Öňem bir gyz söýgilisine ynanman, ony barlap görmek isläpdir. Söýgülisine Köpetdagyň çür depesinde bir güliň görnüşiniň ösýänligini, şol gülden bir çemen sowgat etmegini isleýänligini aýdypdyr! Oglan irden işe irte çykyp gidipdir we gyza hat goýup gidipdir. Hatda şeýle diýýädi:" Söýgülim, seni söýýänligimi subut etmegimi isleýänsiň, ýöne eger men şool beýik daga dyrmyşyp barýakam ýykylyp gaýtdyp, elim döwüläýse osoň seniň bilen nädip el tutuşyp ýöräris? Aýagym döwülse nädip seniň bilen syýahatlara giderin? Ýa birden maýyp bolup galsam, nädip bu dünýäde iň eziz görýän adamyma ýük bolup ýaşaryn? Ýa birden ölsem ..."
Hekaýanyň yzy gowy bolup gutarýa, edil disneylandyň ssenariýalaryndaky ýaly. Ýöne bu durmuş, disneyland studiosy däl, gowy bolup gutarar diýip söýgini barlanmaz! Söýgini diňe wagt barlaýa, wagt görkezýä. Men söýgülimi diýen pikir kellä gelip bilýän bolsa onda ol söýgi däl, ikitaraplaýyn kämil söýgi däl.
Awtor @Garadaşly

Edebiýat, SiziňÝalyBiri tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir