«Daýhan baýasa, ýurt baýar» diýen pähimden ugur alýan Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň daýhanlarynyň ýokary öndürijilikli zähmet çekmekleri, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmetleri bilen baýamaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Oba hojalyk ekinlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösdürip ýetişdirmekde, ýetişdirilen hasyly çalt we isripsiz ýygnap almakda daýhanyň daýanjy bolan kämil oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň yzygiderli satyn alynmagy, topragyň berekedini artdyrýan mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar we ekinleriň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeler bilen ýeňillikli bahadan üpjün edilmegi, önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň 2019- njy ýylyn 7-nji ýanwarynda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda hem ýurdumyzda ekerançylyk önümçiligini has ýokary derejelere ýetirmek baradaky möhüm başlangyçlarydyr teklipleri öñe sürmegi oba özgertmelerini amala aşyrmakda täze badalga boldy. Maslahatda mähriban Arkadagymyz ekerançylygyň gadymy däplerini, ata-babalarymyzyň bu ugurda miras goýan tejribelerini öwrenmegi, şol tejribeleriň bolsa ençeme atalar sözlerinde, nakyllarda öz beýanyny tapandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynda Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ata-babalarymyzyň paýhas eleginden geçip, asyrlaryň dowamynda timarlanyp gelen däp-dessurlarymyzyň, halkymyzyň aňynda saklanyp galan daýhançylyk, topraga we suwa aýawly garamak, oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmegiň aýratynlyklary, gadymy ekerançylyk tejribesi hem-de häzirki wagtda oba hojalyk pudagynda giňden ulanylýan adalgalar bilen baglanyşykly parasatly sözleri toplamak hem-de sözlük görnüşinde neşir etmäge taýýarlamak barada anyk görkezmeleri berdi. Milli Liderimiziň şu görkezmelerinden ugur alyp, biz hem kitaphanamyzyň gaznasynda saklanýan edebiýatlardan alnan maglumatlaryň esasynda gallaçylyga degişli sözleriň birnäçesi baradaky düşündirişleri taýýarladyk .
Hyza -bugdaý desselerini harmana daşamak üçin yörite yasalan gural. Ol XX asyryñ başlarynda yüze çykyp, Etrek eteklerinde we Ahal sebitlerinde ulanylypdyr.
Parhow - kerpiçden ýa daşdan örülip, ýörite galla saklamaga niýetlenen jaý. Olar dürli beýiklikde we dürli ölçeglerde bolup, onda 100 putdan 11- 120 puta çenli däne saklamaklyga mümkinçilik bolupdyr. Şular ýaly parhowlaryň 3 bölekden durýan we her böleginde 1-1,5 tonna däne saklamaklyga niýetlenen görnüşleri hem bolupdyr. Parhowlar, esasan, daglyk we dag etek sebitlerinde ýaşaýan ilatyň durmuşynda giňden ulanylypdyr.
Yanawçy-galla meýdanlaryny wagtynda sürmek, bejermek, suwarmak, ekmek, hasyly isripsiz ýygnap almak bilen meşgullanýan daýhana goşmaça meýletin kömek berýän adam.
Nekirt -galla oragyny, sürümi, ekişi başlap bermek.
Santartyk- peşgeş berlen galla harmany.
Jabdyk galla harmanyny köpçülik bolup deň paylaşmak.
Zirät- galla harmanyny paylaýjy.
Epenek hak - galla harmanyndan miraba hormatlanylyp berilyän hasyl paý.
Peýmen- gallany ýerleşdirmek üçin ýörite dokalýan, ýedi put agramdaky bugdaý sygýan çuwal.
Tugur-elekden geçmän gala ownuk däne gatyşykly bugdaý başlar.
Galbir - bugdaý däneleri elenýän elek.
Çäç - döwlenden soň atylyp, entek elenmän, harman bolup ýatan bugdaý üýşmegi. Bir atymlyk üýşmek bugdaý çäjine «maýy» diýilýär.
Harpyk- bugdaý köwzelende, tiriň içindäki däneleriň ýüzüne çykýan gabyklaryň üýşmegi.
Tir-galla öwsülýän gap.
Towza-degirmende bugdaý üwelende kilwana galla harmanynyň möçberine görä tölenýän hak.
Nerme - döwek döwlende bugdaý harmanynyň daşyna halkalanyp aýlanýan däne gatyşykly saman üýşmegi.
Girmiş-galla oragy möwsüminde daýhanlaryň birek-birege gezekli-gezegine kömekleşmegi.
Müňýyllyklardan gelip ýeten şular ýaly gymmatly mirasymyzy halkymyza ýetirmäge, ýaşlarda geçmiş taryhymyza, ata Watanymyza söýgini terbiýelemäge döreden giň mümkinçilikleri üçin hormatly Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdyp, janynyň sag, ömrüniň uzak, il bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edyäris.

Ogultagan ORAZGULYYEWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň işgari.

Edebiýat, bank tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir