Dün­ýä­niň iň gür ilat­ly şä­he­ri

2035-nji ýyl­da dün­ýä­niň iň gür ilat­ly şä­he­ri In­do­ne­zi­ýa­nyň paý­tag­ty Ja­kar­ta bo­lar. Bu ba­ra­da “Oxford Econo­mics” yl­my-bar­lag ins­ti­tu­ty­nyň çak­la­ma­la­ryn­da bel­le­ni­lip ge­çil­ýär. Bar­lag­la­ryň ne­ti­je­si­ne gö­rä, ýe­ne-de 16 ýyl­dan Ja­kar­ta­nyň ilat sa­ny 38 mil­lio­na go­laý­lar. Bu sa­naw­da ikin­ji orun Ýa­po­ni­ýa­nyň paý­tag­ty To­kio şä­he­ri­ne be­ril­di. Bu şä­he­riň ila­ty de­giş­li dö­wür­de 37,8 mil­lio­na ba­ra­bar bo­lar. Ola­ryň yzyn­da Hy­ta­ýyň mer­ke­zi bö­le­gin­dä­ki Çun­sin şä­he­ri ýer­le­şer. Çak­la­ma­la­ra gö­rä, bu şä­he­riň ila­ty 32,2 mil­lio­na ýe­ter.
16 ýyl­dan soň­ra iň gür ilat­ly şä­her­le­riň il­kin­ji on­lu­gyn­da Dak­ka (31,2 mln), Şan­haý (25,3 mln), Ka­ra­çi (24,8 mln), Kin­şa­sa (24,7 mln), La­gos (24,2 mln), Me­hi­ko (23,5 mln) we Mum­baý (23,1 mln) ýa­ly şä­her­ler bo­lar.
Yl­my-bar­lag iş­le­rin­de 2019-2035-nji ýyl­lar üçin yk­dy­sa­dy ösüş gör­ke­zi­ji­le­ri hem sel­je­ril­di. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, esa­sy yk­dy­sa­dy ösüş Hin­dis­ta­nyň şä­her­le­rin­de ama­la aşy­ry­lar. Bu ugur­da Su­rat, Ag­ra we Ban­ga­lor ýa­ly şä­her­ler­de oňat ne­ti­je­le­riň ga­za­nyl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.
Çak­la­ma­la­ra la­ýyk­lyk­da, 2035-nji ýyl­da Nýu-Ýork iň güýç­li yk­dy­sa­dy­ýe­te eýe bo­lan şä­her bo­lar. Ikin­ji we üçün­ji orun­lar­da de­giş­li­lik­de, To­kio hem-de Los-An­je­les bo­lar.

Täzelikler, bank tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir