25/02/2019

Mugallym bolmak – käriniň manysyny bilýän mugallymlar üçin tapylgysyz nygmatdan, ägirt bir güýçden we mümkinçiliklerden, manysyna düşünmeýänler üçin bolsa kelle agyrdyjy eziýet we ejirden ybaratdyr. Onuň manysyna düşünip, hakyky ýagdaýda ondan lezet alyp bilmek üçin, işläp fiziki taýdan ýadaýan wagtymyzda hem aslynda ruhy taýdan doýmak, dolmak, ganmak üçin, içimizdäki höwesiň bizi hasam aktiw saklamagy üçin HAKYKY – IDEAL  MUGALLYM bolmagyň ýollaryny gözlemeli bolýarys. Bir mugallymyň özünde jemlemeli käbir aýratynlyklaryny özümiň dar dünýägaraýşym esasynda beýan etmekçi.

Bularyň ilkinjisi –mugallymyň öz ugruny çuňňur bilmegidir.

Bu orta mekdep bolsun, ýokary okuw jaýy bolsun islendik bilim beriş edaralarynda iň möhüm mesele bolup durýar. Mugallymyň öz ugruny gowy bilmegi onuň sylanmagy diýmekdir. Adam köplenç sylaýan kişisini diňlemäge we ondan öwrenmäge has ýykgyn bolýar. Eger bir mugallym üçin tersi bolan ýagdaýynda okuwçylar ýa-da talyplar her pursatda mugallymy kyn ýagdaýa saljak soraglar bilen üstünden gülmekleri we onuň abraýyny pese düşürmekleri mümkin. Eger öz ugry babatynda bir ýetmezçiligi bar bolsa okap, öwrenip ilki bilen şol kemçiligi gidermeli.

Ikinji bir mesele bolsa –  öwretmegiň ýollaryny bilmek.

Bilmegiň wajyp bolşy ýaly bilýänlerimizi öwretmegi başarmak hem wajypdyr. Mugallym täze maglumatlary okuwça ýetirende ony haýsy ýollar bilen ýetirende has täsirli we ýatda galyjy boljakdygyny göz öňünde tutmaly. Hatda bir sapagyň dowamynda düşündirjek temasyny birnäçe ýol bilen düşündirmäge taýýar bolmaly. Okuwçylaryň kabul edişi dürli-dürli bolýandygy sebäpli dürli usullary ulanmak zerurlygy ýüze çykyp bilýär. Ýagny mugallym düşündirjek sapagyny gowy planlap, sapagyň dowamynda ulanjak gurallaryny öňünden taýynlap gelmeli. Munuň bilen baglanşykly has giňişleýin maglumat edinmek üçin okatmagyň usullaryna degişli kitaplar okalyp biliner.

Eger mugallymyň ugruny bilmek we ony öwretmek bilen bagly bir meselesi ýok bolsa, onda onuň ideal mugallym bolmagy üçin indiki ädimleri hem özünde jemlemegi zerurdyr.

Okuwçylaryň/talyplaryň ählisine deň göz bilen seretmek.

Okuwçy isle ökde bolsun isle gowşak, isle baý bolsun isle garyp, isle aktiw bolsun isle ýuwaş tapawudy ýok, ilki bilen olara bir ynsan hökmünde garamaly. Mugallym olaryň fiziki ýa-da maddy ýagdaýlarynyň olara bolan seredişine täsir etmegine ýol bermeli däl. Okuwçylary sapakdan sowadýan, käwagt biri-birine duşman edip bilýän we şonda-da köplenç edilýän ýalňyşlklaryň iň başynda okuwçylaryň sözi bilen aýtsak adam saýlamak gelýär. Mugallymyň synpda özüni adalatsyz alyp barmagy, okuwçylary çekýän zähmetlerine, gaýratlaryna görä däl-de göwnüniň islegine görä bahalandyrmagy hem okuwçylaryň höwesini gaçyrýar hem-de olardaky ösüşe böwet bolýar.

Gorkuzyp däl-de söýdürip öwretmek.

Ýalňyşmaýan bolsam bizde “Gorkmadyk sylamaz” diýen bir söz bar. Bu söz belli bir derejede dogry bolup biler. Gorkuzylan kişi gorkýan kişisini diňe ol ýanynda wagty sylar. Emma bu sylag çäkli, wagtlaýyn we ýasama, sebäbi mejbury. Bu biraz polisiýany gören ogrynyň özüni ynsaply kişi ýaly alyp barmagyna meňzeýär. Ogrynyň ynsaby polisiýa ýanyndan gidýançädir, soň ýene öňki ýagdaýyna dowam edýär. Emma adam söýýän kişisini diňe sylamak däl, oňa ýürekden hyzmat etmäge, hatda söýýän kişisine zyýan ýetmezligi üçin öz bähbidinden geçmäge taýyn bolýar. Gorkuda bize hereket etdirýän güýç daşardan bolsa, söýgide bu güýç içerdendir. Lezzet alyp öwrenmekmi, birahat bolup öwrenmekmi soragyna beriljek jogap elbetde lezzet alyp öwrenmek bolsa gerek. Şol sebäpli islendik ýerde uzyn wagtlyk ýa-da hemişelik bir täsir goýmak isleýän bolsak onuň ýoly söýdürmekden geçýär.

Maksat diňe tebigy ýa-da gumanitar bilim bermek däl-de eýsem olary durmuşyň kynçylyklarynyň öňünde dimdik aýakda durup biler ýaly öwüt-ündewler bilen hem terbiýelemek bolmaly.   

     Belki käbir mugallymlarda “Meniň wezipäm sapagy düşündirmek, maňa diňe şonuň üçin aýlyk tölenýär” ýaly pikir bolup biler. Emma bir mugallym hökmünde ýatdan çykarmaly däl zadymyz, birnäçe ýyldan soň biz we biziň çagalarymyz şol okadylan okuwçlaryň dolandyrýan ýurdunda ýaşamaly. Wagt geler olar biziň ýerimizi eýeläp, biziň çagalarymyzy okadarlar, biziň saglygymyza serederler. Geljekde özümiz üçin nähili şertleri we mümkinçilikleri isleýän bolsak şoňa görä elimizden gelenini şuwagt etmeli bolýarys, sebäbi edýän işimiziň bir ujy ýene bize gelip ýetýär.

Bilim berýäni üçin mugallymyň minnet edip, tamakinçilige girmezligi.

Biz hernäçe mugallymçylyk kärini öwsegem okuwçynyň ýok ýerinde mugallym sözüniň manysy ýok. Mugallymyň barlygy okuwçynyň barlygy sebäplidir. Şonuň üçin minnet etmegä däl gaýtam mugallym okuwça bir nygmat hökmünde seretmeli. Tamakinçilik bolsa minnet duýgusynyň netijesinde ýüze çykýar. Baýramçylyk ýa-da doglan günlerinde mugallymyň okuwçysyndan sowgada garaşmagyny ýa-da garaşýandygyny bildirmegini düýbünden ýalňyş hasaplaýaryn. Ilki başda ýönekeýje zat ýaly görünsede netijeleriniň bizi nireler eltip biljegini çaklamak kyn.

Iň soňky bellejek zadym, mugallymyň esasy niýet we maksadynyň maddy gazanç bolmazlygy.

Elbetde herkim çeken zähmetiniň hakyny almaly. Emma bu ýerdäki esasy zat, diňe pul gazanmak üçin işlemek bilen gowy nesil ýetişdirmek üçin çekilen zähmete berilýän hakyňarasyndaky inçejik çyzykdyr. Daşyndan göräýmäge hiçhili tapawut ýok ýaly. Ýöne haçanda işlerimizdäki esasy maksadymyz maddy gazançdan ybarat bolanda, bize maddy taýdan peýdasy degmejek işler manysyny ýitirip ugraýar we bu “öwüt-ündew garyn doýurmaýar” ýaly düşünjä çenli baryp ýetip bilýär. Umuman aýtsak, hakyky mugallym bolmak herkime başartjak iş däl, emma muny başaranlar welin unudulmajak, taýsyz şahsyýetlerdir.

Elbetde ýaş nesliň ýetişmeginde mugallyma düşýän wezipe ýokardada belleýşimiz ýaly gaty uly. Munuň bilen bir hatarda ýene bir esasy wezipe ene-ata düşýär. Mugallym – okuwçy – ene-ata üçburçlygyndaky iki tarapyň islendiginiň kemçiligi çaganyň ýetişigine erbet täsir edýär. Ene-atanyň çaganyň ýetişigindäki roly bilen baglanşykly has giňişleýin maglumat edinmek üçin masgalamekdebi.comsahypasyndaky “Çaga terbiýesi babatynda ene-atalaryň mugallymlary goldamaly ýerleri” atly makala seredip bilersiňiz.

Eger mugallymlarymyz – hakyky, ideal mugallym bolsa, okuwçylar/talyplar – mugallymlary sylasa, ene-atalarymyz bolsa mugallymlary goldasa, iň ýagty we owadan geljek biziňki bolsa gerek.

Bilim, ETIKA tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir