Türkiýäniň Bilim Ministrliginiň 1993-nji ýylda geçiren
sowalnamasyna görä, adamlaryň az kitap okamagynyň sebäpleriniň arasyna šu ašakdakylar girÿär!!!
1. Kitap okamak endigim ýok - 50.2%
2. Ýeterlik wagtym ýok - 16.6%
3. Işden boş wagtlarym hem elim degmeýär -
10.6%
4. Telewizor görmegi, radio diňlemegi we
kinoteatra gitmegi halaýaryn - 10.5%
5. Kitabyň bahasyny gymmat görýärin - 4.6%
6. Sapaklarym sebäpli okap bilmeýärin - 3.4%
7. Beýleki sebäpler - 1.9%
8. Jogap ýok - 2.27%
Görnüşi ýaly, az okamagymyzyň iň esasy sebäbi
okamak endigimiziň ýokdugy, telewizoryň, radionyň,
wideonyň we çeper filmiň kitap okamakdan ileri
tutulýanlygydyr. Emma, käbir adamlar ençeme
ýyllap munuň iň esasy sebäbi hökmünde kitap
bahasynyň gymmatdygyny öňe sürüpdirler. Şeýle-de
bolsa, geçirlen barlagnamalar munuň dogry däldigini ýüze çykardy. Ýokardaky sowalnama kitabyň näme
üçin okalmaýandygynyň sebäpleriniň içinde kitap
bahasynyň ýokary bolmagy 4.6% ýaly kiçijik bir
möçberi tutýar.
Şeýle-de, geçirilen başga bir barlagnamanyň
netijesine görä, 1993-nji ýylda Bodrum şäherinde
içilen ýerli içginiň mukdary 1.428.572 çüýşä barabar
bolsa, içilen daşary ýurduň içgileri 55.715 çüýşedir.
Ýene-de şol hasabata görä, Bodrumda 1993-nji ýylda
6 million 100 müň guty ýerli çilim, 2 million 400
müň başga ýurtda öndürilen çilim çekilipdir. Diýmek,
içgi üçin pul tapylýar, çilim üçin pul tapylýar, emma
kitap üçin tapylanok. Kitap içgiden, çilimden hem
gymmatmy?
Az okamagymyzyň sebäbi hökmünde şulary-da
agzap bileris:
·Telewizor, wideo we kinoteatr okamakdan
ünsümizi sowýar. Türkiýede adamlar tutuş gije dört,
bäş, hatda alty sagatlap telewizoryň başynda oturyp
bilýärler
· Adamlaryň gün-güzeran aladasy bilen meşgul
bolmagy. Başga zatlar hakda pikir etmezligi.
·Ençeme ýyllardan bäri ylym eýelerine gyýa
göz bilen garamagymyz;
· Çap edilýän neşirlere şübheli garamak.
Eýsem-de, ylmyň ösen döwründe türk halky dünýä
döwletleriniň arasynda özüne laýyk mertebeli orun
almak isleýän bolsa, onda okamaga, pikirlenmäge,
onuň bilen baglanyşykly meselelerde çekişmeler
guramaga, talapkär bolmaga, tankyt etmäge we
netije çykarmaga borçludyr. Biziň ýurdumyz, diňe,
şu aýdylanlaryň hakykata öwrülen mahaly gülläp
öser, döwür bilen aýakdaş gider we ýaňadan şanly
eždatlaryna mynasyp millet bolar.
Bir kişiniň adamçylygyny okap-öwrenmegi, soňra￾da öwrenenlerini beýlekilere öwretmegi, olara dogry
ýoly salgy bermegi belli edýär. Bilmeýändigini bilibem,
öwrenmek hakynda pikir etmeýän, öwrenenleri bilen
özüni terbiýeläp, töweregine görelde bolmaýan kişi
daşky keşbinden adama meňzese-de, onuň ynsandygy ýa däldigi nämälimdir!

Bilim, Adviser tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir