Kiçiligimden bäri kellämde jogabyny tapmakda kynçylyk çeken soraglarymyň käbirleri “Adam häsiýetini nireden alýar? Nädip erbet ýa-da gowy häsiýetli bolýarlar? Erbet adamlar ol häsiýetleri öz islegleri bilen saýlaýarlarmy? Ony üýgetmek islemeýärlermi?” ýaly soraglardy. Bugün bu soraglary şuwagta çenli eden synlarymyň netijesinde; edinen tejribelerim we öz dünýägaraýşym esasynda jogaplamakçy.

Ilki bilen islendik çaga dogulanda tebigy taýdan (Alla tarapyn) berilen belli bir häsiýetde dogulýar. Munuň beýledigini entek hiçzada düşünip bilmejek derejede kiçi ýaşlarda çagalaryň meňzeş ýagdaýlara dürli-dürli garşylyk bermeklerinden bilip bolýar. Mysal üçin “şuny iýip bilemok, muny iýip bilemok” diýýän kişileriň ýagdaýyna özümde beýle duýgy bolmanlygy üçin kän düşünmeýärdim, olar läliksireýändirler diýip pikir edýärdim. Emma haçanda bir ýakynymyň öýüne myhmançylyga gidenimde, kiçijek, entek gürläp hem bilmeýän bir çagajygyň naharyň içindäki sogany we pomidory çykaryp goýşuny görüp geň galdym we şol wagt öňki edýän pikirlerimiň ýalňyşdygyna düşündim. Herkimde ýagdaý deň bolsa-da reaksiýalaryň dürli-dürli bolup bilýändigine göz ýetirdim.

Biziň häsiýetimizi emele getirýän sebäpleriň ilkinjisi dogulyşdan bizde bar bolan häsiýetler bolsa, ikinji bölegini maşgala terbiýesi emele getirýär. Aslynda şol bir maşgalanyň terbiýesini alan süýtdeş doganlaryň dürli häsiýetli bolmagy hem olaryň hersiniň özüne mahsus asyl düýp häsiýetleriniň bardygyny görkezýär. Maşgala çagany gaty tutup, gorkuzyp terbiýelän ýagdaýynda, ol ulalanda hem çekinjeň we gorkak ýagdaýda durmuşyna dowam edip bilýär. Eger-de içindäki basylan häsiýeti barlygyny goran bolsa onda şol maşgalanyň täsirinden uzak galan ýagdaýynda ol esasy häsiýet has güýçli ýagdaýda ýüze çykyp bilýär. Men muňa daşary ýurda ilkinji gezek okamaga çykan talyplarda az gabat gelmedim. Olaryň käbirleri bir-iki aýyň içinde düýbünden başga birine öwrülip bilýärdiler. Aslynda bu ýagdaý çaga entek çagalar bagyna ýa-da okuwa gidip başlan wagtlarynda öz täsirini görkezip başlaýar. Şol sebäpli çagany terbiýelände diňe gysyp, gorkuzmagyň ýerine aňynda galjak we edýän zadynyň manysyna düşünjek şekilde terbiýelemek, hem çaganyň geljegi hem-de maşgalanyň agzybirligi taýdan has ýerlikli.

Umuman alanymyzda biziň häsiýetimizi esaslandyrýýan esasy üç  sebäp: öz genetiki häsiýetimiz (türkmençilikde gan hem diýilýär), maşgala terbiýämiz we daş-töweregimiziň täsiri. Bularyň ilkinji ikisi belki biziň elimizde däl, ýöne biziň häsiýetimize iň köp täsir edýän elimizde bolan soňky sebäpler bolup durýar. Muny bir mysal arkaly düşündirsek has ýerlikli bolar. Içýän suwumyzy göz öňüne getiriň – arassa, dury, päk. Haçanda şol suwy kirli bir gaba guýsak suw hem hapalanar. Eger ony içinde reňk bolan gaba guýsak suwuň reňki üýtgär, duzly gaba guýsak duzly, şekerli gaba guýsak şekerli suw bolar. Ýagny nähili gaba guýsak şol gabyň şekilini alar, düzümi, tagamy we görnüşi hem guýan ýerimizdäki bar bolan garyndylara görä üýtgär, bozular ýa-da gowulaşar. Aslynda biz hem dogulanymyzda edil suw ýaly arassa, hiçhili erbetligi bilmeýän günäsiz bolýarys. Emma biziň daş-töweregimiz edil gaplaryň şekili we içindäki bar bolan zatlaryň suwy üýtgedişi ýaly biziň häsiýetimizi üýtgedýär. Onda şol töweregiň biziň häsiýetimizdäki täsirini azaltmak üçin biziň özümizi kämilleşdirmegimiz gerek. Munuň ýoly bolsa ýene-de beýleki temalarda hem bolşy ýaly okamakdan, öwrenmekden geçýär. Geliň onda bu häsiýetlerimizi gowy tarapa üýtgetmek we eger bar bolsa ýaramaz endiklerimizden dynmak üçin berilýän käbir maslahatlara seredeliň.

Ilki bilen özümiziň nähili häsiýetlerimizi üýtgetmek isleýändigimizi, haýsy häsiýeti gazanmak we haýsysyndan bolsa saplanmak isleýändigimizi anyklap hatarlalyň;Biziň durmuşymyza ýa-da saglygymyza zyýan berýän endiklerimizi taşlamak bularyň ilkinjisi bolsun. Bu endiklerimizi taşlamaga synanyşmazdan ozal bolsa ony nirede we nähili ýagdaýda edýändigimizi anyklalyň. Erbet endikler köplenç ýeke we boş galynan ýagdaýlarda edilip başlanýar. Onda bu temada özümize erk etmegi başarjak ýagdaýa gelýänçäk ýeke galmazlyga we boş wagtymyz bolmajak derejede birzatlar  bilen dowamly meşgullanmaga synanyşalyň.Haýsam bolsa bir mätäje ýardam etmek, töweregimizdäkilere hiçhili garşylygyna garaşman ýagşylyk etmek. Bu duýgynyň lezzetini hakykatdan hem alan kişi üçin bu işler olaryň durmuşynyň bir bölegi ýagdaýyna gelýär. Muny iň bolmanda eje-kakamyzy sylap olaryň göwnüni görmekden başlap bileris.Biz kölenç bir zatlar okap ýa-da wideo görüp, şol eşiden we gören zatlarymyzyň täsirinde galyp, özümizi gowy tarapa üýtgetmek üçin planlar gurup durmuşa geçirip başlaýarys. Emma bu birnäçe gün ýa-da hepde dowam edýär we soň biz ýene öňki bize öwrülýäris. Netijede men başaramok diýen karara gelýäris. Aslynda ol okap ýa-da görüp öwrenen zadymyzyň hiçbirem biziň elimizden tutup bizi islän derejämize çykarmaýar. Olar diňe bize gidilip boljak ýollary görkezýärler, ýa-da bir yşyk hökmünde ýagtylyk berýärler, emma ýerimizden turup ol ýolda ýöremek ýene bize bagly bolup durýar. Göwünlik berilmegi üçin hiçhili tamakinçilik etmän özümiz karar almaly we yzynda durmaly bolýarys.Sabyrly bolmak. Ýokarda-da belleýşimiz ýaly köplenç başda gowy başlap soňa baka gowşap başlanylýar. Bu biziň keýpimizi gaçyrmaly däl, sebäbi bu adaty bolup biljek bir ýagdaý. Käwagt iki ädim öňe käwagt bir ädim yza bolup biler. Esasy zat öňküden birazajygam bolsa öňde bolmagymyz. Şol sebäpli özümizde azajyk yza gaýdyşlyk duýan ýagdaýymyzda keýpimizi bozman dowam etmeli. Bir ata sözünde aýdylyşy ýaly “Ýagýan ýagyş ilki kiçi damjalar bilen başlaýar”.

Sözümizi jemlesek ertirki günümizi bu günümizden bir ädim öňe äkitmek biziň esasy maksadymyz bolmaly. Edil maşynyň ýöremegi üçin ýangyjyň zerurlygy ýaly biziňem islendik dowamly işde aktiw ýagdaýda ýöremegimiz üçin şol ýangyja ýagny bizi ruhy taýdan iýmitlendiriji täze-täze maglumatlara, bilime, ylyma, öwrenmäge mätäçligimiz bar. Netijede bu makalanyň hem soňy beýleki makalalarymda bolşy ýaly ýene-de öwrenmegiň wajyplygy bilen tamamlandy. Durmuş ýolunda kämilleşmäge tarap äden her ädimiňizde üstünlik hemraňyz bolsun!

Täzelikler, ETIKA tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir