özgerişliklere basym göz ýetirersiňiz. „Kim gözellik, gowulyk
ýolunda yhlas-tagalla etse, elbetde, biz ony bu ýollara gönükdireris”
diýlip, Kurany-kerimde aýdylýar. Diňe adamlaryň daşyňyzdan synlap,
hoşamaýlyk bilen uzakdan söz gatýandygyny ýa-da „tüweleme”
diýýändgini däl, Allanyň ýüzüňize çaýýan ýalkymyny hem duýarsyňyz.
Köňül gözüni ümezledip duran käbir häsiýetler durmuşyň açyk gapy￾laryny görmekden saklan bolsa, mundan soň çar ýanyňyzyň bagtyň
açyk derwezesidigine haýran galyjylyk bilen seredersiňiz. Şol pursatda
ýagşy häsiýetler arkaly durmuşda has köp zatlary gazanyp bolýandy￾gyny görersiňiz.
Kapasa endik eden laçyn soňabaka asmana galmak höwesini we uky￾byny ýitirýär. Onuň öýde gezýän towukdan tapawudy bolmaýar.
Aňymyza ornan ýekeje ýalňyş düşünje bizi bir hasiýetiň kapasasynda
saklap galýar. Ters düşünjeden saplanmak zerur. Näçe tiz bolsa, şonça￾da gowy. Adama kämilleşmek mahsus. Tebigatyň bagyş eden
mümkinçiligini ulanyp bilmezlik – nygmaty harlamak bilen des-deň.
Gowy häsiýetlere kem-kemden endik edibermeli. Ýürekden ynanan
ýeriňde, ýürekden ýapyşan ýeriňde eliňe ilmejek zat ýok. Magtymguly￾nyň aýdyşy ýaly, „bir menzile ýetmän galmarsyň”.
Gözel häsiýetler dünýäniň gözelligini has-da açyp görkezýär, has-da
açyk görkezýär. Oňat gylyk-häsiýetleri özüňde jemle. Şonda bagtyň
özi saňa meňzäp bilse, armanly bolmaz. Sen durmuşyňam,dünýäniňem, tebigatyňam, daş-töweregimizdäki ähli adamlaryňam
diňe owadan taraplaryny görersiň. Görýän zadyň aňyňda berkäp
barşyna, ykbalyňa ýalkymyny çaýar. Günden ýylylyk, Aýdan owa￾danlyk alar. Pikirlenişiň, dünýä akyl ýetirişiň, özüňi duýşuň, duýgularyň
şeýle bir gözelleşer, ykbal bilen nähili ajaýyp sazlaşyk tapyp bolýan
bolsa, sen şony hem gazanarsyň. Ana şonda, gadymy adamlar ýaly
„Ýene bir günümiz ötdi” diýip aglamarsyň-da: „Meniň manyly öm￾rümiň ýene bir güni artdy” diýip, şükür edersiň. Üýtgedip bolýan zat￾lary gowulyga üýtgedeliň!

Edebiýat, Adviser tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir