Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym zamanlarda tokaýda bir aýy bar eken. Günlerden bir gün tokaýa odun çöplemäge gidýän daýhanlardan biri ony görüpdir we gorkup gaçypdyr. Gaçyp barýarka-da büdräp, bir çukura gaçypdyr. Ol çukurdan çykmak üçin esli dyrjaşsa-da paşmandyr. Ahyrsoňy umydyny üzeňkirlände, hälki aýy gelip, ony çukurdan halas edipdir. Şeýlelik bilen olar dost bolupdyrlar. Bir gün daýhan aýyny öýüne myhmançylyga çagyrypdyr. Aýy oba gelmänkä, daýhanyň dostlary aýy barada erbet zatlar aýdyp, dayhany ony öldürmäge razy edipdirler. Aýy öýe giriberende, daýhan öýlerindäki gylyjy alyp, aýynyň depesine inderýär. Aýy nämäniň nämeligine ibaly düşünmän, tokaýa baka ökjäni göterýär. Şol barmana daýhan aýynyň yzyndan bolgusyz we edepsiz zatlary töhmet/şyltak atyp gygyrýar. Muňa aýynyň hasam gahary gelýär we gynanýar. Ol özüni zordan tokaýa atyp, ýarasynyň oňatlaşmagyna garaşyp başlaýar! Gün geçýär, aý geçýär, daýhan ýoknasyz dostlarynyň bolar-bolgusyz geplerine gidip, öz eden säwligine düşünip başlaýar we eden etmişi üçin örän ahmyr duýýar. Ol tokaýa gidip, aýydan ötünç soramagy niýet edip, tokaýa sary ýola rowana bolýar. Ol tokaýda aýyny görüp, hem utanýar hem-de az-kem gorkýar, sebäbi, ol aýyny öldürmekçi bolupdy. Aýy hem bu ýagdaýy aňýar we daýhana hiç zat etmejigini bildirip, ony bu babatda rahatladýar. Daýhan aýynyň kellesinde hiç bir ýara yzyny görüp bilmändir şunça seretse-de, ýagdaýa düşünen aýy daýhana: - Daýhan dost, ynha, şu ýere gylyç salypdyň, ondan bäri aýlar geçdi we tyg ýarasy bitdi, şükür! Ýöne sen meniň yzymdan ýakmasyz zatlar diýipdiň ýalňyş gepe gidip, ynha, şol sebäpli-de, tyg ýarasy bitse-de, söz ýarasy bitmedi! – diýipdir. Daýhan hem öz säwligine düşünenini, bu sebäpli-de aýydan ötünç soraýanyny bildiripdir, aýy hem kabul edipdir. Şondan bäri hem olar şat ýaşaýamyşlar.

Köneler, ata tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir