LÄLÄM SÖZLERIŇ


Güler ýüzüñ nur saçýar - künji dişleriň
gürläňde dür sacyar läläm sözleriñ
Ýaý bolup gurnalan gara gaşlaryň
Mayyl eder özüne jan gözleriñ

Ýa perimiñ ýa peýkermiñ näme sen
Beýhuş etdi aklymy ýar gözleriñ
Şeýle bir bakyşyň bar... aldy janymy
Kaýyl eder derde arman näzleriñ!

Assa barýañ bozman ýeriň gaýmagyn
Şol assalyk seresidir illeriň.
Saňa duşup kalbym suw deý gaýnasyn,
Söz tapylmaz has inçedir billeriñ.

Zülpiñ bezeg berýär Aý dek jemala,
Öziñ alyp barşyñ sadadyr-sada.
Haýsy ene getirdika kemala
Maýyl eder, kaýyl eder jemalyñ,
Has gymmatsyň, ýetmez belki,
Ählisin berseňem dünýede malyň.



Amangözel Gurbanowa

Edebiýat, AHALLY tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir