Ýurdumyzda ykdysadyýetiň döwlete dahylly däl pudagyny — telekeçiligi ösdürmek, bu pudaga döwlet tarapyndan goldaw bermek boýunça örän uly işler alnyp barylýar. Telekeçiler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki zaman ýaşaýyş jaýlary, mekdepleri, çagalar baglaryny, sport toplumlaryny we durmuş maksatly beýleki köpsanly desgalary yzygiderli gurup, ulanmaga berýärler. Häzirki döwürde telekeçiler döwletiň goldaw bermeginde ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda uly işleri alyp barýarlar. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hususy telekeçiligiň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak, telekeçilere döwlet tarapyndan goldaw bermek, ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ulgamyny durnukly ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirilýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe işewürligi hemmetaraplaýyn goldamak boýunça yzygiderli syýasatyň ýöredilmegi netijesinde, milli telekeçilik ulgamy ynamly gadam urýar we onuň ykdysadyýetimizdäki orny has-da möhüm ähmiýete eýe bolýar. Telekeçilik ulgamynyň barha ýaýbaňlanýan ösüşini synlanyňda, bir tarapdan, kesgitlenen kepillendirmeleri döretmek we goldaw bermek, beýleki bir tarapdan, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüş wezipeleriniň berjaý edilmegine mynasyp goşant goşmak mümkinçiliklerini görmek bolýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 10-njy maddasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar. Döwlet telekeçiligi höweslendirýär hem-de goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam berýär. Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Bu şertler arkaly salgyt ulgamyny kämilleşdirmek, telekeçilik işini hasaba almagyň tertibini ýönekeýleşdirmek, önümçilik maksatly işler üçin ýeňillikli karzlary bermek ýola goýuldy.
Döwletiň we hususyýetçiligiň hyzmatdaşlygy aýratyn hem gurluşyk ulgamynda giň gerime eýe bolýar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi gurluşyk boýunça iri taslamalary durmuşa geçirýär. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde gurulýan döwrebap binalar, şol sanda ýaşaýyş jaý toplumlary, täze, häzirkizaman obalar onuň aýdyň mysalydyr.
Ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň hususy bölegini kämilleşdirmekde, yzygiderli pugtalandyrmakda kämil, ygtybarly kanunçylyk binýady hereket edýär. Döwletimizde milli işewürlik işi «Telekeçilik işi hakynda», «Eýeçilik hakynda», «Kärhanalar hakynda», «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda», «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda», «Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, Türkmenistanyň Raýat kodeksi hem-de beýleki kanunçylyk namalary bilen düzgünleşdirilýär.
Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 2-nji maddasynyň üçünji böleginde emlägi peýdalanmak, harytlary satmak, işleri ýerine ýetirmek ýa-da şahslara hyzmat etmek arkaly peýda almaga gönükdirilen özbaşdak we öz töwekgelligiň bilen amala aşyrylýan iş telekeçilik işi hasaplanýar diýlip kesgitlenilýär. Telekeçilik işi bilen bagly gatnaşyklar, umumy kadalar bilen bir hatarda, ýörite kadalar bilen düzgünleşdirilýär. Umumylaşdyrylyp alnanda, telekeçilik işi birnäçe esasy alamatlara eýedir. Mysal üçin, özbaşdaklyk alamaty telekeçiniň özbaşdak, keseden goşulmazdan hojalyk işini alyp barýandygyny, özygtyýarlylygyň çäkleri bilen kesgitlenen söwda erkinligine eýe bolup durýandygyny görkezýär.
Esasy alamatlaryň ýene-de biri töwekgelçilikdir. Töwekgelçilik — munuň özi telekeçilik işi bilen meşgullanmagyň töwekgelçilik bilen baglydygyny aňladýar. Eger töwekgelçilik oňaýly bolan halatynda, telekeçilik işini amala aşyrmagyň netijesinde, öňde goýlan maksada ýetmekde we kesgitlenen girdejini gazanmakda belli bir derejede üstünlige eýe bolup bilner. Şoňa görä-de, töwekgelçilik telekeçi üçin, öz işiniň amala aşmagyna güýçli itergi berýän ýagdaý bolup durýar.
Girdeji almaga gönükdirilen hereketler hem telekeçilik işiniň esasy alamatlarynyň biridir. Has takygy, girdeji almak telekeçiniň ukybynyň miwesi bolup durýan töwekgelçilikli işiň amala aşyrylmagyny kesgitleýär. Girdejini birsyhly almaga gönükdirilenlik girdeji almak maksady bilen amala aşyrylýan işiň seýrek däl-de, yzygiderli häsiýete eýe bolup durýandygyny aňladýar.
Köpugurlylyk, toplumlaýynlyk ýaly häsiýetler hem telekeçilige mahsusdyr. Munuň özi köptaraplaýyn işleri berjaý etmek arkaly, telekeçiniň diňe bir harytlaryň satuwyndan däl-de, işiň başga görnüşlerinden hem girdeji alýandygyny görkezýär. Jemlenip alnanda, bu alamat emlägi peýdalanmak, harytlary satmak, işleri ýerine ýetirmek ýa-da şahslara hyzmat etmek ýaly dürli görnüşli hereketleri özünde jemleýär.
Türkmenistanyň kanunçylygynda telekeçilik işiniň döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişlidigi kesgitlenendir, telekeçilik işiniň aýry-aýry görnüşlerini amala aşyrmak üçin bolsa degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ygtyýarnamasy zerurdyr.
Ygtyýarnama «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Türkmenistanyň kanunyna laýyklykdaky resminama bolup, ol işiň anyk görnüşini belli bir wagtyň dowamynda amala aşyrmaga ygtyýar berýär, şeýle hem ony amala aşyrmagyň şertlerini kesgitleýär. Ygtyýarnama işiň her bir görnüşine aýratyn berilýär, şol işiň amala aşyrylmagyna ýörite rugsat zerur bolup durýar. Haçanda işiň aýry-aýry görnüşini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamadan başga rugsatnama (ýer bölegini bermek we başgalar) talap edilen mahalynda, şeýle rugsatlar ygtyýarnama alnandan soň berilýär. Ygtyýarnama bolmadyk mahalynda rugsat hakyky däl diýlip hasap edilýär. Ygtyýarnama professional hyzmatlaryň bitirilmegi üçin hereket ediş möhletini çäklendirmezden; telekeçilik işiniň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini amala aşyrmak üçin kesgitli möhlete, ýöne üç ýyldan az bolmadyk möhlete berlip bilner.
Kiçi telekeçiligiň geriminiň giňeldilmegi ykdysadyýeti sagdynlaşdyrýar. Onuň durnukly ösmegine oňyn täsir edýär. Hususyýetçiligiň kiçi görnüşiniň amatly taraplarynyň ýene-de biri onuň çeýeligidir. Kiçi telekeçilik üýtgäp duran şertlere has tiz öwrenişýär, täze talaplara uýgunlaşmagy başarýar, öňdebaryjy tehnologiýalary we ylmy işläp taýýarlamalary döretmekde hem peýdalanmakda has ýokary işjeňlik görkezýär.
Kiçi we orta telekeçiligiň alyp barýan işleriniň ugurlarynyň giňeldilmegi ykdysadyýete oňyn täsirini ýetirýär hem-de onuň durnukly ýagdaýda ösdürilmeginiň üpjün edilmegine ýardam berýär. Telekeçilik sazlaşykly üýtgeýän daşky şertlere çalt uýgunlaşmaga ukyply diýlip hasaplanýar hem-de öňdebaryjy tehniki we tehnologik çözgütleri işläp taýýarlamakda we özleşdirmekde has-da işjeňlik görkezýändigini äşgär edýär.
Jemgyýetçilikde telekeçilik işi barada oňyn düşünjäni döretmek hem-de ilatyň kiçi telekeçilik baradaky bilimlerini artdyrmak ýurdumyzda işewürligi ösdürmekde esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Häzirki wagtda kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine döwlet tarapyndan goldaw berilmeginiň netijeli usulyny kämilleşdirmek, telekeçiligiň ösdürilmegini höweslendirmek üçin, maýa goýumlary babatda we maliýe, maddy-tehniki taýdan we beýlekiler boýunça amatly şertleriň döredilmegini gazanmak, täze iş orunlaryny döretmek, ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde olaryň mümkinçiliklerinden has dolulygyna peýdalanmak wajyp ähmiýet berilýän ýagdaýlar hökmünde görkezilýär.

Baýram Muhammedow

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir