GARA BULUT

Her kim bir zady söýýär,
Diýmäň geçmişi unut!
Aglaberse gara bulut.
Dünýämi gaplany üçin,
(Bu derdimi dökdüm kän),
...Olam girdi dünýäme
Bir ajaýyp saz bolup.
Pelek yza dönýämi,
Bolaýýarmy düzedip.
Ol gelende ajapdy,
Jan beripdi keşbime.
Men özümi aýapdym,
Ýüz bermändim hiç kime,
Ot bermändim derdime,
Şükür edip her deme...
Ýalan boldy baharym,
Tukatlandy tebigat.
Ýeke galsam aglaýan,
Kömek bermez şerigat.
Soň soňlaram oýlaýan
Ýaz ýagyşy ýaganda.
Sesi gaty haýbatly -
Ýyldyrymyň, çakanda.
...Jan berýändir ýaz gelip,
Gara bulut üýşende.
Ýere etdi şepagat,
Sansyz damjalar şonda.
Üstün örtdi gara bulut,
Düşek boldy tebigat.
...Ýazdan soňam kän ýagdy
Pyntyklamaz agaçlar,
Gögermedi ýeke ot.

✍Amangözel Gurbanowa

Edebiýat, AHALLY tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir