sahypada kop taze mowzuk acylyar, ynha, men hem yanyrak nace taze mowzuk acdym. Mowzuk acma barada: acmak ucin acmaly dal, muny hemmamiz onat bilyandiris! Ozum-a mowzuk acjak bolsam: 1- ilki bn ozum onat bilmeli shol mowzugy; 2-ceshmeler bn hem delillendirip bilmeli; 3-gerekli maglumatlary rejelap goymaly; 4-agzalary hem gatnashar yaly etmeli; 5-mumkun bolsa, degishli suratlar hem goyulmaly; 6-Onat sitatalar bn mowzugy guyclendirmeli; 7-onat, peydaly yazgylar yazmaly, terbiyeleyji yazgylar, terbiyeden cykaryjy dal; 8-bilmeyan zatlarymy hem bilyan agzalara soramaly... we sh.m. yagdayi goz onunde tutup acjak bolyaryn, elbetde, kopusinde basharmasam hem. Yone shol yagdaylar bolsa, gor, nahili gowy bolar!? garaz, mowzuklar kan, gyzykly ya-da gyzyksyz. mohum bolan taze kop mowzuk acmak dal-de, acylan mowzuklara kop agzalary getirip, gyzyklandyryp, mowzuk barada pikirlerini yazdyryp bilmek pikirimce! siz muna nahili garayanyz?! bellik: sonky acan taze mowzuklarym yokardaky ayratynlyklara eyeryan daldir, sebabi bar, olam... bolyar-la, ishdaniz gacmasyn! ruhynyz tug kimin belentde bolsun!
Mowzuk acmalymy ya onki mowzuklara kop agzalary cekmelimi?
-
kakabay
16 years ago
- derman saňa gelşenok bu söz:a bizde ol ýok!
dövlete köp resurs etmek gerekdäl.gazdan gelýän girdejiň 10-dan 4-t bölegini harj etse ýeter. dövlet bize pulyny harj etse. geljek tomusda antaliýa kimiň pulyna gitsinler.
onsoňam bu işler bizede bagly...
-
Maxat
16 years ago
mowzuk acmalymy ya onki mowzuklara kop agzalary cekmelimi?
siz muna nahili garayanyz?!
nähili temada mowzuk açanyňa baglymyka diýýän menä? haysy temalar köp okalyar ya-da köp jogap berilyar, nämeler agzalaryň ünsini çekyar ya-da çekip biler, şolara görä açylyp bilner.
-
Harmandali
16 years ago
- Temalar gyzykly bolmagy uchin gurrundeshlik bolmaly! Mysal uchin men gelyan nache agza otyrya nache temada yazyp chykyan hich kim hich zat yazanok. Birsellem otyryan son ichim gysya mylayym. Ya Feya gelip ichgysmamy ayyryalar son oyun edip bashlayas beydyasem weli Shazada bir yerlerden chykyp “ offtopic etmayin!” diyya. Barik gepchi agzalar gerek :)))
-
ata
16 years ago
- ata, gyzykly we uzyn jogaplary barde gorer yaly bashda ene-atalar, dowlet kop resurs yoklamaly adamlaryn okuwyna. a bizde ol yok: adamlaryn okuwyna gerekli resurslary yoklamak. Derman | 2007-12-12 22:01:34
bu ýagdaý üçin wagt gerek, a men bolsa häzirki ýagdaý üçin aýdypdym. Bola-da talyplar.çom soňky günler janlandy, aňsatlyk bn göz ýetirse bolýar muňa!
Begençli ýagdaý!
gysga wagtda gyzykdyrmak üçin kkäbir çäreler alnyp barlyp biler, meselem, şu goşgy mowzuklarynyň oňat täsiri boldumyka diýýän. Söhbetdeşligiňem azda-kände täsiiri bolar.
Ýaryşlar geçirilse olam täsir eder, meselem, goşgy, hekaýa, test we ş.m.
-
ata
16 years ago
- maksat, dogry aýdypsyň!
iň köp girilýän we iň köp agzalary özüne çeken mowzuklaryň başynda söýgi we oýunly mowzuklary gelýär, meselem 3 harp oýnundaky ýazgy sany we agza sanyna serediň!
Ýöne başga-da ahlaga, ynanja, bilime, sporta, durmuşa we ş.m. degişli näçe mowzuklarda-da agzalary gyzyklandyryp bolarmyka diýýän! Ýöne şahsy gürleşip ý-da mail arkaly. Bärde-hä barybir edip bolanok ony.
-
ata
16 years ago
- harmandälä-de goşulýan.
offtopik ýazmaly bolýar gyzykdyrmak üçin.
Mysal:
Şazada örän oňat mowzuklar açýar, ýöne onuň köp mowzuklaryny özi bezemeli bolýar, edil meňkilerde bolşy ýaly. Belki-de men şeýle görýändirin?!
Mende bolşy ýaly, Şazada hem, belki, agzalaryň öz mowzuklaryna gatnaşyp, bilýänjelerini ppaýlaşmagyny isleýändir ýa-da şolar barada sorag soralmagyny we ş.m.?!
-
ata
16 years ago
- men-ä, aslynda, örän köp mowzuk açyp biljek ýagdaýda otyryn welin, ýöne açasym gelenok, geregem dälmikä diýýän häzir. A käbir oňat ýazgydyr hekaýalar-a we dini maglumatlara link we sitatalar bn goşant goşjak sahypamyz täzeden açylar bugün, enşallah! (iň gowy görýän we iň birahat edýän jigilerimden biri, enşallah, bugün gaýrat etse daş bolýar) :)
asyl gerekli bolan bar bolan mowzuklary janlandyrmak, ýatan agzalary turuzmak we ş.m bolmaly, ýöne nädip?!
Ýokarda ýazdym birnäçe çäre, başga-da bardyr, elbetde!
-
ata
16 years ago
- täze mowzuk(lar) açmak isleýän welin, diňe meň mowzuklarym bolup dur-a, men-ä çekinip başladym bir zatlar diýerler diýip :)
Bir bellik: Remezan aýy gelýär, mübärek 1 aý, oraza bar, sadaka bar, fitre bar we ş.m. dini hökümleriň bolan aýy. Sogap taýdanam iň köp sogap gazandyrýan, aýlaryň soltany!
Şol mynasybetli, şu aýda(Sentýabr) köp dini ýazgylar we mowzuklar goýup bilerin, şonuň üçin menden gaty görmäň!
Säwlik eden ýerimde maňa duýuryň, haýyş!
Başga-da mowzuklar babatda aýtjak zatlarym bar bolsa, şu ýere gelerin-dä, enşallah!
-
ata
16 years ago
- aktiw agzalar mowzuk açanlarynda, aslynda, şolara beýleki aktiw agzalar jogap bermelimikä diýýän, ýogsam, höwesleri gaçyp biler :)
Degişme bir ýana welin, dogrudanam, şeýle goltgy gerek aslynda, belki, goltga garaşýan däldirler welin, ýene-de gowy-da şeýdilse we görelde bolunýar beýleki agzalara!
-
ata
15 years ago
- men iki mowzuk açasym gelýär welin, açjak däl :)
üçünji birini welin açarmykam diýýän şu günlerde :D
açmak isläpde, açmajak mowzuklarymdan birini size pyşyrdaýyn :
1- "Talyplar.com-uň "iň"-leri"
içinde bolsa:
1- iň köp ýazýan;
2- iň wäşi;
3- iň ketjal;
4- iň garry;
5- iň ýaş;
6- iň ...
...
diýip ýazybermeli :)
muny öňki talyplarda men açypdym, häzir ýok bolmaly. Ýöne dünýädäki "iň"-ler üçin mowzuk bar bolmaly.
2-njinem ýadyma düşende ýazaryn-laý bärä, häzir ýada salyp bilmedim-dä :P
Bu mowzuklary agzalardan biri açyp biler :P
menden-ä 1 garaw ýok :P
-
ata
15 years ago
- Pikirimçe, açylmaly mowzuklardan ýene birnäçesi:
1- UK medeniýeti we ş.m. barada maglumat;
2- Halaýan sözlerimiz, many we sebäpleri;
3- Hoşlaşyk (özüm üçin :P )
4- käbir maşgala degişli ýazgy we hekaýalar.
kellä gelýär welin, ýazmasam çykyp gidýär-dä, şoň üçinem birnäçesi ýada düşmedi.
Açan açar-da, men-ä bärde ýazjak :D
-
ata
15 years ago
- 5- sahypalardaky maksatlarym.
Derman 16 years ago- ata, gyzykly we uzyn jogaplary barde gorer yaly bashda ene-atalar, dowlet kop resurs yoklamaly adamlaryn okuwyna. a bizde ol yok: adamlaryn okuwyna gerekli resurslary yoklamak.