Türkmentelekom öz müşderleriniň hasabyny doldurmak üçiň täze usul hödürleýar. Öz telefonuňyza “TMCell Töleg” (iOs, Android) atly programmany alyp, bank kartyňyzy programma birikdirip, hasabyňyzy tutumsyz dolduryp bilersiňiz.



Hyzmaty ulanmagy tertibi:

Telefonuň iOS ulgamynda bolsa App Store-dan, Android ulgamynda bolsa Play market-den “Tmcell Toleg” ýazyp programmany almaly;Töleg üçin ulanjak “Altyn Asyr” plastik kartyňyza islendik bankomatdan SMS hyzmatyny birikdirmeli (öň birikdirilmedik bolsa)

;Programma birinji sapar gireniňde öz telefon belgiňizi ýazyp “Dowam et” düwmesine basmaly

;0877 belgisinden SMS kody geler. SMS kody ýazyp “Tassykla” düwmesine basmaly;Programma gireniňden soň “Kartlarym” bölümine girip “Altyn Asyr” plastik kartyňyzyň maglumatlaryny doldurmaly;“Hyzmatlar” bölümine girip “Telekom internet” hyzmatyna basyp hasaby dolduruljak abonentyň töleg kodyny (tölegiň kodyny bilmek üçin billingbölüminde giriň we aşakdaky surata serediň) we iberiljek mukdary ýazyp kartyňy saýlamaly. “Dowam et” düwmesine basmaly;0701 belgisinden gelen SMS kody ýazyp tölegi tassyklamaly;Tölegleriň netijesini "Tölegler" bölüminden barlap bilersiňiz;"Sazlamalar" bölüminden programmanyň dilini çalyşmak we programma kod goýmak mümkin;

Tehnologiýa, bank tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir