Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanyp taýýarlanan bu döwrebap Kanun ekologiýa auditini geçirmegiň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitlemek bilen, ýurdumyzda hojalygy ýörediji subýektleriň işiniň ekologiýa taýdan esaslylygyny we netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Bu Kanunyň 1-nji maddasynda kanunyň mazmunynda ulanylýan esasy düşünjelere her bir okyja düşnükli bolmagy üçin, sada, çuň manyly kesgitlemeler berildi.

Daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda amala aşyrylýan işi kämilleşdirmek, şeýle hem hojalyk we beýleki işiň daşky gurşawa ýaramaz täsir etmeleriniň öňüni almak hem-de ol täsir etmeleri peseltmek ekologiýa auditiniň esasy maksady bolup durýar.

Hojalyk we beýleki iş amala aşyrylan mahalynda, daşky gurşawy goramagyň we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň talaplarynynyň berjaý edilişine seljeriş geçirmek we baha bermek hem-de ekologiýa auditini buýrujy tarapyndan geçirilýän daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleriň netijeliligine, doly ýeterlikli hem-de esaslylygyna baha bermek, şeýle hem ekologiýa auditiniň obýektlerinde ekologiýa meselelerine ýüze çykarmak we kesgitlemek ekologiýa auiditiniň wezipelerine degişli bolup durýar.

Täzelikler, Gyzykly tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir