Amerikanskiy Posolstvadaky Interview nadip tayyarlanmaly?

Men bu yerde yazjak zadym, esasanam Amerika student bolup gidesi gelyan adamlar ucin yazyan. Sebabi Amerika turist bolup gitjek bolsan, posolstvada bashgarak soraglar bermekleri mumkin.

Amerikanskiy Posolstva interview tayyarlananynda in birinji wajyp etmeli zadynyz, dogry dokumentleri toplap, hemmesini inlis diline owurtmeli Terjime edyan firmalaryn usti bilen. Hemme zat ofisialno bolmaly, Terjime edyan firmanyn pechaty zady durmaly shol perevod edilen dokumentin yuzunde. Chunki Amerikan Konsuly Turkmenche ya Orscha gowy bilenok, sahel gurlap bileni bilen, sizin dokumentlerinizi sizin dilinizde okap durmaga onun wagty yok. Onsonam ol dokumentler USCIS (U.S. Citizenship and Immigration Services) ugradylyar, olar bolsa dine Inlis dilini dushunyarler. Shonun ucin eger perevod edip eltmeseniz, sizin bilen wagtyny yitiresi gelip duranok, otkaz edip goyberayarler yada bar dogry dokument getir diyip yzyna ugradyarlar.

Ikinji wajyp zat, yanynyzda Amerikan Posolstva viza ucin tolenmeli puly akidin we dogry mochberde akidin. Yalnyshmasam shuwagtky Student Viza tolegi $160 duryar. Goni $160 akidin yanynyzda. $200 eltseniz, size zdachi bermezlikleri mumkin, sebabi olaryn kawagt zdachi ucin puly bolanok. Shonun ucin maydarak dollardan ya dogry tolegini eldin yada kopurak eldin, meselem $100 edil yuz dollar edip eldin we lishniy $60-$80 mayda dollarlar bilen yanynyzda goterin. Birden gerek bolsa, kynchylyk chekmeziniz yaly.

Uchunji zat, sizin egin-eshiginiz. Eger oglan bolsanyz normalniy geyinip baryp, toest jynsy, mayka, krasovka dalde, meselem ak koynek bilen gara jalbar. Edil toya baryanyn yaly kostyum jalbarly gitmegem hokman dal, yone akuratniyja bolup gitsen gowy. Gyz bolsanyz ya Turkmen koynek yada yubka kofta, asym asym shay-sep hokman dal, yuzune 10kg shpaklevka hem hokman dal, Amerikanlar kop kosmetika chalynanoklar (dine zhurnallarda bar shpaklevkalylar). Normalniyja geyinip baryn, halky masgara etman :))))))

Dordunji zat, Amerikan Konsul bilen interview psihologicheskiy tarapdan tayyarlanmaly. Birinjilik bilen Konsulyn goni yuzune seredip gurlemeli, gozunin ichine seredin :) Sebabi Amerikanlarda sulmurap, utanyp, yere seredip duran zat yok. Yere seredip, ya yuzune seretman gurleshsen, Amerikanlar shonun yaly adamlary ynamsyz we aldawchy goryarler. Yene-de, sypayi we mylayim bolun we yilgyryn. Bizin Turkmende kop yilgyryp duran birini gushkelle goryarler, yone Amerikada yalandan yilgirmak bir kulturanyn bolegi. Natanysh adamlaram bashgalara yalandan yilgyrayalar Amerikada. Shonun ucin Konsul bilen gurleshenizde, goni yuzune bakyp, ozunize gownuniz yetyan yaly we yilgyryp gurleshin. Arasynda degiship goyberin, chunki Amerikanlar degishgen adamlary gowy goryarler.
Meselem, ine sorag berildi size: Amerika ilki baranynyzda name etmek planynyz bar?
Sizin jogabynyz: Chynymy aytsam ilki bashda Amerikan Pizzasyny iyip goresim gelyar, kinolarda hemmesi shony owyar welin, dadasym gelyar shondan. Son bolsa belki Amerikanskiy Baseball (Beyzbol) oyunyna gidip gorup bilerin, onam kinolarda gaty moda edip gorkezyarler. Siz haysy shtatda in gowy pizza satylyar diyip hasap edyaniz? Rekommendasiyanyn barmy?

Ine sheyle degishgenlik bilen gurleshseniz, Amerikan Konsuly sizin hakykatdanam Amerikan kulturasyny owrenesiniz gelyanize gozi yeter we size tarap pozitivno sereder. Konsul bilen gurleshenizde aljyraman, arkayinlyk bilen gurleshin, gara-suw bolup derleman gurleshin :) sebabi ol adamam siz yaly adam, Huday dal :) sizden sorag soramak onun ishi, ol dine oz ishini yerine yetiryar.

Interview-da sizden ine shu soraglary sorap bilerler:

1. Namucin Amerika okamaga gidesin gelyar? Namucin TM-da okasyn gelenok ya Orsyete gitmedin meselem?
2. Kolejin haysy shtatda yerleshyar? Haysy shaherinde? Kolejin adresi name?
3. Okuwa gitjek shtatyny namucin sayladyn? Namucin bashga shtatlary saylamadyn?
4. Okuwa gitjek shtatyn barada nameler bilyan? Ol shtatyn ekonomikasy esasanam haysy ugurdan osyar?
5. Kolejine yilina nache toleg gechmeli? Her semesterine nache toleg?
6. Okap yorkan nirde yashamak planyn bar? Yashayshyna nache tolarsin?
7. Bu bankdaky pulun ozunkimi, nadip topladyn, kim berdi? Sponsoryn barmy ya?
8. On biryerlerde okadynmy? Mekdepden son bashga okuw okadynmy?
9. Amerikada okap yorkan birden pulun gutarsa, nadip tolejek chykdajylaryna?
10. Amerikada okap yorkan 1 yilda etjek chykdajyn nacherak bolar? Hasap edip gordunmi?
11. Amerikada ishlemek planyn barmy?
12. Amerikada yashayan tanyshyn ya garyndashyn barmy?
13. Okuwyn hachan bashlayar? Hachan gutaryar?
14. Amerika hachan uchmagy plan edyan?
15. Namucin meselem okuwyn bashlamanka 3 hepde onunden uchjak?
16. Name ugurdan okuw okajak? Namucin shol ugury sayladyn? Namucin shol ugurdan okuwy TM-de okamak islemedin?
17. Amerikada okuwyny gutaranson yzyna Turkmenistana gaydyp geljekmi?
18. Yzyna gaydyp gelenson name planyn bar?
19. Sen oylenenmi/durmusha chykanmy? Chagan barmy?
20. Nache doganyn bar? Olaram enen-atan soderzhat edyarmi? Eger edyan bolsa, onda senin okuwyna nadip tolap bilerler beyle chykdajy bilen?
21. Nirde ishleyan? Name ish edyan? Nache aylyk alyan?

Shunun yaly soraglary sorap bilerler. Bu soraglaryn hemmesini soramazlar, arasyndan saylap sorarlar, yone birden sorasalar, sizin jogabynyz tayyar bolmaly. Shu soraglardan bashgada sorag sorap bilerler, men bu yerde yadyma dushenleri yazdym. Kommentde sizem sizden soralan soraglary yazyp bilersiniz.
Eger Inlische bilmeseniz, posolstvada Rus ya Turkmen dili perevodchik sorap bilersiniz. Interview bashlamanka sizden sorarlar perevodchik isleyanmi diyip. Gerek bolsa "Hawa, gerek" diyin. Perevodchik soranynyz bilen, sizin shansynyz azalanok. Yone ozunize gownuniz yetse, "Yok, gerekdal" hem diyip bilersiniz.

Indiki blogymda, shu soraglara nahili jogap bermeliligi barada bolar.

Bilim, Saryk Gozeli tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir