Eziz Watanymyzyň tebigy baylyklaryny we gözelligini goramak, bu gymmatly baylygy geljekki nesillere yetirmek dowlet syyasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ykdysady we durmuş ulgamlarynda amala aşyrylyan giň gerimli milli özgertmeler maksatnamalary ekologiya yagdayy bilen berk bagly bolup, ahli ugurlarda adamlaryňi abadan durmuşynyň ayrylmaz şerti bolup duryar. Daşary gurşawy goramak babatda halkara hyzmatdaşlygy tutuş adamzady biynjalyk edyan wezipeleri çözmekde uly orun eyeleyan Tűrkmenistanyň daşary syyasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Yurdumyzyň BMG-niň çölleşmä garşy göreşmek, howanyň űytgemegi, ozon gatlagyny goramak, serhetűsti akyän suwlary we halkara kölleri goramak hem-de peydalanmak yaly biologik köpdűrlűlik hakynda konwensiyalary tassyklamagy munuň aydyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleyasynyň maslahatlarynda, BMG-niň durnukly ösűş boyunça “Rio+20” maslahatynda we beyleki iri halkara maslahatlarynda beyän eden netijeli başlangyçlary dűnyä bileleşiginiň giň goldawyna eye boldy. Tűrkmenistanda eyeçiligiň görnűşine garamazdan, işin ekologiya taydan howply görűşlerini amala aşyryän edaralar, kärhanalar, guramalar, şol sanda daşary yurtly edara görnűşli talaplar, olaryň şahamçalary, wekilhanalary, edara görnűşli tarapy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanyän şahsy taraplar űçin hökmany ekologiya atiyaçlandyrmasy girizildi. Berkarar döwletimiziň bagtyyarlyk döwrűniň many-mazmuny ene topragymyzyň gűlläp ösmegini, tűrkmen halkynyň oňa mukaddeslik hökműnde garamak baradaky gadymdan gelyän däplerini dikeltmegi űpjűn etmekde jemlenyär. Mahlasy, Tűrkmenistan daşky gurşawy goramagyň Bűtindűnyä gűnűni tebigat goramak ulgamynda geçiryän göwrűmli işleri bilen garşylayar, onun sesi dűnya bileleşiginde yan salyp, tutuş dűnyäde tebigatyň gözelligini doly derejede gorap saklamaga gönűkdirilendir.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir