Milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşinde ýurdumyzyň telekeçilerine möjüm orun degişlidir. Häzirki döwürde türkmen işewürleri dürli ulgamlarda amala aşyrylýan giň möçberli maksatnamalary hem-de taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Olar önümleriň köp görnüşlerini öndürmek bilen, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge saldamly goşant goşýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy gurluşyk kompaniýalary mähriban Diýarymyzda alnyp barylýan gurluşyk işlerinde hem görelde bolýarlar. Olaryň ýurdumyzyň welaýatlarynda, şeýle hem ak mermerli paýtagtymyzda guran köp sanly dürli maksatly desgalary we binalary görenleri haýran galdyrýar.

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 11 ýyllygy giňden bellenilip geçildi. Hormatly Prezidentimiziň Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu mynasybetli iberen Gutlagynda, hususan-da: “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” diýlip atlandyrylan ýylda bazar gatnaşyklaryny emele getirmek wezipelerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň ykdysady we durmuş syýasatyny özgertmek boýunça netijeli işler dowam etdirilýär. Giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmekde, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar we belent sepgitlere ýetilýär.

Täzelikler, Gyzykly tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir