Ýatan talyba dekanam degmez.

El hünäri il gezer Talyp haky ýol gezer.

Ir tur nyzama dur alty somsany artyk ur.

Talyba müň dürli çärede azdyr.

Çagaly öý bazar Talyply öý tozar.

Gazana ýanaşsaň garasy ýokar Talyba ýanaşsaň çäresi.

Aý dogsa älem görer Talyp gijikse rektor.

Alym bolmak aňsat talyp bolmak kyn.

Müsürde şa bolanyňdan öz ýurduňda talyp bol.

Bal tutan barmagyny ýalar talyp stipendiýasyny.

Talyp Talypdan reňk alar.

Talybyň ulysy rektoryň kabnetinde taýak iýer.

Okuwa girýänçäň dekana daýy diý.

Bir okana bar birem dekana.

Alkyş alma stipendiya al.

Talyp Talyby görip begener.

Owadan bolup dogulma Talyp bolup dogul.

Ýakma bişersiň rektoryň kabnetine düşersiň.

Täzelikler, Cxase tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir