Düýşüňde ýylan görseň – duşmanyň bardyr. Şol düýşüň ugruna bir sadaka ber.
**********
At münseň – myradyňa ýetersiň, eşek münseň – döwletlilige ýorulýar.
**********
Düýşüňde uçsaň – günäden saplanarsyň. Oýalykda-da hiňňildikde uçsaň, günäň dökülýär –diýilýär.
**********
Düýşüňde gyzyl eşikler geýseň – dile düşersiň.
**********
Ýalaňaç düýä münseň – kynçylyklaryň garaşýanlygydyr.
**********
Ýykylsaň, çukur ýere gaçsaň – gowy görülmeýär. Hiç zat bolman çyksaň, hiç ýaramazlyk bolmaz.
**********
Düýşüňde iti, ýylany, mör-möjegi öldürseň – duşmanyňdan dyndygyňdyr.
**********
Düýşüňde ädigiň bir taýyny galdyryp gelseň – başyňa belany satyn aldygyň bolar.
**********
Düýşüňde üstüňe jaý ýykylsa – başyňda azaply günleriň barlygydyr.
**********
Düýşüňde çäýnek görseň – aýagy agyr zenan bar bolsa, ogly bolar.
**********
Eger düýşüňde ak don geýseň, ýaşyldon geýseň – gowulyga garaş, uzakýaşarsyň, gyzyl don – geýseň, dile düşersiň.
**********
Düýşüňde aýna görseň – gyz görersin

Sorag-jogap, Babaniyazow J tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir