Planly-programmaly yashamak. Kabir adamlar planly hereket etmegi, gunde etjek ishlerini planlamagy gereksiz goryarler. Hergun belli wagtlarda belli ishleri etmegi bir monotonluk, oz erkinligini gysmak yaly goryarler. Men shu pikre goshulamok, sebabi ashakda. Aslynda planly bolmagy goldamak ya-da garshy cykmagyn ikisem dogry yaly gorunyar, ikisininem ozbolushly logiki dushundirishi bardyr. goldayanlar umuman ishlerinin garym gatym bolmagy, yetiship bilmeyandikleri, yaltalyk yaly zatlary sebap gorkezyarler. Garshy cykyanlar bolsa monotonlugy sebap gorkezyarler koplenc. Ikisem dogry, yone belli bir garaysha gora. Menem shularyn ikisine gora-de hereket eden wagtlarym boldy. Hazir bolsa planly bolmagyn gerekliligini duyyan ozum ucin, yone yokardaky sebaplerden dal. Yokardaky iki tarabynam sebaplerini tankytlayan. Sebabi iki tarabam mesela materialist tarapdan seredyar. Yagny hereketleri goz onunde tutyarlar has kop. Bir tarap etmeli ishlerini dogry edip bilmeyanligi ucin gerek diyyan bolsa beyleki tarap hereketimi gysyar diyip garshy cykyar. Emma esasy zat kellan, pikirlerin we ruhun. Sholar ucin haysy gowy bolsa shony etmek has dogry men ucin. Pikirleri garym gatym bolan ya-da belli pikirdir duygylara yesir bolup, elmydama sholary pikir edip, sholary kellesinden chykaryp bilmeyanler ucin planly yashamagam, plansyz yashamagam tapawut etmez. Plan duzende name shona gora hereket edyarkan hereketlerin bilen ona uysanam kellan bilen, pikirlerin bilen uymasan. Ine shonda monoton gorsen gorersinem. plan gerek, yone hereketden onurti ruhy taydan ona uymak gerek, son bedeninem razy bolyar ona. Meselem, hergun belli sagatlarda kitap okayan bolsan shol sagatda kellane gelen hemme zady chykaryp, wagt dolyanca bashga zatlary pikir etman dine kitabyna we shonun beren pikirlerine acyk durmak, beyleki hemme zada garshy yapylmak. Yatmaly wagtynda name bolsa-da yatmak, edil anyrujy wajyp problemalar chykmasa. Bu shol bir wagtda ozune eye chykyp bilmek, erk edip bilmek, oz ozune sozuni dinledip bilmegin alamaty. Shulary sheyle yerine yetirip bilyan hereket tarapdan ozuni gyssa-da ruhy tarapdan has erkin diyip pikir edyan. Hic zada ozuni baglamadygy, yesir etmedigi bolyar. Shu sebapdenem planly bolmak gerek diyyan ozum heniz basharyp bilmesemem.

Köneler, diwana tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir