21-nji martda Türkmenistan döwletiniň ähli ýerinde ählihalk ýowary geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, şol gün Türkmenistanyň ähli raýatlary ýokary ruhubelentlikde ir sagat 7-de ählihalk ýowaryna gatnaşmak üçin ýörite bellenilen ýerlere ýygnanyşdylar.

Ýurdumyzyň demirgazyk bölegi bolan Daşoguz welaýatynda ählihalk ýowary - köpçülikleýin bag ekmek dabarasy S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşliginiň çägindäki meýdanynda geçirildi. Bu ýerde agaç nahallaryny oturtmaga welaýat we şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, aksakgal ýaşylulardyr mährem eneler, talyp ýaşlar işjeň gatnaşdylar. Baýramçylyk ruhunda bezelen meýdanda belentden ýaňlanýan aýdym sazyň astynda ýaşuly nesliň ak pata bermeginde 7 gektar meýdanda pürli we saýaly agaç nahallarynyň 2800 düýbi oturdyldy. Dabaranyň dowamynda bag nahallaryny ekmek üçin niýetlenen meýdançanyň daş-töwereginde türkmeniň ak öýleri oturdylyp, hatar gazanlar ataryldy. Şeýle-de, bu ýerde kitap sergisi, ene-mamalarymyzdan miras galan el işleriniň, türkmen halkynyň durmuşynda ulanylýan milli zähmet gurallarynyň, Daşoguz şäher we etrap çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň çeken suratlarynyň sergileri guraldy.

Ir säherden başlanan ählihalk ýowary welaýatymyzyň etraplarynda, obadyr şäherleriň ähli ýerlerinde ýokary guramaçylykly geçirilip, bu sogaply işe welaýat boýunça jemi 78 500 adam gatnaşdy.

Ýeri gelende belläp geçsek, türkmen tebigatyny has gözel görke getirmek, bagy-bossanlyga öwürmek hem-de Türkmenistanyň Milli Tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen kabul edilen Karara laýyklykda, 2019-njy ýyl Türkmenistan – rowaçlygyň Watany ýylynda ýurdumyz boýunça saýaly, pürli, miweli bag nahallarynyňdyr üzümiň jemi 3 million düýbüni ekmek göz öňünde tutulýar. Şolardan 22 müň miweli, 33 müň pürli we saýaly baglar - jemi 55 müň düýp agaç nahallary Daşoguz welaýatynda ekilmäge degişlidir.

Täzelikler, Gyzykly tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir