Adamlar  şeýle bir hasapçyl bolupdyr. «Hasaply dost uzaga gid￾er» diýilýar, hernä  şeýle bolsun‐da,  ýöne bu hasaplardaky
dostlugyň garasyny görmek we  ýürekleri barlamak üçin iň soňky
enjamly mikroskoplary ulanaýmasaň, adaty gözüň aldap, arassa
duýgunyň hem  ýalňyşdyraýmagy mümkin.   
Okuwçy döwrümiz hasap mugallymymyz «Adamyň bir güni
hem hasapsyz geçmeýar. Biziň her bir aýdýan, aňlaýan za￾dymyzda hökman sanlar ulanylýandyr» diýerdi. Ondan bäri  ýyllar
geçdi. Dogrudan hem, sansyz‐hasapsyz   gün  ýok eken. Hasapsyz
zat hem  ýok eken.  Ýöne, käbir adamlaryň hasaby welin, egni￾mizdäki perişdeleriň hasap depderinden hem has galyň görünýär.
Olar ömürlerinde bolan her bir öýkäni, kinäni özleriniň nähak
düşünendigine garamazdan,  şo‐ol belläp gidip otyr,  ýazyp gidip
otyr. Beýle hasapçylar, durmuşyň geçirimli adamlara çynlakaý
gülüp bakýandygyny unudýan bolara çemeli.   
Ýatlabilseň, ömrüňdäki  ýagşy zatlary  ýatlamaly, begenjiňi‐şatly￾gyňy göz öňüňe getirmeli, ile‐güne  ýene‐de  ýagşylyk etme￾giň höwesinde‐hyjuwynda gezmeli. Eger namys ara goşulmaýan
bolsa, galan babatda sähelçe göwnüňe degen kimdir birinden ar
aljak bolmak, seniň onça  ýokdugyňy,  şondan hem pesdigiňi aňladýar. Deň bolmaly däl, beýik bolmaly. Geçirimlilik etseň, ar￾kaňda‐alnyňda Alla gülüp bakar. Onsoňam, her bir ownuk‐uşak
zady hasaplap, owaldan  ýüki  ýetik  ýürege agram salma, sen en￾tek köpe gerek. Öýke‐kine, kitüw, görip-lik, gybatkeşlik, gep gezdir￾mek, kezzaplyk, hyýanat  ýaly zatlar  ýüregiň derdini artdyryp, be￾dene mähnet tartdyrýandyr. Ol adamy barha göwnüçökgünlige it￾erýär, ynamsyzlygy, müňkürligi oýarýar. Has beteri‐de, bu has￾aplaryň ahyr soňunda kimiň haýryna çözüljekdigi gümana. Arada
bir hasap mugallymy bilen oturmak miýesser etdi. Birnäçe san￾lary goşa  ýaýyň içine saldy, köküň aşagyna girizdi,  ýene
birnäçesiniň kwadratyny‐kubyny hasaplap, ahyrsoňunda deňdir ala￾matynyň yzyndan bir nolluk ýazdy. Uludan demini aldy‐da «A￾hyry hasaby çykdy» diýdi. Men onuň meseläni çözenine begen￾dim,  ýöne  şol pursatda durmuşdaky hasaplarymyzy  ýatlap howpur￾gadym. «Ýeri meniň şunça  ýyllap  ýürekde göterip  ýören «has￾aplarym» ahyrsoňunda netijesi nola deň bolsa näderdim? Üstesi￾ne‐de, men olaryň her biri üçin  ýüregimi gyýym‐gyýym dilip,
para‐para etmedimmi, olaryň öz göwnüne degmedimmi? A birden
ol hasaplarym nol hem bolman, minus bolup çyksa näderin?»
diýdim.  Şondan soň, dogrusy mundan öňem mende beýle hasap
 ýöredilenokdy welin, ol zatlary mundan bu  ýana‐da hasaplajak
bolmadym. Diňe, aýdylaýmaly zady käteler jylawlatmajak bolýan
nebsime welin aýdyp galdym, belki  şeýle nebis  ýene‐de birnaçe
adamda duş gelýändir:
«Eý nebsim, iliň gülküsini,  ýaňsylamasyny, arkadan edilýän we
günibirin  ýetirilýän  ýalan‐ýaşryk gürrüňleri  ýatlap,  ýüregiňe agram
salyp, her bir zady hasaplap oturma. Matematikadan ussat adam
hem, durmuş meselesinde köp halatda gömük adam bilen des‐
deňdir. Hiç wagt öz akylyňa, ukybyňa, başarnygyňa, baýlygyňa, tanyşlaryňa,  ýakynlaryňa, gara güýjüňe bil baglap, gözsüz
batyrlyga esaslanma, özgeleri kemsitjek, gaýgylandyrjak, hasrata
batyrjak sözleri aýtma, öz bähbidiňi, göwün islegiňi, nebsiňi ileri
tutup,  ýaşyrynlyk bilen ikiýüzli hereket etme, iliň‐günüň şowsuzly￾gyna begenme, hesretli gününe heşelle kakma! Döwran diýmek,
aýlanyp duran döwür diýmekdir. Wagty gelende durmuş her kime
gülüp bakar,  şonda düýnki tekepbirler,  şu günki ulumsylar har bo￾lar, aýagyňdan çakan garynjany köwşüň bilen mynjyradyşyň ýaly,
ol päliýamanlary pelegiň özi pyrlandyryp goýberer.  Şonuň üçin her
bir zady hasaplap oturma,  ýokarda biri bardyr, ähli zady  şo￾nuň Özi hasaplap oturandyr. Ähli zadyň dogry netijesini hem  Şol
çykarýandyr. Sen bolsa hiç zady hasaplama,   birden hasabyňy  ýiti￾rip, hem bulaşyp, hem ähli zady bulaşdyryp oturma! Ähli zady
öz pikiriňe muwapyk getirjek bolup, dünýäni düňderäýme. Hasa￾byňda bärden gaýtsaň, köp zat gözüňe artykmaç görner, köp
zady alnyňdan aýrasyň geler. Emma, Hudaýyň ýaradan dünýäs￾inde artykmaç zat  ýok‐da,  ýerli‐ýerinde goýulmadyk zat köpdür.
Hasabyňda öte geçseň, ençeme zady gaýtadan  ýugurjak bolar￾syň, göwnüňe jaýlamak islärsiň. Emma, hiç haçan döräli bäri to￾galak bolan  Ýer  şaryny dörtburç  şekile getirip bolmaýar!   Ähli
zady Hudaýa tabşyr! Hudaýyň hasaby örän takykdyr! Ol örän a￾dyldyr!
Şonuň üçin hem, eý nebsim, meniň ýalňyşlyklarymy hem,  ýagşy￾lyklarymy hem hasaplap oturma. Adamyň edýän her bir işi, isle
 ýagşylyk, isle  ýamanlyk bolsun, edil her bir söwdagäriň banka
goýýan goýumy  ýalydyr. Uzak wagt geçmänkä Beýik hasapçy ony
birnäçe esse göterimi bilen bize gaýdyp berýär welin,   biz öz has￾abymyzyň öteräkdigini  ýa‐da kemterdigini aňlaýarys. Gel, gowusy, hasapsyz  ýaşap bolmaýan bu durmuşda diňe özümize gerekli zat￾lary hasaplap  ýaşabereli. Iň dogrusy hem  şudur».

Edebiýat, Adviser tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir