Nämä beýdip tukat otyrsyn şahyr
Bu dünýäniň soňy görnüp dur ahyr
Ola zöhre bolsa sen bolup tahyr
Barda onuň edil maňlaýyndan öp

Maňlaýda öpeňde seretse aşak
Saçyndan öp, boýnun bukaw dek guşap
Onsoň her gaşyndan üç gezek ogşap
Kem kem aşak süşüp gabagyndan öp

Gabakdan öpeňde çytmasa gaşyn
Ola çyn magşukdyr senem çyn aşyk
Onson burun diýilýän galadan aşyp,
Nepese maý bermän dodagyndan öp

Dodaklar bägül dek pyşyrdaşarlar
Demler deme degip pyşyrdaşarlar
Eliňde titrände balyk goşarlar
Maňlaýyňy degirip dyrnagyndandan öp

Gysyp, gysyp,gysyp ýenede gysyp
Iç onsoň dil bilen dil deňziň susup
Onsoň gapak döşüň ak mämä basyp
Yürek bagryň bilen ýüreginden öp

Körpäniň içine çümdürip sagryn
Kürük towuk kimin owkala bagryn
Demiň bilen syryp ak joýaň ugrun
Goşa ternäň bally sapagyndan öp

Bagytlysyň,bagytlysyň,bagytlysyň onsoň
Niresinden öpseň öpüwer sen soň
Hapa ýeri bardyr öýtmersiň soň
Soň jorabyny çykarda aýagyndan öp

Kerim gurbannepesow

Edebiýat, yoga tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir