Ine näçe ýyldan bäri kompýuter ulanýaňyz. Ýöne henize çenli klawýaturadan gözüňizi aýyryp bileňizok. Belki bu siziň professionallyk derejäňizeseize bildirmeýän halatda zeper ýetirýändir, näme diýdiňiz?Geliň bu gün siz bilen hereket edip klawýatura seretmän ýazmany öwreniň. Ynanýas, muny siz başararsyňyz. Aşakdaky düzgünler boýunça hereket edip klawýatura seretmän ýazmany öwreniň.Klawýatura seretmän ýazmak:
1. Klawýatura seretmäň. Klawýaturany ulananyňyzda siziň görüş derejäňiz dälde belki barmagyňyzyň işleýşi gerek. Mundaeliňiziň ýady işlemeli. Eger barmaklaryňyz klawýatunyň ýerleşişini dogry ýatlap galsa, işiňiz ýene-de ýenede ýeňilleşýär. Eger harplaryň ýerleşişini ýatlamagyňyz kyn bolsa we bu wagtyň geçmegi bilenem üýtgemeseonda, bir kiçijek mekirlikden peýdalanmagyňyza maslahat berilýär. Özi ýelmeşýän (ýapyşýan) kagyzy alyň (onuň ýelmeşmeginden soň hem, aýyrmak aňsat bolsyn) we hemmesini düwmelere ýapyşdyryp. Şonda siz olara seretmezlige öwrenýäňiz ýada kagyz harplary gizläp dursa, barybir hiç zady görüp bilmeýäňiz.
2. Elleriňizi düwmelerde dogry tutmany öwreniň.Sag eliň barmaklary - JKL: belgilerinde ýerleşse,çep eliň barmaklary bolsa - ASDF harplaryna dogry gelsin. (başam barmagyňyz probelden we külbike barmagyňyz bilenem Ctrl, Shift denpevdalanyň).
3. Başam barmagyňyz öz gezeginde probel üçin hyzmat edýär. Barmaklaryň hemmesi öz harplaryny bassyn. Muňa gaty üns beriň.
4. Özüňizi gyýnap, harplaryň niredeýerleşýänini ýatlajak bolmaň. Gowusy, siz haýsy barmagyň haýsy harpy ulanmalydygyny ýatlaň. Aňyňyzyň ýadynda harplar bilen barmaklaryňyzy baglanyşmagyna üns beriň, göz bilen olaryň ýerleşişini ýatlamakçy bolmaň.
5. Ýene bir maslahat, siz ulanýan klawýaturaňyzy çalyşyň. Meselem, siz kril de işleýän bolsaňyz, krill harpsyz (rus alfawitsiz) bolan klawýatura alyň. 2 hepdede gowuja öwrenýäňiz.

Tehnologiýa, Babaniyazow J tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir