Ylymlar akademiýasynda döwlet durmuş-ykdysady maksatnamalaryna, iň gowy dünýä tejribesine, durmuş-ykdysady gurşawyň üýtgäp durýan şertlerine laýyklykda, netijeli işleýän ylym ulgamyny döretmek maksady bilen düzüm özgertmeleri bolup geçdi.

Birinjiden, güýçli, birnäçe ugurlar boýunça toplumlaýyn işleýän guramalary döretmek, ylmy barlaglary geçirmegiň şertlerini gowulandyrmak, maddy-tehniki mümkinçilikleri we hünärmenleri birleşdirmek maksady bilen, alyp barýan işleri ugurdaş bolan “Taryh” we “Arheologiýa we etnografiýa”, “Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat” we “Milli golýazmalar” institutlary birleşdirildi. Ynsanperwer ylymlaryň ösmegine ýardam berip, ylmy guramalaryň maddy binýadyny ösdürmek, ylmy işgäriň iş şertleriniň dünýä ülňelerine laýyk gelmegini üpjün etmek, gymmatly ylmy maglumatlary saklap galmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň buýrugyna laýyklykda Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutyna ähli zerur bolan enjamlar bilen üpjün edilen goşmaça bina bölünip berildi.

Ikinjiden, alyp barýan işiniň amaly mazmuny bolan ylymlary ösdürmek, ylmy barlaglaryň netijelerini gyssagly önümçilige ornaşdyrmak, ugurdaş ýokary okuw mekdebini we ylmy guramany birleşdirmek, şeýlelikde, ylmy, önümçiligi we bilimi birleşdirmek maksady bilen, Biologiýa we derman ösümlikleri instituty iki bölege bölünýär. Derman senagatynyň barlaghanalary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, biologiýa barlaghanalary bolsa, Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersitetiniň garamagyna berildi. 2016-njy ýylda döredilen bu uniwersitet döwrebap barlaghana binýady bilen üpjün edilip, ol ýerde ylmy iş bilen meşgullanmaga isleg bildirýän ýaş mugallymlar işleýärler. Öz gezeginde Biologiýa institutyndan hem bu ýere tejribeli alymlar hem barýarlar, bu bolsa ylym işiniň nesle geçijiligini üpjün etmäge, milli ylmy jemgyýetçiliginiň düzümini giňeltmäge we pugtalandyrmaga, geljegi uly bolan ylmy-tehnologiýa merkezini döretmäge mümkinçilik berýär.

Maldarçylyk we weterinariýa instituty 20 ýyldan gowrak wagt bäri hojalyk hasaplaşygynda işläp, ol oba hojalyk ýokary okuw jaýynyň düzümine girýär we mugallymlar hem-de ylmy babatda iň köne, güýçli institut bilen birleşip, özüniň barlaglary geçirmek, hünärmenleri taýýarlamak, işläp düzmeleri pudaga ornaşdyrmak mümkinçiligini giňeldýär.

Gün energiýasy instituty Energetika instituty bilen birleşip, ýurdumyzyň energetika pudagynyň goldawyna eýe bolýar, öz işläp düzmeleriniň önümçilige ornaşdyrylmagyny üpjün edýär, ýaşlaryň akymynyň instituta gelmegini üpjün etmek üçin şertler döredilýär.

Umuman alnanda, ýurdumyzyň ylym ulgamy ykdysady ulgamyň ösüş talaplaryna laýyk getirilýär, ylym, önümçilik we bilim birleşdirilýär, ylmyň amaly pudaklaryna hojalyk hasaplaşygyny giňden ornaşdyrmak, ýaş hünärmenleri çekmek üçin şertler döredilýär, ylmy ulgamyň düzümi optimallaşdyrylýar, tutuşlygyna ylym işini kämilleşdirmek üçin amatly şertler döredilýär.

Bilim, nexttm tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir