Türkmenistanda suwaryş işleriniň gelip çykyşy örän gadymy wagtlara degişlidir.Baryp biziň eýýamymyza çenli 4-2 müň ýyllyklarda Türkmenistanda ekerançylygyň bolandygyny,suwarymly ýerlerde olaryň bugdaý we arpa ekendigini arheologik gazyşlar subut edýär.
* * *
Amyderýa,Murgap Etrek derýalarynyň jülgelerinde ilatyň ýaşan ýerleriniň hem-de iri irrigasion ulgamlaryň galan sudurlary bu ýerde suwaryş işleriniň örän gadymlar hem dowam edendigine şaýatlyk edýär.
* * *
Änewiň depelerinden tapylan gadymy maddy medeniýet galyndylary baryp mundan 5-6 müň ýyl ozal Köpetdag eteklerinde iň bir sada görnüşde suwaryş işlerini ulanan awara awçylar taýpalarynyň oturandygyna şaýatlyk edýär.
* * *
Marynyň we Murgap oazisiniň gülläp ösmegi biziň eramyzyň ikinji müň ýylynyň başlaryna degişlidir.Suwaryş ulgamy şol wagtda kämilleşen görnüşde bolupdyr we Merw şäheri bütin oazisiň paýtagty hökmünde bütin musulman Gündogarynyň medeni merkezi bolupdyr.
* * *
Araplaryň 7-9-njy asyrlarda Merw şäheriniň tejribeli ussalaryny Messopotamiýanyň Müsüriň dürli etraplaryna çagyryp äkidendigi ekinleri suwarmagy Türkmenistanyň ýerli ilatyndan öwrenendikleri taryhda mälimdir.
* * *
Mary şäheriniň demirgazygynda gadym galalaryň harabaçylygy saklanyp galypdyr.Onuň töwereginde ägirt köp ýerleri suwaran birmahalky giň suw ulgamynyň galyndylary bar.
* * *
Gadymy Merw bilen bir hatarda Sarygamyş çöketligi bilen häzirki Köneürgenjiň arasyndaky ägirt uly giňişlikde hem ýokary ösen medeniýet bolupdyr. Şol zamanda bu oazis Horezm ady bilen belli bolupdyr. Taryhçylaryň tassyk etmeklerine görä,Horezmde suwarymly ekerançylyk biziň eramyzdan öň 1200-nji ýylda gülläp ösüpdir.
* * *
Amyderýanyň gadymy akabalary Tünüderýa,Gaňňaderýa,Maňyderýa we Suw ýaran diýen atlar bilen geçmişiň ýyl ýazgylaryna giripdir.Ol akabalar Tärimgaýadyr Zeňňibabanyň,Gäwürgyryň we Eşekaňňyran gyryň golaýyndan akyp,ol ýerleri suwarymly ekerançylygyň gadymy mesgenine öwrüpdirler.

Bilim, Waharman tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir