Kitap okap otyrkam, gözimi bir nokada dikip galypdyrn...
Şol nokatda seň mylaýym, gülüp duran ýüžüňi, oýunçylja gözleriňi görmek isledim... Ýöne ňäme üçindir bu gezek görip bilmedim... Hemişekiler töweregimden gitmeýän, oýalykda, ukyda hemram bolan " Unudylmajak" keşbiň hany nirlere gaýyp boldy? Ojar odunyň alawlap ýanyşy deý alawlan şol yşkym sönmegiň bari ýanynda dur...
Gül açyp, gol ýaýradan, goşgy goşmaga, şanyňa duýgudan doly oýlanmalar ýazmaga itergi berýan söýgim - Saňa galan söýgim gurap galyberdile?! Bakyşlaňdan, sesiňden, sözleriňden ylham alan ýüregim buz ýaly bolup doňaýdy..!
Mähir beren, muhabbet beren, ömrüme ömür goşan perişdejik bolup, aňymda sahelçe duýgy galdyryp nirlere ýitdiň???
Gussaly geçmişime öwrülmegimi isläpdiňmi ýa?
Meni öziňden sowaşdyrmakdymy seň maksadyň?
Eger şeýle bolsa, gutlaýan maksadyňy şowly ädimler bilen tamamladyň!

MEN SENI UNUTDYM!

Edebiýat, Cxase tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir