Menin bu blogym, Amerikanskiy Posolstva interview gideninizde berilmegi mumkin soraglara nahili jogap bermelilik barada bolar. Bu suraglaryn hemmesi berilmezligi mumkin, yone birden berilayse, jogabynyz tayyar bolmaly.

Meselem ucin, aydaly siz Maryland shtatyn Joseph Community College-ine okuw okamaga gidyaniz diyeli. Bu kolej hakyky dal, dine meselem ucin ulanyan. Siz okuw saylanynyzda, Turkmenistanda yok yada gowy okadylmayan okuw saylasanyz gowy bolar, namucin Amerikada okajak shol okuwy diyilyan soraga jogap bermek ansat bolar yaly. Sheylelikde, aydaly siz Maryland shtatyn, Baltimore shaherindaki Joseph Community College-de Inlis dili yada Bakalavr Kompyuter Programmirovaniya kursuny okamaga gidyaniz diyeli. Dine Inlis Dili kursuna yazylsanam bolyar, yone son yokary okuw jayinda dowam etjek, hunar owrenjek diyseniz shansynyz gowy bolar. Ine shona gora jogaplar:

1. Namucin Amerika okamaga gidesin gelyar? Namucin TM-da okasyn gelenok ya Orsyete gitmedin meselem?
-- Menin saylan ugrum Kompyuter Programmirovaniya bolanson, TM-de ol okuw kan osmedik, Amerikada bolsa oran osen, shol sebapli Amerikada okamagy karar berdim. Orsyetde okasanam bolardy welin, Kompyuter Programmirovaniyada Inlische bilsen has ansat bolyar we men Inlis dilimi hem gowulashdyrmak ucin Amerika has amatly bolyar.

2. Kolejin haysy shtatda yerleshyar? Haysy shaherinde? Kolejin adresi name?
-- Menin kolejim Maryland shtatyn, Baltimore shaherinde yerleshyar, Kolejin ady Joseph Community College, adresi 1400 Amsterdam Avenue, Baltimore (meselem)

3. Okuwa gitjek shtatyny namucin sayladyn? Namucin bashga shtatlary saylamadyn?
-- Men bashga okuw yerlerinede seretdim, yone Maryland shtat mana has gowy gorundi, chunki ol shtatyn bay taryhy bar we suwun yanynda yerleshyar. Men balyk tutmagy gowy goremson, menin hobby-m ucin hem gowy yer bolar diyip hasap etdim.

4. Okuwa gitjek shtatyn barada nameler bilyan? Ol shtatyn ekonomikasy esasanam haysy ugurdan osyar?
-- Maryland shtatda 6 milyon towerek adam yashayar. Ol shtatyn bay taryhy bar, esasanam politicheskiy tarapdan. Ol shtatyn ekonomikasy esasanam tehnologiya, bio-tehnologiya, okuw sektorlardan peyda goryar. Maryland Washingtona yakyn bolanson, ekonomikasy hokumetin kontraktlaryndan osyar. (Shunun yaly informasiyany Wikipedia-dan alyp bilersiniz.)

5. Kolejine yilina nache toleg gechmeli? Her semesterine nache toleg?
-- Kolejimin yilina $10,000 tolemeli, her semesterine $5000 dollar. (Bu informasiyany size iberilen I-20 priglasheniyanyn yuzunde okap bilersiniz.)

6. Okap yorkan nirde yashamak planyn bar? Yashayshyna nache tolarsin?
-- Okap yorkam men kolejin obshagasynda yashajak. Men koleje obshaga ucin eyyam dokument tabshyrdym. Obshaga yilina $5000 tolemeli.

7. Bu bankdaky pulun ozunkimi, nadip topladyn, kim berdi? Sponsoryn barmy ya?
-- Bu bankdaky pul menin kakamyn (ya dayimin) puly. Kakam (ya dayim) biznesmen. Ol telekechilik edyar, Hytaydan towar getiryar. Menin okap hunar almagymy isleyar.

8. On biryerlerde okadynmy? Mekdepden son bashga okuw okadynmy?
-- Men Ashgabat shaherinin 2-nji mekdebini gutardym we Bashkent Inlis Dili Kursuny gutardym.

9. Amerikada okap yorkan birden pulun gutarsa, nadip tolejek chykdajylaryna?
-- Kakam (dayim) yene pul iberer eger birden pulum gutarsa.

10. Amerikada okap yorkan 1 yilda etjek chykdajyn nacherak bolar? Hasap edip gordunmi?
-- Amerikada 1 yilda etjek chykdajym $20,000 towerek bolar. Okuw ucin $10,000, yashajak yerime $5000, nahar/restoran we bashga sowalgalar ucin $5000 towerek chykar. (Bu informasiya hem I-20 priglasheniyada yazylgy duryar obychno.)

11. Amerikada ishlemek planyn barmy?
-- Yok, Amerikada ishlemek planymda yok. Bar unsumi okuwa berjek.

12. Amerikada yashayan tanyshyn ya garyndashyn barmy?
-- Yok. (Amerikada garyndashyn bar bolsada yok diyseniz gowy bolar.)

13. Okuwyn hachan bashlayar? Hachan gutaryar?
-- Okuwym 2019-yn Awgustyn 23-ne bashlayar we 2021-nji yilin Iyunyn 10-na gutaryar. (Bu informasiya hem I-20 priglasheniyada bar.)

14. Amerika hachan uchmagy plan edyan?
-- Men Amerika Awgustyn 10-na uchmagy karar berdim.

15. Namucin meselem okuwyn bashlamanka 2 hepde onunden uchjak?
-- Men okuw bashlamanka dash toweregime biraz owrenisheyin diyyan we gerekli dokumentleri dolduryp, doly yashajak yerime girisheyin diyyan. Bolmasa okuw bashlajak wagty gitsem, hemme zady birbada etjek bolup, aljyrap okuwymy gowy okap bilmerin. Dury kelle bilen okuwy bashlayin diyyan.

16. Name ugurdan okuw okajak? Namucin shol ugury sayladyn? Namucin shol ugurdan okuwy TM-de okamak islemedin?
-- Menin okajak ugrum Bakalavr Kompyuter Programmirovaniya. Men kichilikden bari kompyuterler bilen gyzyklanyan we internet kafeden chykamokdym taze programmalar owrenjek bolup. Gynansakda Kompyuter Programmirovaniya TM-de kan osmedik bolanson, men dashary yurda gidip owrenmegi karar berdim.

17. Amerikada okuwyny gutaranson yzyna Turkmenistana gaydyp geljekmi?
-- Hawa. Amerikada okuwymy gutaramson men yzyma TM-e gaydyp geljek.

18. Yzyna gaydyp gelenson name planyn bar?
-- Menin onden bari bolan arzuwym, men TM-da tehnologiyany osdurmek isleyan. Gelejekde kakam (dayim) yaly biznesmenler ucin oz internet magazinleri achyp bermegi isleyan. Eger halkymyz internetden zat satyn alyp bashlasa, onda sonurrak biz dashary yurt kompaniyalary bilen hem birleship TM-de biznesi osdurip bileris.

19. Sen oylenenmi/durmusha chykanmy? Chagan barmy?
-- Men oylenmedik/durmusha chykmadyk, chagam yok. (Bu soraga jogap biraz kynyrak. Eger men oylenen diyseniz, pul barada sorap bashlarlar, oyune nache chykaryan, aylygyn yetyarmi, sen gidenson senin mashgalany kim obespechivat eder we sh.m. soraglar. Shonun ucin oylenen bolsanam, kabir adamlar oylenmedik diyip gorkezyarler. Ozunin oylenmedikligini gorkezmek ucin, ayaly bilen yalanjykdan ayrylyshan wagtam boldy kabirsinin. :))))))))

20. Nache doganyn bar? Olaram enen-atan soderzhat edyarmi? Eger edyan bolsa, onda senin okuwyna nadip tolap bilerler beyle chykdajy bilen?
-- Menin 2 doganym bar. Olar oyde yashanoklar, olar oylenen/durmusha chykan, ayratyn yashayarlar, oz durmushlary bar. (Bu soraga jogabam biraz kynyrak. Eger oyde ozumden bashga 2-3 jigim bar, yashlary kichi diyseniz, onda yene pul soragy bashlanyar. Shonun ucin kabir adamlar jigileri bar bolsada, dokumentde gorkezmeyan wagtlary bar. Eger ayratyn ozunizden uly doganlarynyz bar bolsa, ayratyn yashayan bolsalar, problema yok. Eger birden aydaly sizin sponsorynyz biznesman dayiniz bolsa, enen-atanyzam ishleyan bolsa, onda jigilerim bar diysenizem bolar, chunki jigilerinizi enen-atan obespechivat edyar we dayin puluna olaryn dahyly yok. Onson siz aydyp bilyaniz, jigilerimi kakam-ejem obespechivat edyar, mana okuw puluny bolsa dayim beryar. Kakam dagyn girdejisinin mana dahyly yok, chunki olar mana pul ibermeyaler diyip bilersiniz.)

21. Nirde ishleyan? Name ish edyan? Nache aylyk alyan?
-- Bu sorag hem kynyrak sorag. Eger hichyerde ishlemeyan bolsanyz, okuwynyza doly tolejek biznesmen dayiniz ya kakanyz bolmaly. Eger yarty puly ozum tolejek, bashga yarysynam enem-atam tolar diyseniz, onda siz ishleyan bolmaly we shol puly nadip toplap bileniniz barada aydyp bermeli. Meselem: Men 4-nji orta mekdepde sekretar bolup ishleyan, alyan aylygym 500 manat. Oye hichhili pul beremok, chunki enem-atam hem ishleyar. Men oz pulumyn pochti hemmesini okuwa toplayan. 3 yildan bari ishlap gelyan we 3 yilin ichinde toplan pulum $10, 000 boldy.

Amerikanskiy Posolstvadaky Konsuly in esasan gyzyklandyryan zat:
Sizin pulunyz barmy? Nirden?
Siz yzynyza gaydyp geljekmi okuwdan son?

Sizin hakykatdan hem okuwa gidyaninize goz yetirjek bolyarlar. Amerika dine ishlemage we yashamaga gelyan kop bolanson, olar hakyky okajak studenti gormek isleyarler. Shol sebapden okajak okuwyn barada, yashajak shtatyn we shaherin barada soraglar sorayarlar, chunki okajak adam, yat yere gitjek bolanda hemme zady owrenip gider. Sizin pulunyzyn barlygyna hem goz yetirmek isleyarler, chunki garyp adam Amerikada okaman, dine ishlar diyen pikirinde. Sizin oz yurdunyza dolanyp gelmeginizede goz yetiresi gelyarler, shonun ucin hokman men gaydyp geljek diyin.

Indiki blogym, Amerikan Posolstvasynda Student Visa almak ucin nahili dokumentlerin gerek bolmagy barada bolar.

Bilim, Saryk Gozeli tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir